20:44

Jelephanalardan çykmadyk ýazyjylar

Категория: Publisistika | Просмотров: 447 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Bagabat  
43
"Jelep" sözi türkmen diline arap dilinden geçen söz bolup, "zella biýe - büdrän, ýykylan, süsseneklän, ýalňyş ädim äden, betbagtçylyk" diýen manylary aňladýan eken.

0
2 Bagabat  
43
Osman aganyň (Osman Ödäýewiň) "Ahlaky jübütlikler" atly makalasynda, Döwletmämmet Azadynyň "Wagzy-Azat" eserinde beýan edilen bir dini rowaýat gürrüň berilýär. Ol rowaýata görä, adam ölenden soň onuň ýanyna sorag perişdeleri Müňkür bilen Nekirdenem öň Duman atly perişde gelermiş. Ol gelibem adama: "Dünýäde eden ähli ýagşy-ýaman işleriňi ýaz!" diýip emr edermiş. Şonda adam pahyr: "galamym-da ýok, kagyzym-da" diýip bahana edinjek bolarmyş. Onda Duman perişde diýermiş: "Kepeniň - kagyzyň, ganyň - syýaň, galamyň - barmagyň! Ýaz!". Şonda-da adam pahyr gönüsinden geläýmän hilegärlik edip, ähli gaýran işlerini ýaman çalt, gysgajyk ýazyp bolarmyş welin, Duman perişde ony ur-tut ýençmäge başlarmyş. Onsoň pahyr bolan bende özüniň näme üçin soragsyz-beýlekisiz, ýüzüniň ugruna ýenjilip ugralandygyna düşünmän zarynlarmyş:
-Eý Allaň melegi, meni neçün urýaň? Men namaz okadym, roza tutdum, zekat berdim, şerigatyň parz eden ähli işlerini berjaý kyldym. Sen bolsa meni ýençýärsiň.
Onda Duman perişde diýermiş:
-Seniň aýdýanlaryň dogry. Ýöne sen, ýadyňa sal, bir zalym mazluma sütem kylanda goşulman, lalyňy açyp durmadyňmy, aglap duran ýetimiň deňinden biperwaý ötmediňmi? Ýadyňa düşýärmi, näçe gezek göz-görtele adalatsyzlyga gözüňi ýumup ýaşadyň?
Ine şonda-da, wepat eden bendäň biçäre ruhy Duman perişdäniň aýdýanlaryna gaýtargy tapman, agzyna suw alan dek, lam-jim bolarmyş...

Öňde biri aýtmyşlaýyn: "Indem çyn ynsanlygy kapyr eden jahanda...", biziň her birimiz özümiziň ynsanlygymyzy agtaryp ýörüsmi ýa-da seçip ýörüsmi?
Hudaý bilsin.

Osman aganyň şol makalasy bolsa, şu salgyda ekeni: http://kitapcy.ru/news/ahlaky_jubutlikler/2019-02-09-5158

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Makala ýaramady. Aslynda bu makaladan bölek ýaly göründi. Maglumat bazasy. Başga zat dâl. Ýazyjynyñ öz nukdaýnazary ýok. Edebiýat sungat adamlarynyñ şahsy durmuşy bilen baglanyşykly "garrap giden gybatlar". Men hiç bir informasiýany inkär edemok, emma olary aýtmak bilen yazar ýa źurnalist jemgyýete näme ýetirmek isledikä bilemok?!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]