01:13 Hyrçyňy dişlemejek bolsaň... | |
HYRÇYŇY DÌŞLEMEJEK BOLSAŇ...
Ata-babalarymyzyň "Dil bela diş gala" diýen nakyly ýöne ýerden döremändir. Ynsan aýdylmadyk sözüniň hökümdary aýdan sözüniň guly diýilýär. Haçanda diliňe bek bolmagy endik edinseň hemme ýerde abraýly boljakdygyny atalar ogullaryna nesihat edipdir. Türkmen aga ozaldan asyllylygy agraslygy az sözlüligi söýen halk bolupdyr. Bu barada halk nakylynda "Ýerini bilip sözleseň ýüzüň nury dökülmez" diýlipdir. Bu söz esasanam zenan maşgalalara degişlimikä diýýän. Sebäbi zenanyň häsiýetini onuň sözi açýar. Eger sözüňde asyllylyk agraslyk bolmasa onda seniň edebiňde haýaňda hem agraslyk asyllyllyk ýokdyr öýderler. Magtymguly atamyz hem: Magtymguly tiliň sakla Habar soralmagan ýerde. Az iýgil az ýatgyl sözüň az etgil Ne bar manysyz söz uzamak bilen - - diýen ýaly setirlerinde jaýdar hem azdan manyly sözlemegi ündew edýär. Umuman alnanda söz adamy bezäbem bilýär abraýdan gaçyrybam bilýär. Şonuň üçin hyrçyňy dişlemejek bolsaň diliňi dişlemeli. Aýperi ATAMYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |