15:57

Iki prezidentiñ kyssasy

Категория: Publisistika | Просмотров: 398 | Добавил: Gökböri | Теги: Semir Ataullah | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Şeýle tablony göz öňüne getirip görüň: Sibirde 8 ýyl bäri türmede oturan (bangitlik, talaň, zorluk üçin) bir raýat Priga (Prigožin) tarapyndan boşadylyp, Ukraina urşa iberilýär. Resmi taýdan ol türmede otyr, möhleti dolýança oturmaly, düzelmek niýeti ýok, hossarlaryna "ol otyr" diýilýär, emma, elbetde, duşuşyga goýberenoklar. Tussagy Priga berip goýberenleri üçin türmäniň işgärleriniň "saly suw üstünde": belki bir gün jogap sorarlar, çünki bir telekeçini olaryň asla türmäniň howlysyna goýbermäge haklary ýokdy, ol bolsa "men Putiniň dosty" diýip geldi, tussaglaryň ýarysyny alyp gitdi. Sen bolsa bir gün ber jogaby, pensiýaňdan tamaňy üz.

Dowamy: Ukrainada bir aý söweşenden soň ol "zyk" ýigit bu ýerde diri galmagynyň şansynyň ujypsyzlygyna göz ýetirip, ok-ýaragy bilen Russiýa gaçyp gelýär (ukrain ýerleri birikdirlenden soň ol ýerler bilen arada serhet ýok). Russiýanyň çäginde ençeme wagt edenini edensoň (ýene şol talaň, zorluk, emma indi gurat ýaragly), oňa garşy rus ýaragly polisiýasy iberilýär. Ol ot açyp, birnäçesini ýaralaýar. Ol hakda žurnalistler habar ýaýradýarlar. Derňew gidip durka Priga orta çykýar. "Ol ýigit seňseläni sebäpli, azaşyp gelendir, polisiýany bolsa ukrainlerdir öýdüp atandyr" diýip, ol ýigide hem şu wersiýany tassykladyp, ony boşatdyrýar. Has geň zady: "Bu wakany žurnalistler nireden bilýär? Kim aýtdy?" diýip, ýerli häkimiýetiň wekillerine herrelýär.

Onsoň muny sen nireden bilýärsiň, peterburgly telekeçi daýy? Döwletde hiç hili resmi wezipäň ýok, çiniň ýok, ygtyýaryň ýok, emma on müňlerçe adamy türmeden boşadyp goýberdiň, olaryň käbiri Kawkaz taraplarda ganhorlyk, zorluk edip ýör, resmi taýdan türmede otyr, emma resmi taýdanam gahryman hasap edilip, hormat-sylag edilýär, ýaş nesle nusgalyk görkezilýär, näme etselerem jezasyz galýarlar.

Russiýa, häzir, ine, şeýle ýurt. Ondan öwrenere, nusga alara bir gram zat barmy? "Beýik döwlet" diýseň-ä towuklar güler.

Russiýalylar bilen iş salşyp görmedik Saharanyň aňyrsyndaky garyp ýurtlar olar hakda boş hyýallary besleýärler, emma goňşy ýurtlar olary gaty oňat tanaýarlar.

Liwanly žurnalist Russiýanyň ýagdaýy bilen ABŞ-yňky arasynda analog tapyp ýör. Ol, görnüşine görä, Amerika belet bolsa-da Russiýa näbelet bolarly. Amerikada demokratiýanyň meselesi hakynda gürrüň gidýär, Russiýada bolsa, ýokardaky sahnada görşümiz ýaly, döwletiň özi abraýyny ýitirdi. Iň gowy goşuny "zyklardan", iň gowy sekerderdesi öňki sutenýor, gahrymanlary zorlukçylar, "halas etjegi" çeçenler, çukçalar, osrak siriýalylar, ýarag berjegi eýranlylar bolan bu aglak döwletiň hiç kim demokratik bolaryna garaşanok, kadaly döwlet bolsa zor boldygy.

