23:34 Magtymguly şygryýet äleminiň çyragydyr | |
MAGTYMGULY ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ ÇYRAGYDYR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy medeniýetimiziň howandary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny dünýä ýaýmak giňden ýola goýuldy. Mälim bolşy ýaly, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň şygryýeti asyrlaryň ortalarynda dünýä alymlary tarapyndan içgin öwrenilip başlanýar. Alymlar beýik akyldar hakynda öz garaýyşlaryny ylmy işlerinde beýan edip, ony okyjylar köpçüligine ýetiripdirler. Geliň, ol pikirleriň käbirine garap geçeliň. Beýik akyldar Magtymguly hakynda ilkinji ylmy işleri alyp baran alymlaryň biri-de Gündogary öwreniji alym akademik Ý.E.Bertelsdir. Ol özüniň köpýyllyk ylmy agtaryşlarynyň miwesi bolan “Türkmen halkynyň edebi geçmişi” atly işinde Magtymguly hakynda öz garaýyşlaryny beýan edýär. Alymyň: “Magtymguly türkmeniň poýeziýasy gymmat baha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda, täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar” diýen sözleri dünýä okyjylarynda Magtymgulyny okamaga, öwrenmäge höwes döredýär. Şahyryň döredijiligi bilen gyzyklanyp, köp ylmy açyşlary eden alymlaryň haratynda akademikler, gündogary öwreniji rus alymlary W.W.Bartoldy we A.N.Samoýlowiçi görkezmek bolar. W.W. Bartold ol hakda: “Gökleňlerden bolan Magtymguly şahyr ähli türkmenler üçin, şol sanda stawropollylar üçin-de milli şahyr boldy” diýip bellese, A.N.Samoýlowiç: "Gökleň urugynyň gerkez tiresinden bolan Magtymguly külli türkmenleriň halypasydyr” diýip ýazypdy. Beýik söz ussadynyň akyl-paýhasa ýugrulan şygrýet äleminiň özlerinde galdyran täsirini şygryýetiň üsti beýan edenler hem kän . Olaryň hatarynda belarus şahyry O.Loýkany, gazak şahyry G.Ormanowy, garagalpak şahyry Y.Ýusupowy, olaryň hatarynda azerbaýjan şahyry H.Ilsöýeri, gyrgyz şahyry S.Jusyýewi, latyş şahyry N.Kalinany, özbek şahyry M.Şyhzadany ýatlamak bolar. Meselem, belarus şahyry Oleg Loýka “Pyragynyň heýkeli” atly şygrynda: Paýhas baryn jemläp serde, Sözüň şasy, sözüň täji, Eläp otyr giň galbarda, Harpygyndan saýlap täji -diýip, beýik akyldara bolan beýik buýsanjyny beýan etse, özbek şahyry Maksud Şyhzadanyň “Iller,heý!” atly goşgusy şahyryň arzuw eden hut şu ajaýyp döwrüniň beýany bolup ýaňlanýar: Çemen güller gadym çölüň döşünde, Gel, Pyragy, ornuň toýlar başynda. Paýyň bardyr iliň datly aşynda, Geldi indi sen çagyran çaglar, heý! Türkmen topragy - beýik Magtymgulynyň Watany. Onuň gadam yzyny goýan, şypaly howasyndan dem alan ýurdy. Şonuň üçin bu gadymy hem müdimi toprak Magtmgulynyň beýik ruhy bilen dem alýar. Onuň şygyrlaryny dillerine sena edip ýaşaýarlar. Magtymgulynyň beýik mirasy hemişe öwrenilmeli tema. Türkmen edebiýatçylary beýik akyldaryň döredijiligi bilen baglanyşykly birnäçe kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalaryny ýazdylar. Oňa bagyşlap makala, goşgy ýa-da çeper eseriň başga haýsydyr bir görnüşini ýazmadyk döredijilik adamsy Türkmenistanda ýok diýerlikdir. Şuňa garamazdan, ol henizlerem çeper döredijilik we ylmy derňewler üçin material çeşmesi egsilmeýän şahyr bolmagynda galýar. Onuň goşgularynyň her birini näçe sapar okasaň-da, ol ýene-de okyjynyň alnynda täze zatlary açýar. Biz bu pikirimizi latyş ýazyjysy F.Ý.Rokpelnisiň sözleri bilen berkitmek isleýäris: “Magtymgulyny söýmän bolanok: sebäbi, onuň bilen ýekeje duşuşyk - onuň ýeke goşgusyny okamagyň özi-de ýeterlik, onsoň täze duşuşyga garaşyber, çünki onuň ýaly her gezekki duşuşyk - munuň özi hemişe täze we şatlykly açyşdyr”. Hawa, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hemişe öwrenilip ýörülmeli şahyr. Onuň beýik poeziýasy - ylham akabasy. Ondan dadyp, içip hiç ganma ýok. Ol bakylyk çeşmesi. Bu hakynda şahyr Gara Seýitliýew şeýle ýazýar: Ýüreklere ýürek sözün dolduran, Dür söz bilen dünýä özün aldyran, Dünýäniň aşygy dünnýäden gitmez, Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz. Dünýä durdugyça durar Pyragy, Akyl saçar, söhbet gurar Pyragy. Ogulbaýram ALTYMUHAMMEDOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň ýapon dili hünäriniň 4-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |