11:50 Kakama | |
KAKAMA
Bilýäň, juda töwekgel men, «Oňmasa, kakam bar» diýdim. Öz göwnümi döwekgel men, «Ýoňlasam, kakam bar» diýdim. «Agyrtma dünýä kelläňi, Ýeterin!» diýen sen dämi? Durmuş bu: «Barja teňňämi soňlasam, kakam bar» diýdim. Şirin janym ýurda bendi, Topragymdan aldym pendi. Bolsam onuň hak perzendi, «Bolmasam, kakam bar» diýdim. Başysyň dileg-dogamyň, Bagş etdim ähli sogabym, «Magşarda berjek jogabym bilmesem, kakam bar» diýdim. Dert kär etmänsoň ýüregňe, Gözlerňi aldy deregne, Garap pelegiň garagna: «Gülme sen, kakam bar!» diýdim. «Gora ony, Jepbar» diýdim. «Gapbar» diýdim. «Kahhar» diýdim. | |
|
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |