13:29

Itden uýada garaşmalymy?!.

Has Türkmeniñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Çarşenbe, 31.05.2023 ý.


Öñräk gymmatbahaly daşary ýurt awtoulaglaryna aşa janköýer bir işdeşimiñ telefonda ChatGPT-mi ýa şoña meñzeş başga bir ulgammy bilemok, garaz, gyzyklanýan ugruna degişli islendik sowalyna zenan sesli robot jogaplaýjydan jogap alyp durşuny biperwaýlyk bilen synlapdym we şonda howatyrlanylýan beýleki ugurlar boýunça-da munuñ getirjek netijesi barada az-kem oýlanypdym.
Meselem, pynhan gatnaşyklar boýunça islendik soragyna jogap alyp, robot gürrüñdeşine höwrügen kimdir biriniñ gözüne real durmuşdaky tanyş-bilişlerinden, dost-ýarlaryndan ybarat sferasy gyzyksyz görnüp biler...
Kän wagtam geçmedi. Kitapçy saýtynda emeli añly robotlaryñ dogry we nädogry maksatlar bilen ulanylanda getirjek netijeleri barada maglumat bermek maksatly dürli materiallar paýlaşylyp ugraldy. Elbetde, materiallaryñ arasynda okyjylary bimaza edip biljek materiallar hem bar. Garaşylşy ýaly, maña tanyş we nätanyş agzalardan emeli añ we robotlar hakdaky soñky bloglardan birahat bolandyklaryny aýdýan birnäçe hatlar gelip gowuşdy. Biz olara-da dogry düşünýäris. Şunuñ bilen baglanyşykly bir zady anyk bilýärin: biziñ halkymyz ýaly salyhatly, agras, edep-ekramly halk dünýäde az-az. Bu magtanma däl, hakykat. Munuñ şeýledigini daşary ýurtlara we beýleki halklara belet ildeşlerimiz gowy bilýändir. Arada Magtymguly Pyragynyñ günlerine Eýrana gidip gelen ildeşlerimiziñ biri hem munuñ şeýledigine güwä geçip, başga halklaryñ çagalary bilen deñeşdirende, umuman alanda biziñ çagalarymyzyñ sadadan gelen arassa, akylly, göwni kir-kimirsiz bolýandygyny, zehinli we ene-atanyñ aýdanyny iki gaýtalatdyrmaýandygyny, göwnünde okuwdan ýa-da eklençden başga pikir ýokdugyny buýsanç bilen belläp geçipdi.
Bir gezek belli suratkeş Maral Annanurowa türkmen halkynyñ uçursyz edep-ekramly, ejaply bolandygyna ünsi çekip, halkymyzyñ "Ite-de uýat ýagşy..." nakylyny gapysyndaky itiniñem uýatly bolmagyny isläp döredendigini aýdypdy. Selkildäp ýören itden uýada, edebe garaşyp bormy? "Aýgytly ädim" çeper filmindäki Eziz hanyñ dili bilen aýdanda, "it itdir-dä", oñam bir edebi bormy... Türkmen ýöne ýere-hä itiniñ edepli bolmagyny islän däldir. Asyrlaryñ dowamynda sünnälenip gelnen az sözli uz nakyllarymyzyñ her biriniñ añyrsynda düýpsüz umman ýaly many-mazmunyñ ýatandygyny göz öñüne tutsak, onda şu nakyly-da halkymyzyñ boş ýere aýdyp goýbermändiginj bilse bolýar. Belkäm, şoñ üçin häsiýetli we wepaly türkmen alabaýlarymyzyñ tohumy beýleki itleriñ tohumyndan göz-görtele saýlanýandyr? Kim bilýär...
Biz nämüçin halk derejesinde kemçiliklerimizi, agsaýan taraplarymyzy, artykmaçlyklarymyzy we buýsançly taraplarymyzy sosiologik we psihologik taýdan öwrenemzok, seljerjek bolamzok?
Bolan-u-bolmadyk artykmaçlyklarymyzy-ha agzymyzy dolduryp aýtmany gowy görýäris, magtanýarys, emma kemçiliklerimize, orta alyp düzetmeli nogsanlyklarymyza gezek gelende welin, dymýarys, bukýarys, töwekgellik edip aýtmaga synanyşany-da ýok aýyplar bilen garalamaga synanyşýarys.
Meselem, internetiñ gündelik durmuşymyza ymykly aralaşmagy bilen şugünki ýaş oglan-gyzlaryñ aglabasy Instagram, TikTok, Imo we ş.m. sosial ulgamlarda wagtyny köp geçirýär. Munuñ peýdaly netijelerinden has beter zyýanly netijelerini eýýämden biziñ hemmämiz görübem, bilibem ýörüs. Gynansak-da, biz gürrüñi gidýän ulgamlarda söwda-satyk ýa mahabat maksady bilen girýän ulanyjylary hasaba almanda, ýaşlaryñ ünsüni özüne çekip biljek we peýdaly maglumatlary paýlaşýan ýeke ulanyja gabat gelemzok. Şoña görä hem, bütin bu zyýanly netijeleriñ gerimi giñedigisaýy, saýtda käbir okyjylaryñ birahat bolan soñky emeli añly we robotly bloglarynda gozgalýan meseläniñ hem bir gyrasynyñ biziñ ýaşlarymyzdan sowa geçmejekdigi görnüp duran zat. Hut şu ulgamlar biziñ ýaşlarymyzy ep-esli derejede uýatsyzlaşdyrdy. Hut şularyñ üsti bilen tenine nyrh kesip ýören gyzlaryñam bardygy gizlin däl. Ýüzbe-ýüz bir gezek görmedik, tanamadyk adamlary bilen sosial ulgamlarda agza alynmajak hapa-paýyş sözleri ulanyp, urşup-sögüşip ýören oglan-gyzlary göreniñde-hä, gynanç bilen hyrçynyñy dişläp oturmakdan başga alaç tapmaýañ. Eýse biz şeýle halkmydyk?
Bela-beteriñ nirden geljekdigini bilip, şoña görä gorag halkamyzy galñatmak, deşilip ugran ýerlerimizi ýamamak has dogrusy dälmi? Meñ pikirimçe kitapçyda robotlar hakdaky paýlaşylýan maglumatlar üçin ynjalykdan düşerlik zat yok. Dünyaniñ ugry niräk? Biz onuñ niresinde? Iru-giç biziñ jemgyýetimize hem aralaşyp biläýjek şeyle zatlardan biz nahili goranmaly... Edil häzirki taýýarlygymyz nähili? Kanagatlanarlymy ýa gowşakmy?
Belkäm, degişli ýerlerimiz, bu boýunça işlemeli adamlarymyz häzirden kelle döwmelidir...
Tutuş bir nesil ýitip barýar. Azgyn sosial ulgamlar we wirtual hemdemler gözümize basa-basa ýaş oglan-gyzlarymyzy elimizden alýar. Öñ neşe belasy bir tapgyr neslimiizi elimizden aldy. Ondan ýañy saplandyk diýsek, bu gezek has beter we inçeden yzarlaýan bela-beter bilen ýüzbe-ýüz bolup galdyk. Özem neşe ýaly bir gelip-bir sowlup gitjek zadam däl. Geljegimizi ösen tehnologiýadan, emeli añdan, robotlardan, internetden sowa göz öñüne getirmek mümkin däl. Şol esasda jemgyýetçilik durmuşymyzy nähiliräk gurnamaly bolarys? Gadagançylyklaryñ derdimize çäre bolmajakdygy hemmämize belli hakykat.
Şu zatlary bilmänimiz bilen, gulagymyza pagta dykyp ýa kellämizi goltugymyza salyp, "dünýäde näme bolanda bize näme" diýip ýatanymyz bilen-ä, hemme zat öz-özünden gülala-güllük bolaýmaz, başga halklaryñ nogsanlyklaryndanam halas bolup bilmeris.
Şugunki gün yaşlar hemme zady bilmeli, yagşyny-da-yamany-da. Şoña görä-de taýýarlykly bolmaly.
Meniñ pikirim-ä şeýle. Siziñki nähili?
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 342 | Добавил: Moderator | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 4.4/7
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Şirhan  
49
"Mmmbäh"- diýdirýän meseleler gozgalypdyr...
Edil öz pikirimä robotlar barada alada galyp oturasy iş ýokmyka diýýän. Sebäbi gowylyga ýa-da erbetlige (öz düşünjesi boýunça olam gowylyga) hyzmat edýän adamlar öňem bolupdyr, häzirem bar, gelejekde-de bolarmyka diýýän. Olaryň ýasan robotlary hem özüne meňzeş bolarda. Dagy näme "Alma - agajyndan daşa düşmez" ahyryn.
Magtymguly atamyz:
"Ýagşy oguldan rehnet arygy akar,
Näletkerde ogul dogdy, dogmady."
- diýýär.
Şol aýdyşy ýaly, "ýagşy ogullar", rehnet getirjek robotlary ýasasalar durmuşymyz kynlaşman, gaýtam aňsatlaşarmyka diýýän.

0
2 baharaliyeva39  
1028
Gaty giňiş tema bu ele alan işiniňiz, ýazgyňyz. Aýtyanlaryňyz örän jaýdar we nädogry däl. Ýöne hemme zatdan öň biziň, ýagny iň bolmanda Musulman ildeşlerimiziň käbir zatlary bilmesi zerurdyr.
Perişdeler amallarymyzy, hat alyşmalarymyzy we sosial media we wirtual dünýädäki paýlaşan zatlarymyzy amallar kitabymyzda ýazanlygy sebäpli, (وَاِنَ عَلَيْكُمْ لَحَافِظٖينَۙ كِرَاماً كَاتِبٖينَۙ يَعَلَمَ َََََََ) köpsanly platformalar we internetde Musulman hökmünde özümizi alyp barşymyz we ahlagymyzy gorap saklamak möhümdir.
İnternet eýýamynda nämedir käbir zatlaryň öňüne geçmek mümkin bolmasa-da, her bir maşgalada ( kiçijik döwletiň) düzgünleri, tertipleri, çaga terbiýesindäki yhlasy bar bolsa netijeler gowylyk bolar diýip çak edýäris. Adamoglynyň çilesi, synagy gutarmaz. Bizleri, ýaşlary, çagalary Alla goranlaryň içinde eýläwersin.

0
3 Şirhan  
49
Internetdäki paýlaşylýan, goýulýan zatlar, umuman häzirki döwürde deň-duşlarymyzyň, jigilerimiziň, doganlarymyzdyr agalarymyzyň "wirtualda" özüni alyp baryşy barada pikirim şeýleräk.
Dogry begenen, şatlanan güniñ, doglan gün ýada toý-baýramda düşen suratlaryňy, wideolaryňy internetdäki dostlaryň bilen paýlaşyp bolar. Ýöne gereginden artykmaç özüňi mahabatlandyryp (reklama edip) surat ýa-da wideo goýmak gerek däldir diýýän. Hemem "wirtualda-da", "realda-da" şol bir boluşyňy saklamak iň bir zerur zat bolsa gerek. Ýeri däl bolsa bagyşlarsyňyz. Ýedi-sekiz ýyllykda öňki ertir.com-yň bir agzasy bilen duş gelipdik. Ol "ertir.com-da" elmydama Coca-colany halamaýandygyny, oňa derek şerbet içýändigini ýazýardy. Dürli mysallar getirip, Coca-cola-nyň zyýanlydygyny düşündirýärdi. Şol gezek duşamyzda, kafede otyrkak beýleki zatlaryň ýany bilen Coca-cola-da getirtdim. Ol hiç hili reaksiýa bildirmedi. Coca-colany meniň bilen deň paýlaşdy...
Ýokarda-da aýdyşym ýaly, eger-de başartsa internetde-de, hakyky durmuşda-da şol bir boluşyňy saklap bolsa gatybir wejeralyk bolmazmyka diýýän... Galanynam bilmedim...

0
4 Injener  
1
1000 ýyldan öň şu ýerler şular ýalydy we ýene 1000 ýyldan hem gelip görseň hiç zat üýtgär öýdemok

0
5 kungfuu  
1292
Bu ýere gelip, şu we şuňa meňzeş makalalary okaýanlaryň, öz pikirini ýazýanlaryň, jedelleşýänleriň aglabasy şu zeýilli temalara aňrujy bilen düşünip, şolary amal edýän ulanyjylar. Bärik şol zatlaryň düşündirilmesi möhüm adamlary köpräk getirmeli.

0
6 kungfuu  
1292
Umuman, bu pabligiň örüsi dar.

0
7 Remezan  
1397
Gowy tema, bizde öñden ahyry ula hormat, kiçä hezzet diýilýän söz bar.

Ýöna geljekki ýaşlar diýenimizde dürli topara bölüşdirseñ gowy.

Özi ahlakly ýaşlar, virtual durmuşda erbet bolup görmek hyýaly bilen erbet häsiýetli bolmak, käsiniñki tersine, edeplisi realda nähili bolsa, virtualda hem şeýle bolýanam az däl. Ýöne, has agras akylly oglan gyzlar şu aýtýan saýtlaryñyzda sosial medialarda görünmezem. Görmezem.

Olar añyrdan gelýän geninde akýan arassa halal, agraslyk we hakyky Türkmeniñ ar-namysyny saklap bilýän ýaşlarymyz az däldir.

Onuñ ýaly terbiýeliler peýdaly saýtlarda hem seýrek görünýär.
Aramyzda şeýle agzalar ýok däldir...

Erbet häsiýetliler öñem düzedip bolmandyr.
Emma öñüni aljak bolmak gowy pikir.

Hemmäñize üstünlik!

0
8 sylapberdimuhamov  
1428
Amerikada yewrey maşgalalary öz çagalaryna diñe yonekey telefon götermâge rugsat berýärmişler. Hem internet ulgamynda diñe kitаphanalara girmäge dostup berilen. Onuñam wagty çäklendirilen.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]