Onuň üçin arap doganlarymyzyň Russiýa baradaky çykyşlaryny gowy "süzgüçden geçirip" kabul etmelimika diýýän.

0
4 kungfuu  
1292
Belläp geçen faktlaryňyzyň, has takygy, türmeden boşadylanlaryň köpüsiniň Kawkazda zorluk edip ýörenleri we ş.m. hijisem hiç bir çeşmä salgylanylman "çyrşalan" zatlar.
Şundan soň indi siz belkem şol hadysalaryň "çeşmejiklerini" goýan borsuňyz, ýa sitirlän borsuňyz, olam baryp amerikan pressasynyň ýa-da orslara duşman beýleki bir döwletleriň žurnalistleriniň "gepleri" bolup çykar.
Iň bolmanda şony bir görkezmeli ekeniňiz. Bolmasa munça ýer tutduryp ýazan zatlaryňyz "köçe gürrüňi" diýilýäni bolýa.

Ýene-de, özüňiz aýdýaňyz, serýozno çemeleşmeli, bu meseleler oýun-oýunjak däl diýip. Hany, görkeziñ-dä onda öz serýoznylygyňyzy?! Hemme ýazýan (belki, içinde töhmet atylybam ýazylan bolmagam mümkin, biljek däl) zatlaryňyzy ilik-düwme ediň-dä. Syýasat - çaldy-goýdy närse dälmikä diýýän. Her aýdylan faktyň ýa çeşmä salgylanylmaly ýa-da sitirlenilmeli.

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Elbetde, Siziň delilli gürlemek baradaky talabyňyz 100 göterim adalatly, oňa söz ýok. Belli zat ki, ýaragly çaknyşygyň ýany bilen informasion uruş hem gidip dur. Onsoň eşiden zadyňy süzgüçsiz, tankytsyz kabul edip bolmajagy kel oglana-da belli, aslynda elmydama şeýdilmeli.
Uruşýan taraplara-ha iň soňundan ynanmaly. Ukrain resmileri özleriniň geçen ýyl ýaýradan
käbir habarlarynyň ruslary howsala düşürmek üçin toslanyp çykarylandygyny häzir gülüp boýun alýarlar. Bu - normal zat. Informasion uruş dünýä döräp bar, häzir bolsa has ýokary derejede
ýola goýlan. Elbetde, beýleki tarapdan, bu ukrainalaryň mydama ýalan sözleýändigini hem aňlatmaýar.
Şonuň üçin hem menem, elbetde, gerek ýerinde delilli gürlärin.
Men Size degişli diýip aýdamok, emma görýärin welin käbirleri bar: "zombi ýaşşikden" "Russiýa-1"-dan başga zada seretmändir, gören ýalpyldawyk zatlarynyň baryna ynanýar, başga çeşmeleri ýok, gözegçilik, analiz, netije çykaryş ukyby ýok, geografiýany, taryhy, jemgyýeti bilenok, birnäçe sekuntdan artyk konsentrasiýasy ýok. Ýene-de bu gün jedele başlap, özüniň üzlem-saplam, çig-çarsy, gödek-zoňtar replikalaryny "delildir" öýdüp, maňa "Senem delil tap" diýýär. Jogap berip ugrasaňam "Meniň jedel etmäge wagtym ýok" diýýär hondanbärisiräp.
Wagtyň ýok bolsa owal näme bärik "прёшься", kim seni mejbur edýär? Wagtsyz adammyş, biz, näme, bezdelnikmi?

Aýtjak bolýanym, eger özüňiz delilli gürläp, hakykat üçin düzüwli dialog alyp barmajak bolsaňyz, olar ýalylaryň talaby boýunça men özümi azara goýup, wideo material, PDF kitap iberjek bolup, zähmet edinip oturmak niýetim ýok, meniňem wagonlap wagtym ýok. Elbetde, aýdyşym ýaly, delilli gürlärin, ýöne ýaňky ýaly tipler bilen çekeleşibem oturmaryn.

