17:05 Legendar jandarlar -3: Aždarha | |
TÜRKMEN EDEBIÝATYNDA LEGENDAR JANDARLAR ■ Hunlaryñ mekany ~ aždar şäherleri Aždarha diýlende köplenç Hytaý medeniýeti göz öñüne gelýär. Aždarhalar dünýä boýunça Hytaý medeniýeti we sungaty bilen baglanyşdyrylsa-da, türki kowumlarynyñ ynançlarynda-da uly orny bolupdyr. Aždarha obrazy köplenç asman we ýer-suw ruhlary bilen bagly ynançlarda öz ornuny tapypdyr. Türkmen taryhynda, aýratynam taryhymyzyñ has irki döwürlerinde bereketiñ we güýç-kuwwatyñ nyşany hökmünde kabul edilen bu legendar jandar Günbatar Aziýa medeniýetlerimizde eýýäm bu manylaryny ýitirýär we aždarha erbetligiñ nyşany hasap edilýär. Ýagny wagtyñ geçmegi bilen aždarha obrazy bereketiñ we güýç-kuwwatyñ nyşanylygyndan erbetlikden üstün çykmagyñ we onuñ ýok edilmeginiñ nyşanyna öwrülýär. Hytaý çeşmelerinde asman we ýer ybadatlaryndan söz açylanda hunlaryñ aždarha festiwalyny geçirendikleri barada aýdylýar. Huiung-nularıñ (hunlaryñ) paýtagtlarynyñ, şäherleriniñ aždar şäheri hökmünde ýatlanmagy-da gadymy türkmen jemgyýetinde aždarha mifiniñ bolandygynyñ aýdyñ subutnamasydyr. ■ Aždarhanyñ türkmen mifologiýasyndaky orny Gadymy türkmen mifologiýasynda aždarhanyñ iki görnüşi bar. Biri ýer aždarhasy, beýlekisi asman aždarhasy. Ýer astyndaky ýer aždarhasy bahar paslynda (nowruzda) ýer astyndan çykyp, pul we buýnuz döredip asmana galýar, bulutlaryñ arasyna gatyşýar. Şeýdibem ýagyş-ýagmyryñ ýagmagyna öz goşandyny goşýarmyşyn. Aýratynam uýgur kowumdaşlarymyzda aždarha obrazy ýygy-ýygydan duş gelýär. Mundan müñlerçe ýyl ozal aždarhalaryñ asman çarhyny aýlaýandygyna, ýagny dünýäniñ aýlanşyna höküm edýändigine ynanylypdyr. Hatda häzirki türk dilinde işjeñ ulanylýan "ewren" sözi hem şu ýerden gelip çykýar. Ýagny "ewren" ~ bu ewirmek (öwürmek, dolamak) diýmekligi añladýar. "Ewirmek" türkmen dilinde "egirmek" görnüşinde ulanylýar. Mysal üçin "ik egirmek" we ş.m. Uýgur mifologiýasynda ýarym aždarha-ýarym adam sypatly ruhlar bar. Bulara aždarhalar diýlipdir. Megerem Aždar diýlen at "Aždarhan" diýen sözden döräp, häzirki "aždarha" görnüşini alan bolmaly. Türkmenleriñ we beýleki türki kowumlaryñ köpçülikleýin ýaşan ýeri bolan häzirki Astrahan şäheriniñ asyl ady hem Aždarhan sözünden gelip çykýar. Aždarha irki döwür türkmen mifologiýasynda položitel obrazda çykyş etse-de, yslamyñ aralaşmagy bilen kem-kemden gara güýjüñ, şeriñ wekiline öwrülýär. Aždarhanyñ yslamdan öñki döwürde adamlara ýagşylyk edýän jandar hökmünde görkezilen ýeri az däl. Mysal üçin türklerde duş gelýän "Şahmeran hekaýaty" şeýle rowaýatlaryñ biridir. ■ Aždarhanyñ türkmen edebiýatynda we folklorynda şöhlelenişi Edebiýatymyzda aždarha obrazynyñ kä ýerde aýlawly metaforalara hyzmat eden ýerleri bar. Mysal üçin Magtymguly Pyragynyñ "Daş döker" goşgusynda şeýle setir bar: "Kelpezä ýutdurmaz aždar maslygy..." Ýa-da "Biwepalardan" goşgusynda bu dünýä ýedi kelleli aždarha meñzedilýär: "Dünýä ýedi başly ýalmawuz mardyr, Şeýle hem Magtymguly atamyzyñ o dünýä baradaky goşgularynda aždarha sypatly äpet ýylanlar barada ýygy-ýygydan söz açylýar. Ol aždarha sypatly äpet ýylanyñ biri hem Hareşdir. "Eý, ýaranlar, ahyrzaman bolanda, "Haryş ýylan gybatkeşdir soragy, "Ol Huryş atlyg ýylanga lukma bolgaý sen o gün, ýa-da: "Aždarha, mar atly möýler görer sen" "Çakaýyn diýp oturypdyr haýbatly, "Ýylan çykar pil dek, dişleri ar dek, "Çilimden ýylanlar düşer boýnuña, "Ýylanlar öwrülip gelip, dişlärler..." "Gatye dek içýanlar, bugra dek marlar, ýaly setirler bu aýdanlarymyza mysaldyr. Aždarhanyñ keşbi beýik ussadymyzyñ diñe o dünýä baradaky goşgularynda däl-de, rowaýatlara siñen beýik şahsyýetleriñ hormatyna ýazan goşgularynda hem duş gelýär: "Başlar azat eden döw gujagyndan, Aždarha obrazy köplenç diýen ýaly halk döredijiliginde giñden beýanyny tapypdyr. "...Görogly Gyratyna gamçy urup, köşgüñ bärisinden bardy. Gözlese, köşgüñ bosagasyny ýassanyp, bir aždarha tarp urup ýatyr. Pah, Görogly perizadyñ yşkyna düşen adam: - Ow, zaññar aždarha! Men üç aýlyk ýoly kyrk günde geçip geldim. Meniñ düýşüme giren perizat, bir tanap, ýarym tanap añry ýanyñda. Saña näme gerek, tur, ýok bol! ~ diýip, aždarha, garap, jylawy eýeriñ gaşyna taşlap, arkasyndan sazyny alyp, abaýlanyp, bäş keleme söz aýtdy: Gudrat bilen bina bolan aždarha, Aždarha, sen neçün melul bolar sen, Meni sorsañ, Çandybilden gelemen, Men ýarymyñ syýa zülpün örmeli, Görogly bu sözi aýdyp bolansoñ, Gyratyny öñe sürüberdi. At gadam atdygyça, aždarhanyñ agzy gez ýarym-gez ýarym açylyberdi. Görogly gözlese, aždarha atyny, özüni bilelikde demine sorjak. Görogly gylyjyny sogrup, aždarhanyñ üstüne topuldy. Aždarha-da munuñ bilen gidişiberdi. Görogly aždarhany iki bölüp taşlady..." Aždarha baradaky ýene bir gyzykly hekaýat ýazyjy Annatagan Nurgeldiýewiñ "Dehistanly oglan" taryhy powestinde getirilýär. Halk arasynda aždarhanyñ altyn-kümüşiñ bar ýerini saklaýandygy barada, umuman aždarhanyñ hazynaly ýerler bilen baglanyşygynyñ bardygy barada dowam edip gelýän ynançlar bar. Bu gadymy ynanç "Hally", "Ýylana öwrülen hazyna" ýaly türkmen halk ertekilerinde öz beýanyny tapypdyr. Şeýle-de, mirasgär Kerim Osmanow tarapyndan toplan "Emir Timur we aždarha" ýaly ertekiler Türkmenistanyñ YA-nyñ Milli Golýazmalar institutynda saklanýar. Gelejekde türkmen ýazyjylarynyñ öz eserlerinde aždarha obrazyna ýüzlenjekdigine pugta ynanýarys. Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||