14:23

Mona Lizanyñ ''Durmuşy'' barada täsin maglumatlar

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 620 | Добавил: Jeksparro | Теги: Selbi Hojaýewa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
1
1 Bagabat  
43
Leonardo da Winçiniň Mona Liza Jokondasy barada şeýle henekler bar:
Taryhçy alymlar ahyry Mona Lizanyň matally ýylgyryşynyň syryny açypdyrlar: Görüp otursalar Mona Liza şol pursat adamsynyň özünden bukup goýan puljagazyny tapypdyr.

0
2 Jeksparro  
405
Selbi kimiñ suratyny çekýäñ!? smile

1
3 Bagabat  
43
Siz Mona Lizanyň ýylgyryşyna Fransiýanyň Luwr köşgündäki muzeýe gitmezden tomaşa etmek isleýärsiňizmi?
Onda aýalyňyzdan öz aýlygyňyzy nirä gizländigini sorap göräýiň.

1
4 Jeksparro  
405
@Bagabat, biggrin punk biggrin

1
5 Bagabat  
43
Leonardo da Winçi Mona Lizanyň ýylgyrýan dodaklaryny çekmek üçin 12 ýylyny sarp edipdir.
Sebäbi ol şol ýyllaryň arasynda 1888 sany başga surat çekipdir, iki sany suw diňini gurupdyr, 1000-den gowrak oýlap tapyşlaryň şekilini çekipdir. 300-e golaý şähere syýahat edipdir. Onuň daşyndanam birnäçe işde işläp, ipoteka karzyny üzüpdir...

1
6 Bagabat  
43
-Näme üçin dünýäde millionlarça erkek kişiler Mona Lizany halaýarlar?
-Sebäbi ol hemişe geplemän, diňe ýylgyrmak bilen çäklenýär.

1
7 Bagabat  
43
Interneti çakdan aşa köp ulanýan, netkeş ýetginjek öz ata-enesi bilen Fransiýa syýahatdan dolanyp gelipdir. Mugallyma ondan Parižde Luwr köşgüne baryp görendiklerini ýa-da görmändiklerini sorapdyr. Ýetginjek Luwra barandyklaryny aýdypdyr. Mugallyma:
-Ol ýerde saňa haýsy sungat eseri has gowy ýarady?-diýip sorapdyr.
Netkeş ýetginjek:
-Smaýlik.-diýip jogap beripdir.
-Haýsy smaýlik?
-Şol Leonardo da Winçi diýilýän dizaýner tarapyndan ýasalan "Mona Liza" diýilýän ýylgyryp duran smaýlik-le...

1
8 Bagabat  
43
Medeniýet çygryndaky täzelikler:
Hünärmenler tarapyndan Mona Liza suratynyň aşaky bölegi tapyldy. Sungat eseriniň ol bölegi boýunça bilermen seljermesi geçirilenden soňra, şol suratda Leonardo da Winçiniň öz portretini çekendigi barada alymlarda hiç hili şek-şübhe galmady.

0
9 Bagabat  
43
Jokonda öýlenmäge höwes edýän sallahlaryň dykgatyna:
Ruhyýeti öwreniji alymlar nikadan soňky maşgala durmuşynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň Jokondany Drakonda öwürmeginiň ähtimallygynyň derejesini 87 göterim diýip hasap edýärler.

1
10 Bagabat  
43
Leonardo da Winçi Jokondanyň ýylgyryşyny 12 ýyllap çekipdir. Hazirki döwrüň kompýutere ezber ýigitleri bolsa islendik albassyny fotoşopda 12 minudyň dowamynda perizada öwürýärler.

1
11 Bagabat  
43
Fiziognomikadan (ýüz-keşbiň alamatlaryndan ugur alyp, adamyň pikirlerini okamak) ýokary derejeli hünärmenler Mona Lizanyň ýylgyryşynyň syryny ýorup, onuň pikirini okanlarynda şu jümle emele gelipdir:
-Gatygy kimiň dökendigini men bilý-ä-ä-n!

0
12 Bagabat  
43
Britan fiziognomist alymlary Mona Lizanyň ýylgyryşynyň syryny ýorup, onuň pikirini okanlarynda şu jümle emele gelipdir:
-Ýarty çüýşe aragy başyňyza çekiň-de, eliňize-de ýarty kerpiji alyp köçä çykyň, özüňizem öňüňizden çykan adama mümkin boldugyndan mähirli we syrlyja ýylgyryň. Şonda siz adamlaryň nä derejede salyhatly we mylakatly bolup bilýändiklerini aýdyň görersiňiz!

0
13 Jeksparro  
405
Gatygy döken Pişikli goşgy bara şo ýadyma düşüp gitdi-dä!

Kowalady Arzygül,
Böküp gitdi pişijek,
Jamda duran gatygy,
Döküp gitdi pişijek... smile

0
14 Bagabat  
43
-Ahyryn Jokondanyň ýylgyryşynyň syry ýoruldy-ow!-diýip, arryjak sungatşynas aýalyna begenç bilen buşlapdyr.
-Ýeri, onsoň?-diýip aýaly biparhlyk bilen dyrnaklaryna timar berip oturyşyna sorapdyr.
-Jokondanyň suratyny çekende suratkeş çyp-ýalaňaç ekeni. Onuň şol sypaty hem Jokondanyň dodaklarynda syrly gülümsiremäni emele getiripdir...
Aýaly dyrnagyna timar bermesini goýup, sungatşynasa geňirgenme bilen garapdyr-da, müňkürlik bilen hümürdäpdir:
-Mümkin däl. Sebäbi mysal üçin men-ä saňa şeýle ýagdaýda seredemde seniň sypatyň näçe kindiwanja bolsa-da mende syrly ýylgyrmaga höwes döretmeýär-de, özümiň şum täleýime agymy tutdurýar...

0
15 Bagabat  
43
Äý, biz näme, Wan Dammyň hemme kişini öz wertuşkasy bilen paçak edip pytradýan kinolarynyň döwründe ýaşlygymyzy geçirdik-dä. Şonuň üçinem, soňky ösdürimleriňki ýaly, spaýdermen, betmen, ironmen ýa-da ýene birtopar gör-lähet boljak bolup durman, aýtmaga gep tapmasak, şoňa salgylanmaga endik edäýipdiris-dä. biggrin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]