14:42

“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...”

Категория: Goşgular | Просмотров: 533 | Добавил: Pegas | Теги: Baky Amanýazow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 15
0
1 nurgeldiyewam232  
691
Şu awtoryñ goşgularyny gaty kûýsäpdik.Gowy boldy.Temasam üýtgeşik.Ýöne näme diýjek bolýanyna düşünip bilmedim gynansamam.

0
2 nurgeldiyewam232  
691
boldy,indi düşündim sag bol!

0
3 Ahmet  
634
Gowy goşgy eken.

0
4 ibrahimbadakhshan  
694
šu gošgumy? Mańa-ha bu ÿerde hiç kim tanyš däl, köp šahyrlaryñ öñki eserlerini okamak nesip etmedi, ÿöne Bakynyñ ÿokarda ÿazan setirlerine dińe agrmy, kapyÿasa bar diÿäÿmeseń, gošgy diÿip boljak däl. Elbetde gowy gošgy diÿen hem bar, halanlaram köpdir. Bu ÿerde meniñ garašÿan zadym, šu ÿerdäki alymlar, tankytçylar gošgy bilen gošgy däl setirleriñ parhyny açyklap berseler. Belki bizem bir zatlar öwreneris, ÿaš sahyrlaram haÿyranarlar!?

0
5 hekaya  
567
goşgy däl. kapyýawaç. bagtyň otlusyny çilim otlamak üçin süýräp getiripdir. Ýumrugyn çenän sözüniň artykmaçlygam şondan. sebäbem-e kapyýa gerek boldy. Ýöne köp zatlary gönümel aýdyp bolanok. Hem bärde alym ýa-da tankytçyň işi ýoga meňzeýär. Diňe çapak çalmaly.

0
6 ibrahimbadakhshan  
694
Hä śeÿlemi! sagja boluñ hekaÿa dost!

0
7 nurgeldiyewam232  
691
Okyjylar şu goşguda-da beýleki goşgularda-d asla awtora çapak çalman goşgy babatdaky pikirlerini aýdýarlar.Çapak çalynan wagty bolsa kimdir birine ýaranmak üçin däl-de ýürekden çalýarlar.Hekaýa,siziñ berem jogabyñyz asla Ybraýym daýynyñ garaşýan jogaby däldi.Galyberse-de tankytçy bolup tankyt bilen meşgullanýanam ýok.Biz diñe okyjy hökmünde öz tankydy pikirlerimizi paýlaşýarys.Isleýän goşular.Islemeýän goşulmaz.
Meñ üçin goşguda PIKIR birinji derejeli närsedir.Awtoryñ beýleki goşgulary-da bu goşgusy-da öñe sürýän PIKIRLERINIÑ delligi,gozgaýan temalarynyñ öñ hiç kimiñ gozgamadyk temasydygy bilen tapawutlanýar.Şonuñ üçinem arkaýyn aýdyp bilerin:"BU GOŞGYDYR".

0
8 mango  
651
"BU GOŞGYDYR".
---
goşa dyrnaga alyp "bu goşgudyr" diýýäň welin, nähili düşünmeli, goşa dyrnakdakymy ýa daşyndaky goşgy?

0
9 mango  
651
Baky kaka. çilimi diňe "maksat-myradyna ýetmedikler" we “bagry tutaşan”-lar däl, başga sebäpsiz sebäplerdenem öwrenilýär ahyryn.

osoňam her kimiň "bagtlyny görüp bagry tutaşýan" däldirlaý.
seniň bagtyňa synlap ýalňyşyp çilim otlaýmalam dälow, görübilmezçilikden "bagryny tutaşdyrýar" diýäýmekleri ahmal.

hemem "Dile düşdüm, gürrüň boldum diýara" diýýäň... biz eştmändirisle :-)

0
10 mango  
651
onda dünýä ähmiýetli dile düşmek, gürrüň bolmak bolýamy?

0
11 nurgeldiyewam232  
691
Aý,Mango daýy,Haweran daýy liriki men diýibem bir zat bar ahyry.Ýazan zadynyñ hemmesi özi hakynda bolmaly diýlen zat ýoga.Belki,awtor özi bilen ýaşytdaş başga bir oglanyñ durmuşyny "men"diýip gûrrüñ berýändir.Ol oglanam ile gürrüñ bolan bolsa näbilýäñ?Galyberse-de öz fantaziýasyndaky zatlaram özi başdan geçiren ýaly ýazyp biler.(Käşgä,muny diýenler edebiýatdan habarsyz adamlar bolsady.Sizden eşitmek gaty geñ)

0
13 mango  
651
başganyň sözi, Mahymyň sözi: "Ol oglanam ile gürrüñ bolan bolsa näbilýäñ?"
menem (bizem) şony aýtjak bolýarys.
"ile gürrüň bolmak" bilen "diýara grürüň bolmagyň" arasynda tapawut bar.
--
Mahym hanym sizde biraz adwokatlyk ruhy duýulýar.
her zady aklamak höwesiňiz bar.
gowy häsiýet.

0
12 nurgeldiyewam232  
691
Bu goşgydyr diýýän ýagny şu awtoryñ adyna berlen şu mowzukda ýazylan zat goşgydyr.(Goşa dyrnaga alyp ýalñyşdymmykam?Iki nokat goýamsoñ başganyñ sözi ýaly edip,alaýdymda goşa dyrnaga)
Düşnükli bolandyr diýip umyt edýän.

0
14 nurgeldiyewam232  
691
Meselem,bir adam gowy ýa-da erbet hereketi sebäpli "Watana" çykypdyr.(meselem gowysy:halkara sport bäsleşiginde ýeñiji bolan biri,erbedi mysalsyzam düşünermikäñiz diýýän)
Ertesi gün şol adam diýara gürrüñ bolup biler.Awtoryñ liriki gahrymany hem şol hili adamdyr belki.
Şeýle bolmaýanda-da awtor özüniñ fantaziýasynda kimdir birini diýara gürrûñ bolan hökmünde göz öñüne getirip biler.Ýagny muny bir "ýokardan uçmak wakasy" hökmünde kabul edip bileris.

0
15 Odegurban  
sad

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]