14:10 Iç döksem | |
IÇ DÖKSEM
Öz-özüñe göwnüñ ýetip kä halat, - Baham ýokdur - diýip öwünme, kişi. Gynanýaryn, Sözüñde ýok adalat, Bu dogry gepimden alma, teşwüşi Atanlykda çawuş eştdim bir setir, Ine, şeýle aýdylany Iç döksem: "Saña aşna, mahmal berjek üç metr, Pylanynyñ kesesinden gol çekseñ". Hawa, adam, biler bolsañ, çyn bahañ, Bir haýynlyk, Hem üç metr mahmaldyr. Ýalan öýtseñ, durmuş atly ýuwdarhañ, Ýakasyndan tutmak üçin Baş galdyr. • GOWY ADAM Risky çöpläp günlerden, Pent görmediñ kimlerden?! Urlan ýeri ýüzüñe, Geçdi çak-u-çenlerden. Galmajak bolup derde, Sesiñ gapdyñ her ýerde. Barybir gald-a seniñ Ýürek-bagryñ heserde. Ýaman işi çaşyrdyñ, Ýagşa sanyp aşyrdyñ. Asyl şeýdip jahanyñ, Akyl-huşun çaşyrdyñ. Myrryh tursa dökülip, Gyra gidýäñ çekilip, Hakykaty aýtmakdan - Şo-ol ýörüşiñ çekinip. Kakabaý YLÝASOW. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |