18:38 Iki din | |
IKI DIN
Publisistika
Din işleri ministri Ali Erbaşyñ Türkiýede we Saud Arabystanynda ulanan lýuks awtoulaglary gyzgyn jedelleriñ turmagyna sebäp boldy. Iñ ýamany näme, bilýäñizmi: din adamynyñ isripçilikden, göz üçin bezenişden utanmaýanlygy! Üns merkezindäki ýene bir mesele-de "Menzil" jemagatyndaky pul-baýlyk dawasy... Hezreti Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) bir sözüni ýatladyp geçsek gowy bolar: "- Menden soñ bir kowum geler: dürli nepis naharlary iýerler, dürli eşikleri geýerler, owadan aýallary alarlar, gowy atlara münerler, olaryñ içi az-uçuk zat bilen dolmaz, köp zada-da kanagat etmezler. Olaryñ bar bileni-biteni dünýä bolar, dünýäge çokunarlar, hemme zady şu dünýä üçin ederler. Şol eebäpli menden pent bolsun! Siziñ çagalaryñyzdan kim olary görse, olara salam bermesin, syrkawlaryny soramasyn, jynazalarynyñ yzyndan gitmesin, olaryñ ýaşulylaryna hormat goýmasyn, bulary kim ýerine ýetirmese yslam dinini ýykmakda şolara şärikdeş bolar..." Erbaşdyr "Menzil" jemagaty şu sözi bilmeýändir öýdýärsiñizmi? Gowy bilýärler, ýöne olar ruhy açgözlüge, daşky görnüşe ýeñilipdir. Şeýle gürrüñe girmeli bolýarys: * * * Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýa-da Hezreti Aly (r.a) nämüçin baýlykda, elpe-şelpelikde ýaşamady? Nämüçin mal-mülksüzleşdiler, näme sebäpli yzlarynda hiç hili miras galdyrmadylar? Erbaş tetelliler "Lehül-Mülk" ("Eýeçilik halkyñkydyr") sözüni ýatdan çykardylar, ýatdan çykartdylar! XXI asyrda Ebu Jehildir Ebu Sufýanyñ düzgünini dowam etdirýärler. Eýsem-de: Allanyñ adyndan bir adam ýa-da bir topar wekilçilik edip bilmez. Alla adamlaryñ hemmesinde tejelli edendigi üçin "eýeçilik Allañky diýmek, eýeçilik hemmäñki" diýmekdir. Gynansak-da, häzir eýeçilik dini synpyñ we bular bilen äbede-jüýbe kapitalizmiñ elinde! Yslam taryhynyñ fykh we tefsir ylmy aşa baýlaryñ - döwletiñ eline geçendigi üçin kitaby, hadyslary özlerine laýyklap düşündirdiler, düşündirýärler! Orta şu reallyk çykýar: Haýsy din? Ali Şeriatiniñ aýdyşy ýaly iki din bar: Aslyýetinde biri-birine garşy bolup, taryhyñ dürli döwürlerinde bir-birlerine garşy söweşip gelen we häzirem söweşýän iki diniñ arasyny açmak gerek. Biri din adamlarynyñ penjesine giren din, beýlekisi-de hakyky din. Biri formalizmi tapawutlandyrýan, beýlekisi “La ilahe illallah” diýýän din. Hakyky diniñ bu formulasy "Alladan başga hudaý, hojaýyn ýok" manysyny berýär. "Diñe Allany kabul edýäris" diýmegiñ manysy şeýle: * * * Alla şu dünýäde göz bilen görüp boljak zat bolmandygy üçin aýatlary, älem-jahanyñ kanunlaey, taryhyñ we durmuşyñ dialetiki kanunlary meýletin ylalaşyklardan döreýän jogapkärçiliklere uýma manysyndadyr: “El kitabi el mübin.” (Düýbi doly birmeñzeş bolan kitap). Hakyky din "biz diñe şu düzgüne uýýarys, şondan başga agalygy ykrar edemzok" manysyndadyr. Eger şeýle bolmasa: Yslam geografiýazynda Zenj, karmatiler, Ebu Muslim Horasany, Babek Horramy, Hasan Sabbah, babaýylar, Şeýh Bedretdin, muhammira-gyzyllar, jelalylar ýaly baý-kulaklaryñ emele getiren dinine garşy turan gozgalañlar bolup geçermidi? Döwletleriñ düzgünleşdiren fykh, kelam, akaid, taryh çeşmelerinden seredilende bu gozgalañ hereketleri halkyñ janyna, malyna, namysyna göz diken hudaýsyzlardy we bulara garşy söweşmek döwletiñ we diniñ salamatlygy üçin parzdy. Barsy ýalan! Agzalan ähli gozgalañlaryñ barsy diskriminasiýaçy, gul eýeçilikli, agalyk ediji synpyñ agyr salgytlaryna, basyşlaryna, daban azabtna eýe çykan, aýal-gyzyny gyrnaklykdan goramak islän we hojaýynlarynyñ eçilenleri bilen ýaşamaga duçar edilen köpçülikleýin halk gatlaklarynyñ dady-perýadynyñ ýetjek derejesine gelip ýeten sepgididi... Gurhan ýat tutmak üçin däl-de, añlamak, akyl ýetirmek üçin bar. Taryhyñ ýeke-täk üýtgewsiz hakykaty - ezýän bilen ezilýäniñ müstekbir (özüni ýokary saýyp, hakykaty kabul etmeýän) bilen mustazafyñ (sowatsyz jemgyýetde gysylyp saklanan ejiz gatlak) çaknyşygydyr. Dörände turuwbaşdan rewolýusioner we protestçi ruhda dörän din öñden ýola goýlan düzgünleriñ howpsuzlyk enjamyna öwrüldi! Alla bilen oýanan dünýä Alla bilen uklaýan dünýä halyna getirildi. 31-nji martdaky saýlawlaram "resmi ruhbanlyk synpyñ" wekili Ali Erbaş ýalylaryñ düzgünine garşy atylan nagralardyr. Din işler ministrliginiñ indi Watikandan parhy ýok! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||