16:28

Külpetiñ dili ýok

Категория: Publisistika | Просмотров: 180 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Öz milletiniň çeken külpetlerini dile getirip, gerek ýerinde jar etmek, elbetde, žurnalistiň borjy. Häzirki informasion uruşlar eýýamynda ol käte wajyp wezipä öwrülýär. Meselem, ikinji (44 günlük) Garabag urşy döwründe azerbaýjan žurnalistleri bu ugurda ýokary derejede işläp, öz ýurdunyň alyp barýan göreşiniň adalatlydygyna köpleriň düşünmegini gazandylar. Dürli dillerde düşündiriş alyp baryp, garşy tarapy paş etdiler.

Şeýle ýagdaýda degişli adamlaryň netijeli işläp, iş bitirmegi gowy zat.

Emma türkleriň tutuş millet derejesinde beýleki halklardan çeken ýaralary hakda az ýatlamagy, muny öz mertebesine laýyk görmezligi ýaly häsiýeti türkmenlere-de mahsus. We bu ýazgarylmaly däl.

Taryha ser salyp görsek, diňe owgan halky bilen diýäýmeseň, töwerekdäki halklaryň türkmenler bilen söweşmedigi we iki tarapdanam pida çekilmedigi ýok. Halkymyza garşy edilenleriň käbiri genoside örän meňzeş. Türkmen kellelerinden salnan minaralaryň boýag bilen çekilen suratlaram (Nedir şa döwründe, fransuz tarapyndan çekilen), kesilen türkmen kelleleriniň fotosy hem (XX asyra degişli) bar. Emma şeýle materiallary biziň halkymyzyň özi ýaýradyp ýörenok.

Makalanyň awtory näme diýse-de, şeýle häsiýet halkyň gaýtam asyllylygyndan, mertebeliliginden gözbaş alýar. Zerurlyk ýok ýerinden öz ýaraňy we ýene biriniňkini gorjap başlamagyň näme manysy bar?

Käbir halklar köplenç şu bilen meşgullanýarlar we olary kesesinden şeýle görmek geň galdyrýar. Kawkazyň bir maşgalasynda nahardan soň doga okalşyny görkezdiler: taryhda özlerine zyýan ýetiren hemme halklaryň (parslar, araplar, mongollar we yzy gidýär) adyny tutup, näletleýär ekenler.

Omar Haýýamyň "Dowzaham, jennetem öz içimizde" diýýänine barýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]