09:37 Men saňa düşünýän | |
Ne häzir, görýäň sen öten-geçeni,
Ne häzir, sen yssy-sowugy duýýaň. Hyýal ganatynda göterýär seni, Uçaýsam, Uçaýsam, Uçaýsam diýýäň! Kalp içre bir gizlin şatlygy buşlap, Öz-özüň ýylgyrýaň, Öz-özüň gülýäň. Elwan dodaklarňy çalaja dişläp, Gepläýjek, Gepläýjek, Gepläýjek bolýaň! Köçäniň ugrunda gabat gelenler Syrly nazar bilen geçýär duşuňdan. Syn edip ýigitler, gyzlar, gelinler, Kemlik tapjak bolýar akyl-huşuňdan! Maňa örän tanyş ahwal-bolşuň seň, Bu meniň başymdan geçipdi ozal. Şonuň üçin saňa galmaýaryn geň, Men saňa düşünýän, düşünýän, gözel! Tirkeş Sadykow. | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |