19:03 Hadyslar | |
HADYSLAR
Bu nähili hezil, ýaradan Jepbar, Bir salym oturmak öz eneñ bilen. "O ýerden gelen ýok" diýen bir gep bar, Bu nädogry. Ene - jennetden gelen. * * * Bir Alladan başga başyñyz egmäñ, Bu mukaddes däpdir öñden-ahyra. Hak dogasyn alan dört kişä degmäñ, Alyma, Lukmana, Pire, Şahyra. * * * Isleseñ sen at-abraýy, ýol-ýoda, Namazlyk saýyp bas basan ýeriñi. Edep altyn ymaratdan zyýada - Ol nurdan äberer islegleriñi. * * * Öýdäki metjitler ata diýeniñ, Sygynyp, üýşenip açgyn işigin. Ismi haka ýeter ata söýeniñ Iki dünýä tapar ondan gelşigin. * * * Kim oturyp, kimler turar gaşyndan, Bildiribem durmaz artyp-kemelip. Dostuñ çekilmesin saçak başyndan, Çemçe-tabak ýaly döwlüp-könelip. * * * Boş golçadan dänme, dolusyn isläp, Özüñçe bol-borsuñ köplere tälim: Seniñ sabyr bilen boşuñy besläp, Kanagatly ýörşüñ bolanda mälim. * * * El galdyryp göge dikmegin gözi, Ýeriñ derdin özüñ ýeñlet, özüñ çek. Kalbyñda ýok bolsa Allanyñ özi, Alaç ýokdur dadyñ oña ýetirjek. * * * Hemmämizem bir Hudaýyñ perzendi, Berjaý etmeli biz Onuñ erkini. Hudaýyñ islegi - her şäher-kendi, Söýgä badap, bagtly etmek her kimi. Kakabaý YLÝASOW. | |
|
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |