07:43 Köñül köşgüm | |
KÖÑÜL KÖŞGÜM
Men özümiñ söýgi atly dünýämde, Şeýlebir köşk gurdum güllere besläp. Aýna bakyp gara saçym daradym, Gözüm ýolda goýdum geleriñ isläp. Günüñ şöhlesinden basgançak ýasap, Arzuwlarym arşy-agla ýol saldy. Bilmedim, gör, kimler päk söýgimize, Hile gurap, ýalan bilen al saldy. Ýyldyrymyñ uçgunydy düşen ot, Söýgimi ahmyryñ alawyna ýakdy. Seniñ birmahalky gara gözleriñ, Ah, gör-ä, kimlere ýar diýip bakdy. Indi umydymyñ üzlen monjugyn, Gaýtadan bir ýüpe düzüp bilmerin. Arzuwymda köşk gursam-da gaýtadan, Señ adyñ üçegne ýazyp bilmerin. Bahar TOSYÝEWA. "Garagum" žurnaly, 3/2014 ý. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |