09:31

“Men juda kän ýyly taşladym arka...”

Категория: Goşgular | Просмотров: 430 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadоw | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 myhman  
732
@Pegas, siz Sapa Hommadowmy?

men Sapa ýaş oglanmyka öýdýädim. bir tarapdan juda kän ýyly arka taşlap, saçlary çalaran awtorlara "eseriň o diýen bolmandyr" diýmek agyr gelýä. beýleki tarapdan bolsa, şeýle awtorlar gaýtam has düşünjelidir, dogry düşünerler diýip pikir edýäň.

siziňem (Sapaň) gowy goşgularyňyzy görenim üçin, gören wagtym "gowy eken" diýenim üçin, bu goşga arkaýyn "o diýen bolmandyr" diýäýjek.

men edebiýatçam däl tankytçam. bulara diňe okyjynyň bellikleri diýip düşünmeli. gowy edip düşündirjek bolsaň kän ýazmaly bolýa. kän ýazmazlyk üçin çalaja yşaratlar edip geçäýjek.

Men juda kän ýyly taşladym arka,
Mydar edip gezdim aýdymlar bilen.


diýeli, liriki gahrymanymyz epesli ýaşan, ömrüni adamlardan çetde, garasöýmez, diňe aýdymlary özüne höwür edinip ýaşan kişi. daže ruhy taýdan däl-de, bedenem adamlaň arasynda ýaşanok öýdýän (...watanly bolsam). ýa ygyp ýörmikä?!

Mynasyp bolamsoň azajyk sarpa,
Öwrenşip ugradym adamlar bilen.

Soňam il bolmaga ýüwürdip göwün,
Diýemde: “Ýel bolman, watanly bolsam...”,


ol kişi birden "men ýel ýaly watansyz bolup ýörmäýinde, adamlar bilen öwrenişeýin. meňem azajyk sarpam bar-a" diýip göwün ýüwürtdi.

Damakda durdy-da kiçijek düwün...
Eden hyýallamdan utandym onsoň.


ýöne näme üçindir ol pikirine utanyp damagy doldy.

Gaýtadan dogsamdym, ätmerin galp...
(Ine, bir maksad-a häzirden belli)

(ýene-de gaýtadan dogmak :-) ) wi, dur. gahrymanymyz ýöne ýere garasöýmez bolmandyr ýalyla. galp ädim ädip, indem adamlara görünibilmän ýörmikä.

Bu gün “Wyždan” atly kätmenim alyp,
Düýnümi şeýle bir päkläsim geldi.


garasöýmezligini galplyk hasaplaýan bolsa-ha, ol galplyk däl. her kim öz isleýşi ýaly ýaşabermeli.

"wyždan" kätmeni bilen geçmişe tarap gazmagyňam üstünde durmaly. edil şu wagt nädip düşündirjegimi bilemok.

mundan soň, birhili, tema üýtgeýän ýaly

Öňümde, yzymda ýyllaň duzagy,
Indi görsem: saçlarymam çalaran.

duzak diňe öňde bolaýjak ýaly. geçen ýyllar duzaga düşenem bolsaň, düşmedigem bolsaň uže geçdi.

umuman, Sapa akga, niýetiňiz-ä gowy, galanam dura-bara düzeler-dä.

0
2 eatayew33  
761
Sapa Hommadowyň döredijiligi başda menem gaty gyzyklandyrypdy(internediň çäginde duşýanlarym barada aýdýan), ýöne her täze eserinden ýene şol bir heň gaýtalanyp duransoň, gyzygy gaçan ýaly boldy. Öň söýgi hakdaky goşgulary şeýledi, indi durmuş baradakylary... Düýndi öýdýän, "Bir ýerlere gitsem..." diýip başlaýan goşgusyndanam Sapaň özüne mynasyp stil gözläp, birnäçe gezek okadym. Bolmady... Bir duýgyny, ahwaly, ýagdaýy, pikiri her täze goşgyňda paýlaşjak bolup durman, bir goşguda jemlesemeseň, olaram seni täze açyşlara, gözleglere goýberäýenok öýdýän...
Ýogsa-da, ýene internet habary (çyn bolmasa, kyn düşjek): Sapa Hommadow mekdep müdirligine bellenen ýaly-la. Şoňam täsiri barmyka? Gutlamalymy ýa duýgudaşlyk bildirmelimi, ine, şu ýerini welin bilemok... )))

0
3 Hyýalkeş  
752
eatayew33,ynanar ýaly däl.Şu Sapa awtoryñ soñky döwûr goşgularynda näme meni bimaza edýärkä?diýip pikirlenip jogabyny tapman ýördüm.Ine sizden eşitdim kanagatlanarly jogap.Tûýs meñ diýäýjek(eger jogabyny tapan bolsam) sözlerimi aýtdyñyz.Berekella!100%goşulýan şu agzañ aýdýan sözlerine.Üstüne de hiç zat goşjak däl.
Sapa awtoram öñki ýaly gaty görüp ýörmesin.Döredijiliginde üstünlik arzuw edýän!Direktor bolanam bolsa gutlaýan.Ýeneki üstünliklere!

0
4 mango  
651
Sapa kaka, edilen belliklere menem ikije bellik edäýjek.
1. başyndan geçmedik duýguny ýazmaga synanyşan ýaly bolan bolmagam ahmal. Sapa entek "jyda kän ýyly arka taşlan" däl bolmaly. eger şeýle ýaşan bir gahrymany janlandyrmak islän bolsa başga gep... ýöne duýmadyk (başyňdan geçirmedik) waka barada ýazmak aňsat däl bolmaly...
---
2.
Bu gün “Wyždan” atly kätmenim alyp,
Düýnümi şeýle bir päkläsim geldi.

päklenmek islenen zat düýnde galan bolsa, onuň ýoly "wyždan kätmeni" däl-de "toba kätmeni" bolaýmasa.
wyždan kätmeni bilen belki bu günümizi ösüşe zyýan berýän haşal otlardan arassalamalydyr.
---
gözlegler we üstünlikler.
ýüregiňi diňlemäge dowam!

0
5 Pegas  
98
Şu "müdirli" gürrüňiň çeşmesini bilemok. Ýöne okuwy gutaranyna entek iki ýyl hem bolmadyk oglana müdirlik nädip ynanylsyn?!
Bellikler, dogry tankytlar üçin köp sag boluň, gadyrdanlar! Çynym bilen minnetdar we netije çykarjak bolaryn.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]