12:01

Medeni mirasy öwrenmegiñ täze mekdebi

MEDENI MIRASY ÖWRENMEGIÑ TÄZE MEKDEBI
    
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary sazlaşykly ösýär. Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyrýar. Şeýle uly işleriň, aladalaryň ählisiniň maksady halkymyzyň şu güni, ertiri üçin edilýän aladalaryň, sogaply işleriň miwesidir. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň halka hödürlenmegi-de uly mana eýedigini belläsimiz gelýär. Bu hakykat bize Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň halklaryň arasyndaky ykdysady we medeni, edebi gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmatyny, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gadymy şäherlerde medeniýetiň pajarlap ösmegine döredilen mümkinçilikleri, şertleri şu günki günüň ylmy nazaryýeti esasynda giňişleýin öwrenmegi ündeýär. Diýmek, şol döwrüň Amul, Merw, Sarahs, Änew, Nusaý, Dehistan, Köneürgenç ýaly gadymy şäherlerinde ýaşan alymlaryň, şahyrlaryň edebi, döredijilik mirasyny hem öwrenip, türkmen edebiýatynyň ösüş basgançaklaryny kesgitlemek derwaýysdyr. Edil şu ýerdenem täzeden dikeldilýän Ýüpek ýolunyň düýnki hyzmaty, ertirki eşreti milli delil, taryhy hakykat bilen berkidilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladasynyň netijesinde türkmen ylmy özüniň täze döwrebap-täzeçilligi bilen dünýäniň ylym ulgamyna goşuldy. Dünýä ylmy günsaýyn kämilleşýär. Gürrüňimizi şu ösüş, şu ylmy gatnaşyk dogrusynda dowam etdiren halatymyz hem biz hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndaky edebi, ylmy, medeni gatnaşyklaryň beýanyna ýüzlenip, ygtybarly delilleriň üstünden baryp bileris. Diýmek, bu ýerde-de ylmy ösüş taryh bilen berkidilýär.
Biz türkmen edebiýatyna, taryhyna nazar aýlanymyzda gadymy döwürlerden başlap halklaryň arasynda aragatnaşygyň bolandygyna şaýat bolýarys. Hakykatdan hem, Beýik Ýüpek ýoly gadymy döwürlerde halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeläpdir. Döwletleri ýakynlaşdyrýan, olaryň arasyndaky dostlugy berkidýän bu ýol şol döwletleriň medeniýetlerini içgin öwrenmäge-de ýardam edýär. Bu babatda, hormatly Prezidentimiz: «Taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollary, bagt ýollary dünýäniň çar künjünden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär» diýip, jaýdar belleýär. Bu taryhy hakykat bize täze bir ylmy taglymaty-da hödürleýär. Bu taglymatyň maksady täze ylmy gatnaşyklaryň netijesinde türkmen ylmyny häsiýetlendirýär. Bilşimiz ýaly, kitap girişden, sözbaşydan, 6 sany bölümden hem-de jemlemeden ybaratdyr. Bölümlerde birnäçe rowaýatlar, hekaýalar, ertekiler, nakyllar, taryhy maglumatlar özüniň giňişleýin beýanyny tapypdyr. Umuman, kitapda durmuşyň ähli ugurlary boýunça giňişleýin düşünje berlipdir. Bu kitap argyş, kerwen diýlende, diňe mata-marlyk, dürli hojalyk we azyk harytlary ýüklenen ulaglaryň toplumy diýip düşünmeli däldigine ynandyrýan kitap. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenleriň ýüki diňe maddy baýlyklar bolman, eýsem, olarda medeni gymmatlyklar hem bolandygyny, kerwendäkileriň arasynda alymlar, danalar, şahyrlar, derwüşler, haj parzyny berjaý etmäge barýan ýa-da berjaý edip gelýän adamlar, keramatly ýerlere zyýarat edýän dindarlar hem bolup, şeýle adamlar bolan kerwenler arkaly medeniýetler, däp-dessurlar, taryhy maglumatlar hem dünýä ýaýrap has-da baýlaşandygy aýdylýar. Bu bolsa biziň halkymyzyň öz maddy we ruhy gymmatlyklaryna däl-de, eýsem, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän beýleki halklaryňam ruhy gymmatlyklaryna öz goşandyny goşandygyna şaýatlyk edýär. Ýeri gelende ýaş alym Jumamyrat Seýidowyň «kerwen, argyş» sözleriniň Ýewropanyň köp halklarynyň dilinde meňzeş aýdylyp, şol bir manyny aňladýandygyny delillendirendigini hem ýatlasak, onda dil medeniýetine-de bu ýoluň doly täsir edenligini, ýaýdanman aýdyp bolar.
Beýik Ýüpek ýoly asyrlar boýy dünýä halklarynyň diňe bir ykdysady durmuşyna, söwda işleriniň rowaçlanmagyna däl, eýsem, olaryň medeni durmuşyna, sungatynyň we çeper döredijiliginiň baýlaşmagyna hem-de gülläp ösmegine uly täsir edipdir. Beýik Ýüpek ýoly Çyn-Maçyndan başlanyp, Merkezi we Alynky Aziýanyň üsti bilen Ortaýer deňziniň kenarýakalaryna baryp ýetipdir. Ol bu ülkeleri köp babatda biri-birleri bilen baglanyşdyrypdyr. Şeýle-de, Beýik Ýüpek ýoly Gündogardan Günbatara we Günortadan Demirgazyga geçýän ýollaryň özboluşly ulgamyny döredipdir. Türkmenistan bolsa bu ýollaryň çatrygynda ýerleşipdir. Netijede, Beýik Ýüpek ýoly öz geçýän ugrunda ýerleşýän döwletler üçin söwda-ykdysady we ruhy-medeni gatnaşyklary berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup, harytlary özara alyş-çalyş etmek, saklamak, satmak, satyn almak arkaly dürli medeniýetli halklaryň biri-birini ýakyndan tanamaklary üçin amatly şertleri döredipdir.
Halklaryň we ýurtlaryň arasynda söwda işlerini alyp barmakda ýollaryň we duralgalaryň saýlanyp alynmagy möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Bu döwürde Beýik Ýüpek ýoly öz ugruny kem-kemden giňeldipdir. Bu ýoluň esasy ugurlarynyň biri bolsa demirgazyk hem-de günorta tarap gidýän ugur bolupdyr. Ondan möhüm söwda hem ýol çatrygy bolan Buhara şäherindenem iki ýol aýrylypdyr. Esasy ýol Amyderýanyň (Amul şäherinden) üsti bilen Merw oazisine tarap gidipdir. Beýlekisi bolsa Amyderýanyň sag kenary bilen Horezme we ondan aňyrlygyna dowam edipdir. Şu ýerde Amyderýanyň kenary bilen Horezme tarap gidýän şol kerwen ýollarynyň biri bolan Horezmiň baý we şöhratly paýtagty bolan gadymy Ürgenç şäheri barada durup geçmek artykmaçlyk etmez.
Ýurdumyzyň iň demirgazygynda taryhy-medeni ýadygärlikde baý bolan Köneürgenç ýerleşýär. Gadymy Horezmiň uly we gadymy paýtagty bolan bu şäher asyrlaryň dowamynda birnäçe betbagtçylyklara we söweşlere sezewar bolsa-da, biz onuň häzirki günlerde-de taryhy ýadygärlikleriniň saýlanyp durandygyny bilýäris.
Baryp, biziň eýýamymyzdan ozalky I asyryň başlarynda hytaý ýazuw çeşmelerinde ata Watanymyzyň taryhy hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilip başlanýar. Olaryň ýatlaýan Ýuýe-gan şäheri, megerem häzirki Köneürgenç şäheridir diýlip aýdylýar. Edebi çeşmelerde orta asyrlar döwründe Beýik Ýüpek ýolundan geçip, türkmen halkymyz ata Watanymyz hakynda has köp maglumatlary beýan edenler, esasanam, arap-pars taryhçylary, syýasatçylary we beýlekilerdir. Olaryň arasynda arap taryhçysy Istahry (X asyr), ibn Fadlan (X asyr), Ýakut (XIII asyr), ibn Battuta (XIV asyr), al Umary (XIV asyr) we beýleki birnäçe alymlar halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, olaryň ýaşaýyş durmuşy barada örän gyzykly we köp maglumatlary beýan edipdirler. Alymlar söwda ýollarynyň ugurlary, olardaky uly obalar, halkyň däp-dessurlary barada giňişleýin ýazypdyrlar.
Belli аrар alymy Ýakut Ürgenç barada: «Men şeýle uly, baý we owadan şäheri görmedim. Baýlykda, ululykda, ilatynyň köplüginde we mylakatlylygynda Horezmiň baş şäheri ýaly şäher älemde ýokmuka diýýärin» diýip ýazýar. XIV asyrda al-Umary demirgazyk türkmenleri barada: «Eger ýolagçy gelse bu ýurtda ýaşaýanlar oňa myhmansöýerligini görkezmekde jedelleşýärler hem-de beýleki adamlaryň puly köp toplamakda ýaryşyşlary ýaly, olar myhman üçin köp harçlamakda ýaryşýarlar» diýip ýazypdyr.
Bu ýerdäki ýaşaýan ilatyň sähralary bilen oturymly halkyň arasynda Gürgenjiň bazar hökmünde ýerleşişi ýagdaýy onuň ykdysadyýetiniň ösmegine itergi beripdir. Bu bolsa Gürgenjiň Horezmiň merkezine öwrülmegine oňat täsir edipdir. Alymlaryň çak edişleri ýaly, VI asyryň ortalarynda Gürgenç bir tarapdan Horasan, ikinji tarapdan Demirgazyk Eýran bilen kadaly söwda gatnaşyklaryny saklapdyr. Bu şäheri 712-nji ýylda araplar eýeländen soň onuň söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da ösüpdir. X asyr taryhçysy Istahry: «Gürgenç Horezmiň paýtagtyndan (Kýat) soň onuň iň uly şäheridir, olaryň söwda edýän ýeridir we ondan kerwenler Jürjana (Gürgen), Hazara we Horasana ugraýarlar» diýip ýazýar.
996-njy ýyla çenli Horezm iki bölege — Günorta we Demirgazyk Horezme bölünipdir. Günorta Horezmiň paýtagty Kýat, Demirgazyk Horezmiň paýtagty Gürgenç bolupdyr.
XIV asyryň ahyrynda Teýmirleň Ýakyn Gündogardan Hindistana we Russiýadan Pars aýlagyna çenli ýaýlyp ýatan giň ýerde öz imperiýasyny gurmagyň hötdesinden gelipdir. Beýleki bir tarapdan, Teýmirleňiň hökümdarlyk eden ýyllary Merkezi Aziýanyň bütin Ýewraziýanyň medeni hem syýasy merkezine öwrülen ýeke-täk döwri bolupdyr.
Mongol basybalyşlary Gündogar ýurtlarynyň ösüşine juda ýaramaz täsir eden-de bolsa, bu ýagdaý halklaryň özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmagyna, şol gatnaşyklary giňeltmegine we ösdürmegine bolan isleglerini bökdäp bilmändir. Ýüpek ýolunyň ugry boýunça, ylaýta-da, onuň Merkezi Aziýanyň içinden geçýän böleginde çeper döredijiligiň köp ýörelgeleri giňden ýaýrapdyr. Bu ýerde olar garyşyp-gatyşypdyrlar we özara baýlaşypdyrlar. Eýýäm, XIII asyryň ikinji ýarymynda Ýewropa ýurtlaryndan bu ýerlere ilçiler we dürli ýyllarda Rim Papasynyň, ýewropaly hökümdarlaryň we dürli monarhçylyk ordenleriniň ilçileri we birnäçe missionerleri iberilipdir. Olar Merkezi we Günbatar Aziýanyň halklary barada gymmatly maglumatlary ýygnapdyrlar. Bu işler bir tarapdan, ýewropaly hem-de arap täjirleriniň, beýleki tarapdan bolsa, aziýaly, altyn ordaly we hytaýly söwdagärleriň gatnaşmagynda Günbatar bilen Gündogaryň arasynda söwda işleriniň ýaýbaňlanmagyna getiripdir.
Şeýlelikde, Gutlug Teýmiriň dolandyran wagtynda (1327-1336) gadymy Ürgenç özüniň ýokary ösüşine ýetýär. Onuň minarasy Orta asyr Ürgençde Köneürgençden 2 kilometr günortalykda ýerleşýär. Ol Gündogar binagärçiliginde has belli ýadygärlikleriň hataryna girip, şol döwürde beýikligi boýunça Merkezi Aziýada ilkinjileriň hatarynda bolupdyr. Indi ol minara 100 ýyldan gowrak wagt bäri alymlary, binagärleri, taryhçylary, arheologlary has hem özüne çekýär.
Merkezi Aziýada iň beýik minara bolan boýy 60 metre ýetýän minara, Törebeg hanymyň, Tekeş soltanyň, Il Arslanyň atlary bilen baglanyşykly birnäçe ymaratlar Köneürgenji bezeýän ajaýyp taryhy ýadygärliklerdir.
Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu taryhy ýadygärlikler, olar baradaky aýdylýan rowaýatlar özüniň giň beýanyny tapyp, olar many-mazmuny boýunça giden bir dürler hazynasyny döredýär. Bu rowaýatdyr hekaýatlar her bir okyjynyň özboluşly ruhy hazynasyna öwrülýär.
Kitabyň «Daşoguzyň gadym topragynda» atly bölüminde Köneürgenç baradaky rowaýatlar aýratyn özüne çekýär. Onda Ürgenjiň (Köneürgenç) öňki adynyň gelip çykyşy, ýagny şäheriň mongollar gelmezinden öňki adynyň döreýşi hakynda hem gyzykly rowaýat bar. Bu ajaýyp kitapda beýan edilýän rowaýatdyr hekaýatlar sözüň doly manysynda medeni mirasymyzyň gymmatly hazynasyna öwrülip, ol her bir ynsanyň buýsanjyny artdyryp, kalbynda beýik işlere bolan ynamyny döredýär.

Baýrambike TOÝLYÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 456 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýrambike Toýlyýewa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]