20:32 Kalbyň sesi | |
KALBYŇ SESI
Älem! Baglaryň säher bilen çygly ýapragy biri birine degmän gezekleşip ýere düşýän ýagyş damjalary älemgoşaryň el bilen çekilen ýaly dürli reňkli öwüşgini asmanyň çüýşe ýaly durulygy bulary görmek neneňsi bagt. Ynsan gözleri batyl bolsa şu gözellikleri görmekden mahrum bolmak hemmeleri eýmendirýä. A kalbyň gözüniň batyl ýada gapyl galmagy hakynda nähili pikir edýärsiňiz. Kalbymyzyň gözi bilen biz näçe gözelligi ynsanyň gursagynda göterýän ýüreginiň ak ýada garadygyny niýetiniň päk ýada kirlidigini görüp bilýäris. Käşge kalbymyzdada goşa dide bolsady ýa-da oňa hem äýnek dakyp bolsady. Biz şonda gör nämeleri görmekden mahrumdygymyza göz ýetirerdik. Ýaradan hiç birimiziň kalbymyzy batyl goýmawersin! Gulsara BAGYROWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |