11:51

Menden soň näme galar?

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 284 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 21
0
1 Yusup  
50
Agam size sorag beripdim. Agam size sorag beripdim. Köp okan adam ateist bolýarmy diýip. Siziň jogabaňyz ýönekeý boldy. "Her kimiň özüne bagly" diýip. Adam hassa bolsa ýa gartaşsa beýläni ýatlap ugraýar. Emma ýaş wagty , jany sag wagty o dünýe bardyram öýdenok. Deňiz topugyna däl. Nobatguly aga dogry aýdypdyr. Islendik talantly prozaçylar (türkmen ýazyjylary) şeýlebir dindaram däl. Çünki olar pkirlenip bilärler

0
4 Bagabat  
43
@Yusup, biziň her birimiziň haýsydyr bir zada biziň ynanýandygymyz ýa-da ynanmaýandygymyz şeýle zadyň bardygyny ýa-da ýokdugyny aňlatmaýar.

Şahsy pikirim: Adamy şahsyýet hökmünde pytramakdan saklaýan esasy zat Allatagala, onuň Resulyna, Biribaryň bardygyna, birdigine, keremdigine, zyýatdygyna, keramat hem mukaddesdigine, ahlaga-sogaba mylakatyň, azana bolsa musallatyň gutulgysyzdygyna bolan ynam!

Şol ynam bolmasa, adam-a maýmyndan azan mahluga, ýaşaýyş - sabyn köpürjigine, Älemem - hiç hili manysyz gysylyp-ýazylyp duran tükeniksiz herekete öwrülýär...
Durmuşda bolsa şeýlebir jygba-jyg ýagdaýlar bolýar, şeýle ýagdaýlarda-da adamyň Alladan özge hossarynyň-howandarynyň ýokdugyna doly göz ýetirýärsiň. Beýik Watançylyk Urşunyň weteranlary “Garymda (okopda) ateist ýok!” diýýärler.

0
8 Bagabat  
43
Pikirlenmek, ýagny analiz etmek ukyby, ynamy inkär etmeýär diýip hasaplaýan.
Ynam:
1.Bilimiňe bagly däl;
2.Akylly ýa-da däldigiňe bagly däl;
3.Durmuşyňa bagly däl...
Ynam - ynanýandygyňa ýa-da ynanmaýandygyňa bagly.

0
2 Yusup  
50
Meselem Atajan Tagan, Jirkiş Jumageldi. Ikisem 80-den geçdi. Ýazgylaryny okap özüňçe analiz etseň (olar ynaç barada gönümel birzat pyşgyranok) oýlanmana mežbur bolýaň.

0
6 Bagabat  
43
Dini ynanjyň özenini, manysyny, mazmunyny, mantygy (logiki) esaslandyrmasyny ýazyjy-şahyrlardan agtarmagyň manysy barmyka?!

0
3 Yusup  
50
Şu temaňyzy okap bir zada göz ýetirdim. Sizem oýlanyp bilýän adam. Käbir pkirler sizem biynçalyk etýär. 18 ýaşly wagtyňyzy göz öňüne getiriň. Ol wagt başga pkirdesiňiz.

0
7 Bagabat  
43
Bu durmuşyň kadasy ahyry.
Göz öňüňe getir, 40 ýaşap geçeniňden soňam 18 ýaşda geýen eşigiňi geýseň, 18 ýaşdaky ýaly edip saçyňy deňledip gezseň, 18 ýaşyňdaky ýaly ýeriň jaýrygyna-da çylkasyz kikirdäp ýörseň...
Neneň bolar?
Üýtgemek, ýaşyňa görä dünýägaraýşyň özgermegi - bu ynsana Allaň beren eşreti dälmi?
Ynam meselesinde-de, ýaşlyk çürt-kesik bolýar.
Hemme zady bilýändirin, hemme zada düşünýändirin öýdýär. Hakykat-da welin...
Muňa-da düşünmek üçin tejribe gerek, ýyllar gerek, Hudaý saklasyn, ýitgileňňem täsiri agyr.

0
5 Bagabat  
43
Ateistler barada henekler:

Geçen asyryň 30-njy ýyllary, uniwersitetde mugallym talyplary ylmy ateizmden okadyp otyrmyş. Bir talyp güpürdäp okuw otagyna girýär-de, mugallyma:
-Ýoldaş mollym, enkewedeçiler ýene-de bir mollymy alyp gidipdirler!-diýip gözüni petredýär welin, ateist-mugallym:
-Estagfurulla! Bizi bir Hudaý gorawersin!-diýip pyşyrdapdyr.

***
Ylmy ateizmden okadýan mugallym, sapak sorap durka, temany bilmeýän talyba goşmaça ýumuş buýurýar:
-Dünýä edebiýatyndan söweşjeň ateistiň çeper keşbini mysal getiriň!
-Otello.
-Düşündiriň.
-Ol gije öz aýalyndan: “Dezdemona, sen agşam üçin çokundyňmy?” diýip soraýar. Dezdemona oňa: “Hawa” diýip jogap berýärem welin, Otello şonuň üçin ony bogup öldürýär.

***
Geçen asyryň 37-nji ýyly bir gorkak mollany enkewedäň sülçüsi sorag edýär:
-Ine, men-ä musulman däl-de kommunist, sen näme?! Aýt bahym!-diýip, ol elindäki sapançany mollanyň alkymyna eltýär.
Gorkudan ýaňa huşy başyndan uçan molla, gyssanjyna:
-Keremli Hakyň emri bilen, Hudaýyň ateist bendesidirin!-diýip, jogap berýär.

***
Biri sowal berýär:
-Şü ateizmde iň erbet zadyň nämedigini bilýärsiňizmi?!
-Hawa.-diýip ýüzünde gan-pet ýok juw-ak biri jogap berýär:-Seň üstüňe sorgan (wampir) topulsa, senem onuň öňüne haç kesertseň, olam ateist bolup çyksa...

***
Ukusyna ejiz, ýatak oglanjygy ir bilen ejesi mekdebe gitmek üçin oýarmaga çalyşýar:
-Oglum, turaweri, ir turana Taňry berer diýýärler!-diýip ejesi ony yralaýar.
-Ýok, eje, maňa azar bermesene!-diýip ol yňranjyraýar:-Men barybir, ateist!

0
9 Bagabat  
43
Ýene-de ateistler hakda henekler:

-Takwa dindarlar öz durmuşlarynyň dogrudygyna göz ýetirmek üçin näme okaýarlar?
-Mukaddes Kitaplary.
-Ateistler öz ýaşaýyşlarynyň dogrudygyna göz ýetirmek üçin näme okaýarlar?
-Mukaddes Kitaplary.

0
10 Bagabat  
43
Ateist bilen dindar jedelleşýär.
-Ine sen: "Hudaý bar" diýýäň. Hany, sen Hudaýy görýäňmi?-diýip ateist hüžžerilýär.
-Ýok,-diýip dindar jogap berýär.
-Onda näme üçin sen görmeýän zadyňa "bar" diýýäň?
-Mysal üçin, ine men seniň beýniňem görüp bilemok. Ýöne bü sende şo zadyň ýokdugyny aňladýarmy?

0
11 Bagabat  
43
Takwa dindaryň gyzy aglamjyrap gelip, kakasyna arz edýär:
-Kaka, men halaşýan ýigdime durmuşa çykyp biljek däl. Ol ateist we Hudaýa-da, dowzahyň bardygyna-da ynanmaýar.
-Gyzym, sen alada etme-de oňa arkaýyn durmuşa çykyber. "Enesini gör-de gyzyny al" diýleni, nesip bolup, ejeňe şü meňzeýşiň bilen, olam edil meniň ýaly Hudaýyňam, dowzahyňam bardygyna gaty bahym göz ýetirer...

0
12 Bagabat  
43
"Mundan aňyrda hiç hili ganatam, kebeleklemegem ýok" diýip, pilede ýatan ateist ýüpek gurçugy soňky deminde pyşyrdapdyr.

0
13 Bagabat  
43
Beýik ateist

Gadym döwürde bir ýaş ýigit ýaşapdyr. Günlerde bir gün ol dinsiz bolmagyň kül-külüne düşüpdir. Onsoň ol bu ugurdan hemmeje zady doly hem dogry etmek maksady bilen özüne dinsizlik dersini hemmetaraplaýyn okadar ýaly halypa agtarmaga başlapdyr. Şol ýyllar ýigdiň ýaşaýan ülkesinde bir gutarnykly dinsiziň ady-awazasy ýaýran ekeni. Hamana, şol dinsiz islendik ruhanynam, din hadymynam bu ugurdan jedelde ýeňip, ony lam-jim bolmaga mejbur edýärmiş.
Onsoň şol dinsiziň şöhratynyň gurbany bolan ýigit ony tapyp, oňa şägirt bolmagyň alajyny gözläp ugrapdyr. Ol şol adybelli dinsizi agtaryp, ýollary söküpdir, her täze oba baranda-da şol dinsiz hakda sorapdyr. Birnäçe wagtdan soňam ol dinsiziň külbesini tapypdyr.
Ol hütdügiň işigine baryp, gapyny kakanda, içerden endirewük goja sesi jogap eşidilipdir:
-Bi gelen kim-haw?!
-Bagyşlaň, siz şo çar ýana çawy dolan dinsizmi?
-Bolup bilseg-ä şo bolmalydyrys, jahyl ýigit.
-Men sizi gözläp kän ýol geçdim. Indem eger razy bolsaňyz men size şägirt bolmak isleýän.
Içerden çykan garry ýigde geň galyp bakypdyr:
-Okuwçym? Aý ýigit, sen menden nämäni öwrenmekçi? Men senetkär däl, alym ýa-da syýasatşynasam däl.
-Men siziň dünýäde görlüp-eşidilmedik dinsizdigiňizi eşitdim. Menem ynanjym boýunça dinsiz. Şoň üçinem men sizden dinsizlik ylmyny nokatma-nokat, oturma-otur öwrenesim gelýär.
-Bäh,-diýip hasasyna söýenýän garry, ýeňsesini gaşapdyr:-“menem dinsiz” diýdiň-ow?!
-Hawa atam, menem dinsiz. Men Hudaýyň bardygyna düýbünden ynanmaýaryn.
-Bäh...Seň bü aýdýanyň-a düşnükli-le welin, ýöne sen maňa bir gulak sal, ýigit! Ine sen, Zebury, Töwraty, Injili, Gurhany okadyňmy?
-Ýok. Men ýöne...-diýip ýigit gepläp başlamakçy bolupdyr welin, garry onuň alypdyr:
-Özüňden ýaşy uly adamlaryň sözüni bölmek edepsizlik bolar, ýigit! Sen gowusy meniň soraglaryma jogap bersene. Sen ine, dinsiz bolup başlamankaň, ruhanylar, keşişler, mollalar, sopular, ymamlar, damyllalar, rawwinler bilen söhbetdeşlik edip gördüňmi?
-Ýok.
-Mukaddes ýerlere zyýarata baryp gördüňmi?
-Ýok. Bu zatlara ynanmasaň, o nämä gerek?...
-Sen takwa ýekemenleň ýaşaýan mekanlarynda, olar bilen ýaşap, olar bilen içgin gürrüňdeşlik edip gördüňmi?
-Ýok.
-Onda, han ogul sen dinsiz däl.
Ýigit aňk-taňk bolupdyr.
-Onda men kim?
-Nadan.

Çeşmesi: https://pritchi.ru/id_8305. 12.08.2022ý.

0
14 Yusup  
50
"Pikirlenmek, ýagny analiz etmek ukyby, ynamy inkär etmeýär diýip hasaplaýan.
Ynam:
1.Bilimiňe bagly däl;
2.Akylly ýa-da däldigiňe bagly däl;
3.Durmuşyňa bagly däl...
Ynam - ynanýandygyňa ýa-da ynanmaýandygyňa bagly."

Näme üçin? Bagly bolaýmasyn!

Men ýazyjy dälem welin seljermäne ymtyljak bolýan.
filesofiany, pisgalogiany okan adamyň dünýä garaýşy üýtgeýän bolaýmasyn?

0
19 Bagabat  
43
Okadygyňça dünýägaraýşyň üýtgemegi bolup biljek zat däl-de hökmany ýagdaý. Mysal, mön çagakaň jigiňi dükandan satyn alyp gelendiklerine (kelemden tapandyklaryna, leglegiň getirendigine we ş.m.) güpbe ynanýan bolsaň, orta mekdebiň ýokary synplarynda anatomiýany okanyňdan soň bu babatda dünýägaraýşyň hökmany ýagdaýda üýtgejegi öz-özünden düşnüklidir.
Ýöne, "häzirki zaman dünýewi ylmynyň açyşlaryny, gazananlaryny inkär etmezden ulahy ynanja gol berip bolmaz" diýen düşünje, kemter kakýan nukdaýnazarmyka diýýän.
Eger-de ylahy ynanjyň prizmasyndan dünýewi ylmyň öňe sürýän aksiomalaryna-da, gipotezalaryna-da seretseň, olar özaralarynda sepleşýär duruberýär.
Şeýlelikde, bilim däl-de ynanç dünýägaraýşyň mazmunyny kesgitleýän binýat bolýar.
Mysal üçin, Döwletmämmet Azadyny, Magtymguly Pyragyny öz döwrüne, önüp-ösen, ýaşan ýerine görä sowatsyz ýa-da akly kelte adamlar diýip atlandyrmaga hiç kimiň dili barmasa gerek. Emma olaryň ylym-bilimliligi, dünýägaraýşynyň giňligi olara ylahy ynançdan ýüz öwürmäge itergi däl-de, gaýta şol ynamyň has berkemegi üçin esas bolup hyzmat edendigi, olaryň döredijiligindenem görünýär.

0
15 Yusup  
50
Garaz, bolýala.
Düşündirip bilemok, söz çeperçiligim ýok.
Ateist däl, başardagymdan aýat-töwür öwrenýän. Nesip bolsa namazada duraryn. Nobatguly agadan sitata getirşiňize görä sorag berdimle. “Big Bang" a geçip gitdiňiz welin...

0
20 Bagabat  
43
Il ýüzüne ýüz ýyl tagat kylandan,
Ýagşydyr bir säher gözden ýaş gelse

Magtymguly Pyragy

0
16 Sergezzan  
707
Eger Huday yok bolsa, onda bu soraglar öz manysyzlygynda galyar duruweryar. Adam pikirlenip bilyan wagty, gümana bolan zada hem güp ynanyp bilmeyar. Bütin bu zatlar hakda, hacan we nahili öljekligin barada, bellibir pikir etmezden yaşaymasaň başga alaç yok.

0
17 Sergezzan  
707
Öz şahsy pikrim: Hiçbir adam gutarnykly ateist daldir. Hem Hudaýa şübhelenyanler ynanyanlara görä Huday hakda kan pikir etyan bolaymasa. Men Huday bolsam, özüm hakda şübhe etyanlere jeza bermezdim. Yeter, ol men hakda kan pikir etsin. Syr bolan zat hemişe gyzykly. Belki şonyn ucin Tanry özni belli eden daldir. Käbir adamlar bardyr özgelere düşner özi weli düşnüşnuksizdir. Bulary ynsanlar soyerler, gyzyklanarlar. Tanryly meselede şunun mysaly. Tanry eger bar bolsa'da, ol özni tanadardan juda päkdir.

0
18 Yusup  
50
@Sergezzan dogry bellediňiz.
Öň siziň teswiriňizi belläp goýupdum.

"Birahat ýaşaýyn diyseň köpüräk oka.

Çünki bütin ynjalyksyzlygyň, bütin alaçsyzlyklaryň sebäbi aňdyr. Rahatlyk, aň bolmadyk wagty bardyr.

Tupoy men, zato bagtly."

0
21 Bagabat  
43
Dogry.
Onda, diýmek Ýeriň ýüzünde iň bagtly jandarlar, amýobalar bilen planktonlar ekeni :-).

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]