04:59 Milli ýörelgelere daýanyp | |
MILLI ÝÖRELGELERE DAÝANYP
Hakyky bagty halkynyň sagdynlygynda, ýurdunyň abadanlygynda görýän hormatly Prezidentimiz ynsanperwer tagallalary amala aşyrýar. Şeýle tagallalaryň biri hem korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmekdir. Muny «Korrupsiýa garşy hereket etmek» hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, şeýle-de Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň döredilmegi hem tassyklaýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda korrupsiýa hereketi ýaly ýowuz apata jemgyýet bolup göreşmek işleri alnyp barylýar. Hukuk dili bilen düşünirilende, Korrupsiýa döwlet gullukçylarynyň wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly hut özi ýa-da arada durýan adamyň üsti bilen özi üçin ýa-da üçünji şahslar üçin pul, gymmatlyklar, emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almagy bolup, görkezilen adamlara şeýle peýdany beýleki şahsyň bikanun bermek arkaly olara bermit bermegi, şeýle hem ýokarda görkezilen hereketleriň ýuridik şahslaryň adyndan ýa-da olaryň bähbitlerine edilmegidir. Sada dilde, türkmençilik nukdaýnazaryndan seredeňde bolsa nebsiňe haý diýmän, dürli ýollaryň üsti bilen adamlary çürkemeklige, has dogrusy “medeniýetli talamaklyga” aýdylýar. “Türkmene haram ýokmaz” diýlişi ýaly, beýle ýalňyş ýollar bilen ýyglan mal hiç wagt haýyrlam bolmaýar, berekedem getirmeýär. Gaýtam tersine mukaddes ojagyňy ýykýar, bala-çagalaryňy zaýalaýar. Elbetde, biz şeýle ýagdaýa düşen hojalyklara az şaýat bolmadyk. Halallygy hemra edinip, ynsaply ýaşamakda ilkinji zerurlyk gözel ahlakdadyr. Şeýle ahlagyň özeninde bolsa milli terbiýe dur. Kämil terbiýe näçe berk bolsa ynsanyňam şonça göwni giň, gözi dok bolýar. Onsoň ol adama kiri sürtseňem ýokmaýar. Halkyň arasynda halal zähmeti bilen görelde bolýan adamlara “Pylankes-ä gözi gaty dok adamdyr” diýilmeginiň sebäbi şunda bolsa gerek. Adamzat döräli bäri, heňňam jemgyýetdäki ýazylan we ýazylmadyk kanunlar bilen öz ýumagyny sarap gidip otyr. Onuň içinde möwritini ötürenler bilen bir hatarda, şu wagta çenli dowam edip gelenleri hem bar. Şolaryň biri hem nesil terbiýesine degişli kada-kanunlardyr. Nesil terbiýesi hiç wagt könelmän, gaýta döwrüň milli aýratynlyklaryny özüne siňdirip, gitdigiçe baýlaşýan gymmatlykdyr. Ata-babalarymyz bu meselede öran berk kada-kanunlara eýeripdirler. Olaryň çagany ýaşlykdan terbiýeläp başlaýandyklary hemmämize mälimdir. Halkymyzda edep-terbiýebermek göreldesi çaganyň doglandan soň tä onuň ömrüniň ahyryna çenli uzalyp gidýär. Umuman, onda çäk ýok diýsek ýalňyşmarys. Ynsaby kirledýän hem-de jemgyýete uly zyýan ýetirýän nogsanlyklary köki-damary bilen aradan aýyrmakda milli terbiýä möhüm orun degişlidir. Bu babatda ata-babalarymyzyň türkmençilik ýörelgesi görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» diýen kitabynda şeýle setirler bar: «Türkmençilikde baý bolsun, beg bolsun diýilmezden öňinçä «Ynsaply bolsun!» diýilýär. Uly adam bir işi nälaýyk etse, oňa öwretmezden, käýinmezden öň «Ynsabyna guýulsyn!» diýilýär. Şol adalat terezisi» dürs bolsun diýildigi bu! Ynsaply kişi jemgyýete görelde, onuň ady il içinde bellidir. Il ony mertebelär, geňeşdar hasap eder». Şu parasatly jümlelerden görşümiz ýaly, terbiýe meselesinde türkmençilik ýörelgesine aýratyn orun berilýär. Hatda adalat terezisiniň şol terbiýede, görüm-göreldede dürs bolýandygy bellenilýär. Ýokarda getirilen jümleler taryhyň gatlaryna baky siňen «Gunlarda (türkmenlerde) zyndan bolmandyr. Sebäbi olarda tertip-düzgün örän berk bolupdyr» diýlip, halkymyza berlen bahanyň asyl köküniň nirededigine göz ýetirmäge ýardam edýär. Diýmek, kämil edep-terbiýe türkmen halkynyň zandynda bolup, ol asyrlarboýy syntgylanmak bilen şu günki nesillere miras goýlupdyr. Her halkyň hem öz nesilme-nesil geçip gelýän özboluşly gymmatlyklary, terbiýe berijilik aýratynlyklary bar. Türkmen öz çagasyny dil bilen aýdyp däl-de, öz görüm-göreldesiniň üsti bilen terbiýeleýär. Terbiýe bermek işiniň belli bir wagty, salymy ýa-da ýeri bolmaýar. Ol türkmeniň toýunda, ýasynda, has dogrusy ýagşy umytlar bilen başlaýan her gününde öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň ýene bir aýratynlygy – öwrenen ylmyna amal edip, ony gündelik durmuşynyň süňňüne siňdirýänligindedir.Döwletmämmet Azadynyň ylmyna amal etmedik alymy «Üsti kitap ýükli hara» meňzetmegi ýöne ýerden däl ahyryn. Halkymyzyň durmuş mekdebi bolan bu aýratynlygy, dessine terbiýeçilik kada-kanunyna öwrülipdir. Maýasy ylymdan gorly bolan bu kada-kanunlaryň oguz han eýýamyndan gözbaş alyp, orta asyrlaryň meşhur alymlarynyň, akyldarlarynyň miras goýan kitaplarynda (Wepaýynyň – «Rownakyl-yslam», Hoja Ahmet Ýasawy - «Hikmetler», Muhammet Gazaly «Ihýa ulumiddin» we beýlekiler) beýan edilendigini okap haýran galýarsyň. Bu kitaplary diňe türkmen halky däl, bütin Gündogar ürç edip öwrendi. Emma olar türkmen halkynyňky ýaly, hiç bir halkyň medeniýetine, däp-dessuryna, edep-terbiýesine berk ornaşmandyr. Sözümi çagalygymyzdan gulagymyzda galyp, bütin ömrümize sapak bolýan we özümiziň hem perzentlerimize miras goýýan şeýle terbiýeçilik kadalarymyz bilen delillendirmek isleýäris. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, bu kadalar şulardyr: ýere gaçan çörek owuntygyny basgylamazlyk (eger şeýtmeseň gözüň batyl bolmagy), çöregiň iki gapdalyndan döwmezlik, ony ysgamazlyk, gap-gaçlaryýuwman goýmazlyk, iýip içilmegiň öňünden we soňundan eliňi ýuwmaklyk, elleri silkmezlik, işikde oturmazlyk, oturan adamyň öňünden geçmezlik, ulularyň kiçilere ilki salam bermegi, biwagt gezmezlik, aýrylan saçy, dyrnagy gören ýere taşlamazlyk, saçy oturyp daramak, kişiň malyna göz gyzdyrmazlyk, ogurlyk zadyň ýokmazlygy. Bulary näçe sanasaň sanap oturmaly.Olar, öz gezeginde, birnäçe görnüşe eýe bolan iç-içi mazmuna eýedir. Türkmene «Süňňi halal» diýilmeginiň manysy şeýle aýratynlyklarymyzda bolsa gerek. Esasy temamyzdan daşrakda bolsa-da milli terbiýede salamlaşmagyň hal-ahwal soraşmagyň edebine degişli, çagalygymda şaýat bolan bir wakamy ýatlasym gelýär. Ýüz ýaşy arka atan garry mamam bardy. Obanyň adamlary onuň ýanyna häli-şindi salama gelerdiler. Men munuň sebäbini bir asyry gören adam bolansoň şeýledir diýip pikir edenem bolsam, bu pikirimiň ýöntemdigine soň-soňlar göz ýetirdim. Bir gün onuň ýanyna segsen ýaşy arka atsa-da, entek juda ýaş görünýän mekdep mugallymy salama geldi. Saglyk-amanlyk soraşylansoň, mamamyň ýanynda oturan, orta ýaşly goňşy aýal sen-men ýok mugallyma morta soraglary ýagdyryberdi. Ol mugallymyň ýaşyny we näçe aýlyk alýanyny sorady. Berlen soraglary gabanan mamam gürrüňi başga ýana sowmak üçin elinden gelenini etdi. Mamamyň aýtmagyna görä şol wagt mugallym erbet ýagdaýa düşüpdir.Myhman gaýdansoň, mamam türkmençilikde adamyň ýaşy bilen onuň girdejisiniň soralmaýandygyny birnäçe mysallaryň üsti bilen düşündirdi. Görşümiz ýaly, her babatda örän ünslüligi talap edýän milli ýörelgämizden nusga alarlyk zat örän kän. Nusgalyk mekdebe öwrülen milli terbiýäniň içinden eriş-argaç bolup geçýänleriniň biri hem halallyk ýörelgesidir. Halallyk hem öz gezeginde rysk halallygy, lebzi halallyk, süňňi halallyk ýaly toparlara bölünmek bilen sagdyn, päk ýaşaýşyň esasyny düzýär. Bu bolsa, elbetde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halkynda, ertirki neslinde görmek isleýän aýratynlyklarynyň biridir. Türkmen halkynyň maşgala gatnaşyklaryna bolan garaýşynda esasy jogapkärçilik diýlip perzentleriňi halal gazanç bilen ekläp-saklamaga düşünilýär. Eýsem, bu halkymyzy ençeme asyrlardan bäri dünýä ýüzünde berk maşgala düzgünli, ajaýyp ahlak sypatly halk hökmünde tanadan aýratynlyklarymyzyň biri dälmi näme?!Binýady halallykdan tutulan maşgalada kemala gelen nesiller bolsa ýagşylyga ýaran, Watanyň, il-günüň hyzmatyna gaýym, her bir meselede ynsabyna görä hereket edýän adamlar bolup ýetişýär. Hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda jaýdar belleýşi ýaly:«Adam ýaşy näçe bolsa-da, özüniň ýaşlygynda alan terbiýesi, görüm-göreldesi, edep-ekramyesasynda özüni kämilleşdirýär. Ýaşlygyňda, hususan-da çagalyk ýyllaryňda maňzyňa guýlan edep zandyňa ornaýar.Soň durmuşda ol saňa hemişe uly işlere hyjuw berýär». ■ Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere / Rysk halallygy Halal gazanç etmek, perzentleriňe halal lukma iýdirmek bilen bagly kada-kanunlar halkymyzyň aňyna we terbiýesine nesilden-nesle geçýär diýsek ýalňyşmarys. Halallyk bilen bagly dowamat dowam bolup gelýän milli terbiýämizi şu günki bagtyýarlyk döwrüniň nesillerine geçirmekde türkmençilik ýörelgesine salgylanmagymyzyň özüne ýetesi sebäpleri bar. Sebäbi türkmençilik ýörelgesi türkmen halkynyň özüne has bolan milli aýratynlyklarynyň syntgylanyp, taraşlanyp, şu günlere ýetirilen ýörelgedir. Şeýle hem bu ýörelge öz gözbaşyny päk akabadan alyp gaýdyp, bereket akary hiç wagt egsilmejekçeşme mysalydyr.Bu bereketli çeşmeden ganan perzentlerden bolsa ynsany bezemeýän ýaramaz gylyklaryň hem-de endikleriň çykjakdygy barada oýlanyp oturara esas ýok. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Türkmençilik diýen düýpli sünnälenilen ýörelge arkaly nähili amallaryň adamkärçiligi bezeýändigini, haýsylarynyň bolsa adamyň mertebesine laýyk gelmeýändigini bize çagalykdan ündediler. Indi seredip oturýan welin, şol wagtlarda «Türkmençilige gabat gelmeýän» hökmünde sargalan ýagdaýlara duçar bolmazlyk babatdaky kanunlaryň resmi kabul edilmegi bilen berkidilipdir»diýip, jaýdar belleýär. Eşretli durmuşy halal gazançda görýän halkymyz bu meselä örän seresaply çemeleşýär. Biz hatda dileg edilende içiňde halal lukma, egniňde halal don bolman edilen dilegiň kabul bolmaýandygy baradaky aýtgylary köp eşidendiris. Bu babatda inçeden yzarlaýan türkmen halky iň bir kynçylykly pursatlarda-da harama ýüz urmagy özüne namys-ar, mertebesiniň pese düşmegi hasaplaýar. Akyldar Nejmeddin Kubra ýöne ýere «Halal gazanç dereje-mertebedir» diýmeýär ahyryn. Şu ýerde türkmen halkynyň geçen asyrdaky muşakgatly ykbalyndan güzeranyndan söz açýan Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanyna ýüzlenesimiz gelýär. Ýowuz gelen açlyk Annageldi ussanyň halys essini alyp dula duwlap goýýar. Atasy öýüne gezmäge gelen Abadana bir çümmük bolup galan atasynyň egbarlan tabyny görmek juda agyr degýär. Maşgalasynyň bu halyna ýüregi gyýlan naçar çykalgasyz ýagdaýda Kynyş baýyň ýaman pirimini amala aşyrmagy boýun alýar. Kynyş baý bolsa Abadana tabşyran işiniň muzdy hökmünde oňa ene-atasyny azyk bilen üpjün etjekdigini aýdýar. Emma bu mesele Annageldi ussanyň halal ojagynda başgaça çözülýär. Mädesi hepbik ýaly bolsa-da, öňündäki Kynyş baýyň beren azygyndan taýýarlanan mele-myssyk çörekdir, gara çorbadan ýüz öwren ussa jigerbendine şeýle sözleri diýýär: «— Gözleriňden akýan ýaşyň her damjasyna gurban, balam. Men saňa düşünýän guzym. Sen ajyndan ölüp barýan ataňy öldürmän saklajak bolup, örän ýaman işi boýnuňa alypsyň. Kysmat şundan bolsa, goý, men öleýin, ýöne sen beýle iş etme. Iň, gowusy hol küýzeden bir käse suw guýup, Kynyş baýyň beren awusyny içine at-da maňa «Iç» diý. Men seniň sözüňi ýykman içeýin. Ýöne maňa: «Şu çorbadan iç, şu nandan iý diýme. — Indi ol «Annageldi ussanyň açlykdan aňkasy aşandyr. Bar zada razy bor» diýýändir. Ýo-ok, Annageldi ussa kazaga razy bolar, beýle zada razy bolmaz. — Men bütin ömrümi ussaçylyk bilen ötürdim. Her kim köne şaý getirip, täze şaý buýurýardy. Şol köne şaýlaryň ýüzüne çaýylan gyzyly gyrmaly bolýar. Ana, şonda kimiň şaýyndan näçe eşrepi çyksa, aýratynja düwünçege düwüp, musaýa satýan. Bir tini eýläk-beýläk etmänem, getirip, eýelerine tabşyrýan. Ynha, şeýdibem şu ýaşa geldim. Indi, gel-gel, ömrümiň ahyrynda Kynyş baý maňa, meniň çagama näme işler etdirjek bolýa? Aý, dünýä, heý! Şeýle, gyzym, sen alanja zatlaryňy yzyna eltip ber. Maňlaýda näme bar bolsa, görübiýris». Ine, türkmeniň hiç bir halkyňka meňzemeýän görelde mekdebi. Halal ýaşap, nesillerine halal terbiýe bermeginiň türkmençilik ýoly. Halal durmuşynyň özeni. Oýlanyp göreliň, şu sözler her bir türkmen atasynyň öz perzendine aýdyp biljek sözleri dälmi näme»?! Elimizi ýüregimiziň üstünde goýup, boýun alalyň.Ömründe iň bolmanda bir gezegem bolsa, halal ýaşamak, halal gazanç edip, rysgyňy halaldan tapmak meselesinde atasynyň ýüreginden çykan sözleri bilen garşylaşmadyk türkmen balasy barmyka? Elbetde, ýokdur. ■ Haýyrly mal eýesini tapar Durmuşda «Haýyrly mal eýesini tapar» diýen nakylyň ulanylyşyna köp gabat gelýäris. Bu nakyl «Paýhas çeşmesi» kitabyndan hem orun alan nakyllaryň biridir. Indi, bu nakylyň aňladýan manysyna üns bereliň. Ilki bilen, «Haýyrly mal (zat manysynda)» söz düzümine düşünmäge çalşalyň. Haýyrly mal – eýesine haýyr, ýardam getirýän mal. Eýsem, nähili mal haýyrly bolýar? Elbetde, alyn deriňi döküp gazanylan mal haýyrlara sebäpdir. Haýyrly mala «Eýesini tapar» diýilmegi bolsa, halal gazanylan zadyň, baýlygyň nesibesiniň hiç wagt eýesinden aýrylmaýanlygyndadyr. Biz gündelik durmuşda käbir adamlaryň «Pylan zadymy ýitirdim. Halalja gazanjyma alypdym-da» diýen sözlerine «Gyssanma, sabyrly bol. Nesibäň aýrylyşmadyk bolsa, hökman taparsyň. Onsoňam haýyrly mal eýesini tapar» diýilýär» diýip, olara ruhy goldaw berilýän ýagdaýlara az duş gelmeýäris. Emma siz ýitirip, soňra tapylmadyk haýyrly malyň, nädip eýesine gowuşýandygy hakynda oýlanyp gördüňizmi? ■ Halala hasap bar… Halk arasynda halal gazanja alnan zadyň eýesini hiç wagt terk etmeýändigi hakyndaky ynanç şeýlebir güýçli welin, käte oňa oturyp haýran galýarsyň. Bu babatda pikir-oýuňa aralaşan bimöçber soraga jogap gözlemek üçin dessine kitap gatlaryna baglanýarys. Onsoň kitapdan tapan jogaplarymyzy gözümiz bilen gören hakykatymyz bilen saldarlap görýäris. Alan netijelerimiz bolsa asly halal halkymyza gaýta-gaýta “Öwrenen ylmyna amal etmekde nusgalyk halk” diýmegimize esas döredýär. Şu ýerde mysal hökmünde çagalygymda şaýat bolan bir wakany –durmuş hekaýatynyýatlasym gelýär. Oba durmuşynyň özboluşly aýratynlygy bar. Onda her bir waka edil ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýar. Hatda sen halal gazanýaňmy ýa haramylyk edýäňmi - ähli zat edil eliň aýasynda ýaly aýan bolýar. Oba ilatynyň täze göçüp gelen hojalygy entek goňşy oturyp, duz-emek bolman tanap bilişlerine welin haýran galýarsyň. Bu barada hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” romanynda şeýle sözler bar: “Ähli türkmen obalaryna mahsus bir aýratynlyk bar: oba täze gelen kişini şeýle takyk tanaýarlar welin, dynnym ýalyjagam ýalňyşy ýokdur. Adamy çalt hem takyk tanamakda, türkmenler, megerem, Ginnesiň rekordlar kitabyna girsinler gerek”. Günleriň birinde daýymyň ogly bir asyry arka atan garry mamamdan (meniň garry mamam onuň garry enesi enesi bolýar) synpdaşy – obamyza täze göçüp gelen maşgalanyň ogly barada gürrüň berdi. Ol synpdaş ýoldaşynyň entek ýaşynyň kiçidigine garamazdan altyn sagadynyň bardygyny, hatda oňa gymmat bahaly ulag hem alyp berendiklerini aýtdy. Şonda mamam: “Hol obamyza täze göçüp gelen pylanynyň ogly hakynda aýdýarmyň?! Tüweleme, nesip etsin. Halal gazançdan ýetiren bolsun-da” diýdi.Mamam sözüni soňlap soňlamankam, daýymyň ogly: “Eger ol zatlar halal gazançdan bolmasa näme?” diýen sorag bilen tiňkesini dikdi. Şonda biz mamamyň jogabyny eşitmek üçin durşumyz bilen gulaga öwrüldik. Mamam biraz özüni dürsedi-de, her sözüne dyngy berip: “Onda ähli ýygnalan baýlyk öz eýesine tarap gider” diýip jogap berdi. Bu jogaba bizallaniçiksi bolduk. Ýetginjeklik bilesigelijiligi bu gürrüňi goýmaga halys per bermedi. Hyýalymyzdaky her jüre pikirler, aýak bitägedin öz eýesine garşy ýüwrüp barýan baýlyk hakyndaky göz öňüne getirmeler mamama ýene-de sorag bermäge mejbur etdi. Şonda mamamyň: “Halal ýol bilen gazanylmadyk, kişiniň rysgalyna dahylly mala siziň hyýalyňyzdaky ýaly aýak bitip ötägidibermez. Ýok, asla beýle bolmaz. Ol düýbünden başga ýollar – oslanmaýan ýerden bereket bolup, eýesiniň rysgalyna goşular. Munuň şeýle boljakdygy hakynda maňa-da atam gürrüň berdi” diýen sözleri biziň maňzymyza batyp, halal ýaşamagyň düýp mazmunyna düşünmäge sebäp boldy. Hatda häzirem halal ýaşamak, durmuş terezisinde dürs bolmak babatda aýdylanda, hakydama ebedilik ýazylan mamamyň şu we başga-da kän gezek diňlemek nesip eden sözlerini, onuň bilen baglanyşykly gymmatly pursatlary ýatlaýaryn. Elbetde, makalada şeýle mysallary getirmegimiň sebäbi – halka ýetirilmegi niýetlenen her bir zadyň maksadyna ýetmeginde halka ýakyn bolan durmuş hakykatynyň möhümdigi hakyndaky pikirden ugur alýanlygymdadyr. Ýagşy edep-terbiýedengaýdýan halallyk ynsanyň abraý-mertebesine dahyllydyr. Durmuşda kanagatly, rysgyna şükürli, dokmäde, gazanjynda gümürtiklige ýol bermeýän adamlaryň orny başga bolýar. Olar “Eli, kalby arassa” diýilýänlerden bolup, halkyň arasynda uly hormatdan peýdalanýarlar. Mysala ýüzleneliň. Türkmen bir işiň başyny tutanda, ilki bilen ene-atasyndan, soňra halalhonlygy, dogruçyllygy bilen tapawutlan adamlardan ak pataalýar. Şeýle edilmeginiň aňyrsynda başyny tutan işiniň oň boljakdygy hakyndaky ynanç bar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz bize görelde mekdebidir. Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli işleriň başyny tutanda, ýurdumyzyň iň bir sylanylýan ýaşululary, şeýle-de döwlet işgärleri bilen maslahat etmegi asylly däbe öwrülen ýagdaýlaryň biridir. Rysgalyň, şeýle hem her bir maksat-niýetiň binýadynyň halaldan tutulmagy, onuň halallyk ýoly bilen ilerlemegi hakynda näçe ýazsaň ýazybermeli. Bu durmuş hakykaty ýazylan, häzirki wagtda ýazylýan we geljekde ýazyljak eserlere baş çeşme bolup hyzmat edýär. Hamana onuň tükeniksizligi adamzat ähliniň dowamaty bilen uzaýan ýaly. “Ýaly” däl, hut şeýle diýip bilerismi?! Türkmen halky özüniň susup aldygyňça, gerimini barha giňeldýän halallyk terbiýesini barha kämilleşdirmek bilen, perzendiniň kalbyny men-menlikden, parahorlykdan, kişiniň malyna hyýanat etmekden hem-de her dürli ýaramaz gylyk-häsiýetden goramagy başarandygy bilen beýikdir. Olar hut şeýle aýratynlyklary bilen egsilmez rysgal-bereketiň eýesidir, ynsanperwerdir, tüýs watançydyr. ________________________________ Sagyt ibn Humaýdyň sözleri*: «Ata-babalaryňy ýatlap, magtanmagyňy bes et. Biziň ählimiz Adam ata bilen How eneden gözbaş alýarys. Buýsanmak isleseň, şu dört zada eýe bol: Takwalyk, haram işden saklanmak, ýagşy edep we akyllylyk. Bu dört zat bilen sen mertebäniň we öwginiň örküjine çykarsyň» Gurbanjemal ANNAKOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |