19:55 Leniniň muzeýi | |
LENINIŇ MUZEÝI
Leniniň muzeýi – Leniniň öýi Bütin Dünýä dartylmasy mysaly. Gedalygna, şalygyna garaman, Adamzat kowmuny dartýar mazaly. Materikleň, meridianlaň hemmesin Söküp, oň üstüne okean, deňizi... Lenin üçin nobata dur adamlar, Olaryň dili del, Hatda del ýüzi. Deň däl düşünjesi ol adamlaryň, Deň bolmaýşy ýaly materikleriň. Şonda-da Lenine ymtylýar olar, Ýere ymtylýan bir meteorit deýin. Ine, şol dumanly Londondan gelen Bir hanum näz bilen dişläp lebini, Agaýana synlaýar bir suraty – Mähir bilen gözün süzýän Lenini. Oň görmekçi bu sadaja muzeýde Nikolaý paşadan galan ak tagty. Tagtam ýok, täjem ýok, altyn-zerem ýok, Lenin bolsa Gün deý saçyp dur ýagty. Ony haýran edýär beýik Leniniň Tagty inkär eden täçsiz şalygy. Pariždäki Luwr muzeýi ýaly Ol görmekçi çenden aşa baýlygy. A Leniniň muzeýinde Ok geçen köne palto. Bir laý köwüş, Bir laý papak, Bar bolany ana şo... Oňa derek şol muzeýde “Awroranyň” gohy bar. Işçileriň güýçli goly, Rewolýusiýaň ruhy bar. Oňa derek şol muzeýde Ýaşaýyşyň çäji bar. Bütin dünýäni sarsdyran Ulýanowyň güýji bar. | |
|
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |