06:43 Kakama hat & Ejeme | |
Aknur ROZYÝEWA
▶ KAKAMA HAT Kaka, bu ýerler-ä sowap başlady, Egne ýyljak penjegiňi geýdiňmi? Garaňky-da ir gatlyşýar daşarda, Sary ýapraklaram bir çak tüýdüldi. Hä diýmänem bu ýerlere gyş geler, Usurgan pursatlaň serin sämedip. Erteki deý çagalygma dolanýan, Lowlap ýanýan pejimize äňedip: «Kaka, eger odunymyz gutarsa, Aýdaýsana, onsoň näme ýakarys» diýip oýurganýan üşek gyzyňy Köşeşdirşiň: «Ähli odun gutarsa, Asmandan bir ýyldyz getireris-de, Pejimize salyp, otlap goýarys. Ýaz düşdügem ýene öňki ýerine Eltip geleris» diýen günleriň. Hemem şol günlere ynanan gyzyň Ýyldyz hakda arzuw edip ýaşaýşyn. Her gezek daşarda döweňde odun, Kösenşiňe dözmän seredip durşum, Hem gijeler ýyljak pejiň başynda Şorja şänik döwüp beren günleriň. Gar ýagdygam egne atyp penjegiň, Bosagadan tamdyra, Onsoň goňşulara çen, Gar arçaýşyň söýüşim. Indem şol günlerden juda uzakda, Bu ýerleriň Sensiz gyşlary bilen, Ah, şeýle bir şol günleri küýseýşim, Hemem Saňa meňzeşdigme buýsanşym, Bilýäňmi, kaka?! ▶ EJEME Ýazda gül ýaganda eriklermize, Ýene şol kyssany aýtsana eje! Oýansa bu daňlar melekler bile, Ýene şol kyssany aýtsana eje! Kakyp syrly günler gapylarmyzy, Älemgoşar guçup ýapylarmyzy, Güller gark edende ýapylarmyzy Ýene şol kyssany aýtsana eje! Ýaýyp dünýä ýaşaýyşyň lezzetin, Dymmalygy gizläninde gözýetim, Unutdyryp yşgyň beren ezýetin, Ýene şol kyssany aýtsana eje! Hyýallarym aňlap didelerimden, Kaýyllygym duýup bijelerimden, Gabanman galamly gijelerimden, Ýene şol kyssany aýtsana eje! Bilmen ne çyn, näme ýalan ömürde, Sowallygma geňirgenmän göwünde, Meni dünýäň düýşlerinden oýarda, Ýene şol kyssany aýtsana eje! | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||