Indi Size aýtjagym: birinjiden-ä, men "çyrşamok", men ýazýaryn. Sözleriňizdäki hapysalyga üns
berip, terbiýeli gürlemäge çalşyň. Entek meni ýalançylykda tutan ýeriňiz ýok. Ikinjidenem, sözlerimi ýoýup, karamlyga baş urmaň: men "türmeden boşadylanlaryň köpüsi" diýemok, "käbiri" diýdim, täzeden serediň.

Howa, şolaryň käbiriniň eýýäm jenaýat edip, jezasyz gezip ýöreni barada kän aýdyldy.
Öldürenleri pensioner, akyl taýdan näsag, özem köplenç milli azlyklar. Zenanlara zorluk edýärler. Polisiýa getirilende olar bilen gaýtam selfi çekilip goýberilipdir gahrymanlar
hökmünde. Şol şäherlerde demonstrasiýalar hem boldy olaryň eden-etdiliginiň garşysyna.
Delilmi? Men ol habarlary сохранить edip goýamok birine görkezerin diýip. Emma ynha, şolar barada golaýdaky habar (suratlar we dokumentleri hem bar):

0
7 kungfuu  
1292
Siziň aşakdaky birgiden zadyňyzyň ýazylmasy gerek däldi. Indi döwür ösd-ä, ssylkasyny goýýaň, men bassam şoňa geçýän. Siz düşünmänsiňiz. Size "nirden okan bolsaňyz şony kopýalap bärik ýelmemeli" diýmedim, diňe "pylan istoçnigiň habaryna görä" diýip, şony görkezmegiňiziň maksadalaýyk boljakdygyny aýdypdym.

Siz terbiýeli, ýaňsylaman gürleseňiz, men dwaždy terbiýeli bolýan...

Siz tarapdan ýaňsylap aýtdyňyz diýip hasap edýän faktymyň, ýagny Russiýanyň ykdysadyýetiniň Meksikaňkydan beter uly däldigi barada nirede ýazylan bolsa şu ýere link-ini goýaýyň. Şondan soň men bu gepiň ýaňsy däldigine göz ýetirerin. A tak...

Ýene-de, siziň teswirleriňiziň birinde gözümden sypan zat, Russiýaňyň "G20"-ä girmeýändigini ynamlylyk bilen aýdypsyňyz. Nireden okadyňyz şolar ýaly maglumaty?
Diňe teýene, gyjalat siziň teswirleriňiziň köpüsi.

0
6 yaran_yagmur_9  
1578
В России насмерть забили камнями двух "вагнеровцев", недавно вернувшихся домой
07.08.2023, 12:56
В Краснодарском крае РФ, в ночь на 5 августа, насмерть забили двух "вагнеровцев". Их
забросали камнями в районе населенного пункта Туапсе.
Об этом сообщают местные Telegram-каналы, публикуя фото трупов на месте обнаружения. Наемники после возвращения якобы занимались рэкетом в Туапсинском районе.
“5 августа около 3 часов ночи неизвестные напали на мужчин 41 и 38 лет. Их забили до смерти камнями у реки близ села Дедеркой. Оба мужчины были “вагнеровцами”, они
недавно вернулись домой и якобы занимались рэкетом в Туапсинском районе. В розыск
объявлены четыре гражданина России", – пишет один из российских пабликов.
Еще одно российское издание сообщило, что "местные жители пишут в чатах, что убитые
были замечены за грабежами и были “очень опасны”. По данным русскоязычного азербайджанского издания haqqin.az, с двумя убитыми
мужчинами был еще третий, 21-летний россиянин. По некоторым данным, он также в свое время был наемником. Этому россиянину удалось сбежать, сейчас он в больнице.
Haqqin.az также пишет, что по подозрению в совершении убийства разыскиваются
четверо этнических армян: Устян Карен, Тулумджян Вартан, Экзарян Альберт, Туркменян
Артём.

Görşümiz ýaly, öňki wagnerçiler etniki azlyklara zulum edýänleri üçin indi olaryň garşysyna ýaragly göreşip ugrapdyrlar. Iki-ýeke fakt bolsa başga gürrüň, şuňa degişli maglumat kän berildi.
Ýogsam haçan, haýsy ýurtda weteranlary üýşüp öldürýärler, juda halkyň degnasyna degmeik
bolsalar. Bu öňki wagnerler беспредел gidenler. Ol zyklardan weteranam bolmaz aslyýetinde.

Zorlukçylaryñ gahryman edilýändigi hakynda bolsa Вадим Шахматов we Евгений
Чернокнижний diýip поиск beräýiň. Amerikan pressasy däl, Meduza hem berendir olar hakda.
Öz obasynda olar gahryman hasaplanýar, ýadygärlik doskalary hem goýlan, bular resmi suratda.
Eden zorluklaryny bolsa (şol sanda 4 ýaşly gyzjagaza) özleri wideo düşüren ekenler. Gahryman
hasaplanyşlaryny aýdýaryn, ýogsam aýdyp oturjak bolsaň beýle jenaýat kän edilen.

Ýadygärlik doskalary oturdylan beýleki "gahrymanlar" barada hem "guglit" edäýiň: öz garryja ejesini ýenjip öldüren Дмитрий Донцул, diňe bir çozuşda 12 adamy öldüren bandanyň aktiw agzasy Станислав Лобянов.

Häzir Russiýda beýle adamlaryñ hyzmatyna mätäçlik çekilensoň, olara ýarag berlip, urşa ugradylýar, ölensoñam ýadygärlik doska goýlup, gahrymanlar hökmünde öňünde çagalar nyzama durýarlar.
Çünki Russiýanyň ýaş ýigitleri beýle urşa gatnaşmak islemeýärler.

0
2 Injener  
1
Demokratiýa sözüň terjimesi, halkym-hökümi diýýärler. Ýöne halkyň hökümi söziň hakyky terjimesi ohlasa-kratiýa bolmaly. Demo kratiýa hakykatda demonlaryň hökümi diýen manyny berýä öýdýän? Arwahlaryň hökümi, biziň dilimize geçireňde.

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Degişmäňize düşünýärin. Emma gadymy greklerde "demos" - "ýönekeý halk", "daimon" - "şeýtan, iblis" manysyny beripdir. Häzir demokratiýany "şeýtanlaşdyrmak" üçin söz oýnadýanlar kän. Özüň netije çykarmaly.

0
8 Osman  
1527
Uruşasyñyz gelipsniz öydyan @saylaw içiniz byjyklap dur garşydaşyny tapman önem şu yerden almytynyzy alypdynyz öydyan kitapcy.com saytynyn agzalaryndan indi gaydyp geljek dal diyibem yene gelip gyjalat beriji ahende yazyanyz bu yere gelip ajy zaherinizi dökenden gidip politikany öwrenin köprak.

0
9 sylapberdimuhamov  
1428
Halklaryñam ýalñyşýan ýeri taryhda juda köp. Gitler Germeniyasyny alaýyñ mysal üçin. Faşizm iseologiyasyna añyny aldyran millionlarça nemes dünýäniñ garabasmadyna öwruldiler. Häli häzirem nemes diýseler aý nemis bolsa düzüwli däldir diýýän adamlar seýrek dâl.

0
10 Ependi  
284
Tramp gowusyny etjek boldy, Russiýa bilen aragatnaşyk saklajak bolup. Prezident bolanyndan başlap, onuň ýasama prezidentligine, Ruslaryň Facebuk-yň üsti bilen ses berip, wzlomlap, "ýalan sesleri" anyklaýyşlary ýaly. Ol ýasama prezident däldi. Baýdeniň oglunyň Ukrainada nähili işler alyp barýandygyna çenli tankyt edýärdi. Alyp ýatdylar. Ol garry ýaşogyňam (Baýden hakynda aýdýan) dört ýyldan aňry gitjek gümany ýok, eýýam dişlerini çarhlap otyrlar. Tramp hem Kennediň gününe düşdi diýsek ýalňyşmarys. Ýene birzat, Amerikada indi 8 (sekiz) ýyllyk prezident saýlawy bolmajagynada doly güwä geçýärin. Sebäbi, dünýe bulaşyp barýar, yzly-yzyna herhili wakalar çykýar, onsoňam, şol 8 (sekiz) ýyl has hem ýüregine düşýär halkyň. Soňra muny, saýlaw üçin 2 (iki) ýyla düşürjeklerinem çaklamak kyn däl. Bu entekler bolmaz, ýöne, şeýdip durulsa, uzagyndan bolar. Umuman aýdanyňda, Tramp gowy prezidentdi.

0
11 Osman  
1527
Şü amerikan liderleriniñ şunysy-ha gowy diyip biljegim yok, sebabi dünyani elimiñ ayasynda diyip pikir yöredyaler, öñimize çykjagy yok diyip, baran yerlerem hatardan çykya. Siriya, Owganystan, Liwiya yaly sanasañ köp bulaşyklyk edyani ABŞ-nyñ haysy liderinde yok şulary etmedikleri.?!

0
12 yaran_yagmur_9  
1578
Dogry, men Russiýa-1-niň zombileri hakynda Siziň bilen jedel bilen baglanyşykly aýdypdym, ýöne ol aýdylan zatlaryň diňe "jogapkärsizlik, agyr temany oýna öwürmek, ýerliksiz wäşilik" üçin igençler Siziň adresiňize degişlidi.

Men Sizi tanamok, dünýägaraýyşlaryňyzy hem bilemok. Hatda şol "dilegiň" Size degişli häsiýetden gelip çykandygyny ýa-da Size kän mahsus bolmadyk hereketdigini hem, çyn niýetden aýdylandygyny ýa-da ähmiýet bermän howaýy aýdylyp goýberilendigini hem bilemok. Auditoriýany janlandyrmak ýa-da dymyşlygy bozmak üçin meniňem oýun-henek zatlary orta oklap goýbermegim mümkin, bu bolýan zat. Ýöne, tötändenmi, nähili bolsa-da şol ýalanmy-çynmy "dilegiňiz" bilen Siz özüňizi urşuň tarapdarlary, agressiýanyň waspçylary, genosidiň armaçylary, expansion-ýaýylmaçy "russkiý miriň" wagyzçylary bilen bir doskada goýup, meniň ýaňsyly jogabymy we soňam artykmaç gyzmarak tankydymy prowosirlediňiz. Bolan zat şu. Dünýäniň olar ullakan oýunçylary barada kän oýlanman simpatiýa ýa-da ýigrenç beýan etseňiz, elbetde, haýsydyr bir tarapdan üstüňize daş gaýdar.

Özbegistanda häzir sežde edilýän iň mukaddes şahsyýet - Teýmirleň. Ýerde gökde goýanoklar. Emma türkmenlerde, eýranlylarda, hindilerde... onuň ady ýigrençden başga duýgy oýarýarmy? Bolanda näme genial serkerde? Merwi tep-tekiz edip giden adama biz näme üçin guwanmaly? Biziň hakydamyzda ol diňe agyry oýarýar. Prigožiniň keşbi hem ägirt köp ynsan pajygalary bilen baglanyşykly. Eger dünýä internet giňişlugine çykyp, ol hakda mähirli bir zat diýseňiz, meniň igenjim dagy ýagyşyň ýanyndaky damja bolardy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]