12:26

"Hakynatutma gulluk" sektory

Категория: Publisistika | Просмотров: 217 | Добавил: Gökböri | Теги: Güneri Jywaogly | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Persey  
397
Hakynatutmalyk gaty gyzykly taryha eýe. Ýewropada 14-nji asyra çenli döwletiň garamagyndaky merkezleşdirilen goşunlar bolmandyr, hemmesi aýry-aýry feodallaryň wagtlaýyn hakynatutma esgerlerinden we rysarlardan düzülipdir. Hat-da 1683-nji ýyldaky Wena gabawynda Osmanlylaryň döwlete degişli häsiýetli goşunyny Polşa koroly Ýan Sobieskiniň umumy serkerdeligindäki polýak-german hakynatutma ( ýagny puldan başga zat gyzyklandyrmaýan) goşuny ýeňlişe sezewar edipdir. Şol söweşde tölegi wagtynda edilmänligi sebäpli tasdanam german esgerleri yzyna gaýdan ekenler. Ýöne Ýan Sobieskiniň tutanýerliligi bilen bu bölünişigiň öňi alnypdyr. Galanynam taryh aýdyp dur.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Hakynatutmalyk gaty gyzykly tema bolmagy mümkin, ýöne Karfageniň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň ulanan hakynatutma harby kompaniýalary barada gürrüň edýän bolsaňyz, meniň pikirimçe, Russiýadaky Wagner toparyny bu gürrüňe degişli edip oturmagyň geregi ýok. Wagner hususy kärhana däl, ol Putiniň gizlin goşuny. Blekwoteri döreden iki telekeçi (öňki elita gulluklaryň serkerdeleri) ABŞ-nyň prezidentiniň adamlary däldiler. Emma Wagneri döreden adam Putiniň görkezmesi boýunça hereket edýärdi. Wagner, hakykatda, Russiýanyň harby güýçleriniň bir bölegidi. Wagnerçileriň Russiýa Goranmak ministrligi bilen umumy bazalary bardy, Goranmak ministrliginiň ulaglary bilen daşalýardy, onuň lukmançylyk hyzmatlaryny alýardylar, ok-ýaraglary Şaýgu berýärdi. Kireý edýän harby kompaniýalar kim olara pul tölese şonuň hyzmatyny edip, girdeji alyp, şonuň hasabyna öz-özüni hemme zat bilen üpjün etmeli. Öz döwletinden hiç hili gazanmadyk puluny soramaly däl, gaýtam beýleki telekeçiler ýaly, salgyt töläp, gazna girdeji getirmeli. Hususy harby kompaniýalaryň bu sypatlaryna Wagner laýyk gelmeýär. Wagner - Russiýanyň harby maşynynyň bir guraly. "Hususy harby kompaniýa" adyny bolsa göz aldamak üçin ýalandan göterýär. Russiýada beýle zat ýok, hiç haçanam bolmandy.

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Gowumy, erbetmi, nähili bolsa-da "Hususy harby kompaniýa", ýagny döwletiň öz alyp barýan urşuny hususyýetçilere potrata bermegi, olaryňam bu wezipäni "taşuran" hökmünde berjaý etmekleri rus döwletine hem, rus adamlaryna hem, umuman, olaryň ruhuna laýyk zat däl.

Wkipediýadan:
"In late 2019, a so-called Wagner code of honor was revealed that lists ten commandments for Wagner's PMCs to follow. These include, among others, to protect the interests of Russia always and everywhere, to value the honor of a Russian soldier, to fight not for money, but from the principle of winning always and everywhere.".

"2019-njy ýylyň ahyrynda Wagneriň namys kodeksi diýlip atlandyrylýan Wagneriň esgerleriniň ýerine ýetirmeli ýörelgesi görkezildi. Bularyň arasynda Russiýanyň hemişe we hemme ýerde bähbitlerini goramak, rus esgeriniň abraýyna hormat goýmak, pul üçin däl-de, hemişe we hemme ýerde ýeňmek üçin söweşmek".

Hakynatutmalaryň şygary beýle bolup bilmez. Ruslar şeýdýärler. Olar elmydama öz döwletleri, öz patyşalary üçin söweşip-ölüp gelipdirler. Şonuň üçinem hakynatutmalyk baradaky ýalan oýunlar hem olaryň kellelerini bulaşdyryp, tas döwlet agdaryşygyna getiripdi.

Bu ýerde bolsa daşky adyna aldanyp, wagnerçiler bilen baryp gadymy nubi urşujylary bir doskada goýulýar.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Diýjek bolýanym, öz döwletiň üçin gulluk etmek ajaýyp zat, emma beýle kodekse eýerýän bolsaň sen özüňe "hakynatutma esger" diýme. Hakynatutmalaryň öz kodeksi bolýar, ol kodeksde seniň bir döwlete, bir partiýa, bir ideologiýa baglanmagyň göz öňünde tutulmaýar. Geçmişdäki hakynatutmalar: grek goplitleri, italýan kondotýerleri, nemes landsknehtleri, iňlis frilanserleri, sweýsar hakynatutmalary syýasatda bitarap bolupdyrlar, kimden hak alsalar şertnama görä mohletde wepaly gulluk edip, soň öz ugurlaryna gidipdirler.

Sen ahyrky demiňe çenli Russiýa gulluk etmegi kasam edip, wagnerçi bolan bolup Afrika gidip, ol ýeriň liderleri bilen şertnama baglaşyp, soňam baran ýeriňde assyrynlyk bilen Putiniň planlaryny amala aşyrýan bolsaň, onda, berekella, rus watançysy bolup bilersiň, emma namysly hakynatutma esger bolup bilmersiň. Bir ýoly saýlamaly, ruslar "Определись!" diýýärler şoň ýalyda.

Günbatar Ýewropada halal hakynatutma hünäri grekler döwründen bäri bolupdyr, "Ömrümde çöregimi naýzamyň ujundan iýdim" diýýärdi ömürboýy kireýkeş esger bolan bir grek şahyry. Emma Gündogarda taryhy taýdan hakynatutma esgerlik ýok. Gündogaryň köp döwletlerinde bolsa iň naýbaşy goşunlar erkinlik diýilýäniň nämedigini bilmeýän, gullardan döredilýän bölümler bolupdyr (Müsürde memluklar, Osmanlyda ýanyçarlar, Eýranda gulamlar).

Mahlasy, hakynatutma esgerlik liberal dünýä bilen baglanyşykly, ruslar bolsa başga sistema degişli. Şonuň üçinem Wagner diýilýän zat hakynatutmalygyň toslama warianty bolup, şolam döwlet üçin tasdan heläkçilikli gutarypdy.

Elbetde, bular meniň şahsy pikirlerim.

0
5 Persey  
397
21-nji asyryň bulaşyk dünýäsinde öz bähbitlerini amala aşyrmak üçin döwletler kähalatda boýnuňa almagy uslyp däl ýollara hem ýüz urmaly bolýarlar. Bu ýollar adamkärçilige, ynsanperwerlige, adam hukuklaryna we döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýaly ýörelgelere düýpgöter ters bolmak ähtimallygy ýokary. Sebäbi döwlet bähbitleri hemme zatdan ýokary goýulýan döwürde döwlet öz edaralarynyň üsti bilen açyk ýerine ýetirmegi has howply ýa-da abraýyna zyýan getirmek potensialy bolan işlerde şunuň ýaly döwletiň görünmeýän goluny -meselem MRU-daky "special activities division", SWR-däki "резидентура" ýa-da Mossadaky "Kidon" ýa-da has anyk aýdylanda onuň "Caesara" ýaly eden hereketleri ykrar edilmeýän bölümleri, has täze döwürde bolsa ýokardaky hususy harby kompaniýalary ulanýarlar. Ýene bir bellik : Blackwater hususy kompaniýa diýýäňiz, emma şol hem MRU tabşyryklarynyň üsti bilen amerikan hökümetiniň meýilnamalaryny ýerine ýetirmekde ulanylýar. ABŞ-da ähli pudaklarda hususylaşdyrylan edaralar has agdyklyk edýär, islendik bir işi ýerine ýetirmekde isleseň-islemeseňem hususy taraplar bilen bile hereket edýäň.

0
6 Persey  
397
Men bulary aýtmak bilen " bu hili işleri oňlaýan" diýemok, emma bu meselede bar hakykat şudur.

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
Dogry maglumatlary beýan edipsiňiz, ýöne döwletleriň razwedka organlarynyň göze görünmeýän gollarynyň bardygy düşnükli. Olar ýaşlygyndan başlap öz ykbalyny öz döwletiniň razwedkasyna baglan, eklenji hem döwlete bagly adamlardan düzülýär. Hakyna tutma firmalary bolsa pensiýa çykan, öz hünärinden girdeji almagy maksat edinen harbylar döredýärler. Şolary ulanmagyň gürrüňini edýäris. Bu eýýäm başga mesele. ABŞ-nyň razwedka işgäri pul gazanmak üçin Ýaponiýanyň razwedkasy bilen özbaşgak işleşse, Ýaponiýa soýuzdaş hem bolsa, ýaňky işgär döwlet dönügi hasaplanar. Hususy harby firma bolsa ýapon harbylarynyň buýurmasyny ýerine ýetirip biler. Ol razwedkadan başga zat, ikisini bir aýakdan sürüp bolmaýar.

Hakynatutmalaryň ABŞ razwedkasynyň ýumuşlaryny bitirmegi bu ýagdaýy üýtgemeýär. Amerikanyň ýazyjylary hem, diplomatlary hem, iş adamlary hem MRU-niň ýumuşlaryny bitirip gelipdirler. Hususy harby firmalar hem iş adamlary, edendirler.

Meniň diýýänim: Wagner dörände döwlet tarapyndan, prezident tarapyndan döredilen. Wagneriň döwlet bilen gatnaşygy "buýurma-töleg" gatnaşygy däl. Blekwoter döwletiň hapa işlerini ýerine ýetiripdir, diňe şu analogiýa Wagner bilen ony bir tipli zat hasap etmek üçin ýeterlik däl.

"Hususy harby firma" diýen amerikan düşünjesini emeli suratda kabul edeniň bilen, Russiýada amerikan reallygy ornaşmaýar.

Ruslar öň dünýäde beýik "святой"-lar boljak bolup jan etdiler, indi beýik "злодей"-ler boljak bolup reklama goýberýarler. Wagner hem şol oýunlaryň biri. Afrikada we Ukrainada näçe kelle, barmak kesip, palta bilen kelle owradyp, şöhrat gazanjak bolsalaram "pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli" boldy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]