09:09 Hiç düşünip, hiç düşünip bilemok | |
HIÇ DÜŞÜNIP, HIÇ DÜŞÜNIP BILEMOK
Hiç düşünip, Hiç düşünip bilemok, Bu ýerde bir hili bulaşyklyk bar. Men ''bar'' diýsem, ''ýok'' diýjegne şübhe ýok. Men ýagyşy söýýän, Oñ söýýäni gar. Dört diwardyr Üçegimiz bir biziñ, Emma ol şonda-da etmeýär müýni. ''Men gaýkyny söýýän, sen kimi?'' diýýän, Ol arkaýyn jogap berýär: ''Küýküni!'' Diýýärin: ''Sen bilgeşleýin edýärsiñ, Çigişdirýäñ arkadaky düwüni''. Oñ gözlegi towuklaryñ arpasy, Men söýýärin ýöne arpa suwuny. Hiç düşünip, Hiç düşünip bilemok, Ötjek pikirimiz bir ýere gelmän. Bolmajak bolanda bolmaz ekeni, Ol-a meni söýýär! Men ony söýýän. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |