09:27

Namys / hekaýa

NAMYS

…Sowukdy. Garagumyň gurak, şatylama aýazy içiňden geçip gelýärdi. Gije gyrawy ýüzünde doňan çäge Dorbedewiň toýnaklarynyň astynda “hüpürt-hüpürt” edip, döwlüp akyp gidýärdi. Aýy-güni dolup, bu gün-erte halda bolan Hallygözel düýnden bäri at üstünden düşmeýändigi zerarly halys ysgyndan gaçypdy. Ýaňgalylaryň arasynda çydamlylygyň, azaphonlugyň, gara zähmete gaýym çulumlygyň, jepakeşligiň, şatyrlygyň nusgasy hökmünde “Taňryberdi baýyň tohumy” diýip mysal getirilýän maşgalanyň körpesi bolan Hallygözele hiç kim lälijek ösen ýa-da süňňi gowşak diýip biljek däldi.
Ynsanlaryň ykballaryny mynjyradyp aňsat baýlyk gazanmagyň kül-külüne düşen kese ýerli garakçylaryň däli alamynynyň penjesine ilip, ýetim galan, ençe ýyllap gulçulykda bolanyndan soň, gandarynyň kellesini alyp, Kesearkajyň Ýaňgalasyna dolanyp gelen, Taňryberdi baýy, ýa-da ilçilikde iki-ýeke ýüreklerinden gurum dökülip duran bahyllaryň atlandyryşy ýaly, “Taňryberdi ýetimegi” diňe bir Kesearkaçda däl, Mary ilinde-de, Hywa ulkelerinde-de, Lebap ýakalarynda-da, Owganda, Eýranda, Buharada-da tanamaýan az-azdy. Onuň nädip tütjar baýlygyň, depseň yranmaz döwletiň eýesi bolandygyny hem uly il bilýärdi. Käbir agzyboşlaryň aýdyşy ýaly Taňryberdi gulçulykdan gaçyp gaýdanda, ene-atasynyň başyna ýeten gandarynyň kellesi bilen bilelikde onuň alamançylyk bilen toplan altynly humuny alyp gaýtmandy. Taňryberdiniň baýlyk gazanyşynyň taryhyny Ýaňgalalylardan soramalydy. Onuň tarypyny hem şolardan soramalydy. Gara başyny orta goýup, alys ýollara rowana bolýan rysgally-döwletli ildeşleriniň kerwenlerini galtamanlardan gorap, ilkinji maýasyny toplan, soňra çopançylyk diýmän, täjirçilik diýmän, daýhançylyk diýmän, kesp-kär dannaman, halal baýlygyň eýesi bolan sahawatly kişi babatda ýaman söz aýtmaga onuň obadaşlarynyň hiç biriniň dili barmaz!
Üstüni çaga basdyryp güzeranyny zordan aýlap ýören görgülimi, Taňryberdi baýyň tärimine söýelgi bugdaýly çuwallarynyň bogusy ol bende üçin hemişe açykdyr. Öýlenmäge gurby ýetmän kösenip ýören ýetim ýigitmi, keremli baýyň sahawaty bilen edil jadyly ertekilerdäki dek, onuň toýy tutular, çog-gyzyl kürtäniň astynda sülmüräp gelen gelniň üstüne bolsa alty ganat ak öý dikiler, işiklerine dünýe maly, döwlet maly-düýe daňlar. “Türkmen iliniň pylan ýerine ýagy çozupdyr! Haý, türkmen bolanyň atlanyň-haw!” diýip zowladýan jarçynyň zowwam owazy ýaňlananda aty-ýaragy bolman, ýere bakyp oturan ýigitmi, Taňryberdi baý onuň goltugyndan gop berer-de: “Ýagşy ýigide il başyna bela gelende ýer dyrmap, muňalyp, oturmak ýaraşmaz!” diýýän terzde, goluna dembermez, nerkesen gylyç tutdurar, ýarag-şaýyny üpjün edip, kalbyna ganat bekledibem, saýlama bedewi serpaý ýapar, üstesine hem “Bar inim, Alla ýaryň! Soňky demiňde soňky sözüň “Ilim günüm bolmasa aýym-günüm dogmasyn” bolawersin Ylaýym!” diýip ak patasyny berip goýberer.
Umuman obanyň kethudasy, ýaşy ýetmişden agyp segsene ýeteňkirlänem bolsa her günde täret-namazynyň yzysüre obanyň çetindäki bag-bakjaly haýatyna gidip, ýer agdaranda ogullary bilen bäsleşip bilýän ýaşuly baýyň göwnüniň sagdyn hem päk bolşy ýaly süňňi-de sagatdy. Ol zähmete we kynçylyga bişişendi. Özüniň dört ogly bilen körpe gyzy Hallygözeli hem kiçilikden gara zähmetiň içinde eýlenip, gündelik çöreklerini gazanyp iýmeklige endik etdiripdi.
Ýöne ilkinji gezek hamyla bolup, dokuz-dokuzdan dokuzy doluberen ýaş gelniň herniçe zanny çydamly bolsa-da düýnden bäri tutuş türkmen halky bilen bilelikde başlaryndan inen külpetleriň hele-müçük däl agramy oňa bildiräýmelidi. Türkmen aganyň azatlyga bolan öçmejek, ýitmejek, ýanmajak-köýmejek, sönmejek yhlasy bilen parlaýan buýsançly baýdagy deýin, Kesearkajyň edil jigerinde howalanyp, Türkmen diýarynyň dört künjünden göz dikilip garalanda hellewläp görünýän mert galanyň daşyndan seredene “ömralla synmajak” diýdirýän diwarlary tilsimi kän duşmanyň emeli bilen al-asmana sowrulanyndan soň başlanan yzan-da-çuwanlyk, baş-başa-da jan-janalyk, soňky gaç-ha-kowluk…bu zatlar ömründe ilkinji gezek öz göwresinde janly dowamat-dowamynyň gymyldaýandygyny duýýan, beýnisi bekemedik nowjuwan gelin üçin juda çökder zatlardy. Şonuň üçin hem ol halys surnugypdy. Ustesine-de garry ene-atasynyň, doganlarynyň, gelnejeleriniň, kiçijek jigileriniň ykballaryndan bihabarlyk hem onuň halys aňkasyny aşyryp barýardy.
Hallygözeliň açlykdan ýaňa eňki agypdy. Essi aýylyp barsa-da, Dorbedew janaweriň ýalyndan hem eýeriň gaşyndan mäkäm ýapyşyp, atdan agmajak bolup otyrdy. Onuň öten agşam adamsy hem gaýny görgüli bilen çola oýda, ot ýaksalar çar ýanda goragsyz bosgunlary oljalamagyň höwesinde aç möjek ýaly kaňkaşyp ýören kazaklaryň ünsüni çekmekden heder edip, ot ýakynman gury-gurakdan howul-hara garbak-gurbak edinip, ýene-de gumuň jümmüşine tarap ýola düşenlerinde duz dadyşydy. Şol wagt howsaladan, gorkudan, aladadan ýaňa bogazyndan düzüwli zat geçmändi. Ýene-de gaýny görgüli: “iý, iý, özüňden özge göwräňdäki hem bardyr” diýip zorlap diýen ýaly bir döwüm çörek bilen az-owlak gurt iýdiripdi. Emma häzir welin biraz ýüregi düşüşdimi nämemi aňyrsy ýalmanyp durdy. Özünem endamyňy kesip gelýän sowukdygyna garamazdan, birden-birden der basýardy. Göwresindäki hem birhili öňküsi ýaly däldi. Has-da biynjalyklyk tapyp, ýöne depirjikläp durdy. Özem ýöne bir gymyldap goýaýmak hem däl-de edil ýöne kasty bar ýalydy. Gaýny görgüli näme diýýärdi-ä: “Bimaza bolsa bezzat oglanjykdyr. Gyzjagaz ejesi bilen ýürekdeş bolup, göwredäke-de, soňam kän ejesine azar bermejek bolýandyr”
“Kakasy ýaly bimaza hem özdiýenliden gelen bir kejir boljak öýdýän!” diýip, Hallygözel ýakymly oýlandy-da, atyň irişmesinden tutup idip barýan, daýaw adamsynyň “çelpek ýaýybermeli” diýilýän ýaýbaň ýagyrnysyny mähirli nazary bilen sypalady. Nazaryň pälwan sypaty gözüni dokundyrdy. Soňky iki-üç aý üznüksiz söweşlerde bolup, aç-suwsuz, ukusyz horlanan hem bolsa, çapyp barýan ýelbedewiň üstünde, uçup barýan guşuň gözünden urup bilýän mergen hökmünde ady-awazasy daglardan aşyp, Eýran illerine çenli baryp ýeten Nazar mergeniň göwresi häzirem daýawlykda birentek pälwanlara “gaýra dur” diýdirýärdi. Hallygözel gara başyny aşak salyp, agyr oýa batyp barýan adamsyny birlaý boýdan-başa synlady. Bilinde egri gylyjy, guşagyna kakasy pahyrdan galan, iki sany köne sapançasy gysdyrylgy. Arkasynda hem soňky söweşleriň birinde ýagydan oljalan oksuz bäşataryny keseligine asypdyr. Soňkuja oklaryny galadan çykyp, guma tarap gyýalap ugranlarynda, özlerine tarap, gyrgy bolup eňen duşmanyň iki atlysynyň maňlaýyndan çüýländen soň tamdyr gorjalýan kesewiden tapawudy bolmasa-da Nazar ýaragyny taşlamady. Mergen adam-da. Ýaragy yrýa etmek onuň hiç kellesine geljek zat däldi. Hallygözel Nazaryň ýaragyndan ünsüni sowdy.
Däri tüssesi, partladylan gala diwarlarynyň tozany siňip hapalanan silkme telpegi gara bolsa-da, onuň her ýerinde gatan gan tegmilleri goňrumsy reňki bilen saýlanyp, bildirip durdy. Kimiň gany ol?! Nazaryň golunda jan beren söweşdeş ýoldaşlarynyňkymy ýa-da onuň gylyjyndan pida bolan basybalyjylaryňky…Bir Alla bilýär! Onuň özünden-ä hemişekisi ýaly söz almak hyllalla. Ädigi hem ýyrtylypdyr. Jalbarynyň hem uçgun syçran ýerleri bar. Goňrumsy tegmiller bolsa besse-besse bolup dur.
Şol pille-de Nazaryň syýlary guşagyna gysdyrylan donuna seredende, onuň sag çigninde gyrmyzy gana boýalan ak hasa Hallygözeliň gözi düşdi. “Ýene-de ganap ugrapdyr. Täzeden hasany çalşyp daňaýyn diýäýsemmikäm?” Hallygözel Nazara nädip ýüzlenmegiň ebeteýini tapman, ýaşmak astyndan üsgürinjiredi. Gelniniň balkyldap duran gara gözlerine sereden dessine näme işleýändigine düşünen Ogulbaýram eje gelnini utandyrmazlyk üçin syr bildirmän, assa-ýuwaşdan ökje ogurlady-da, olardan esli yza galdy. Bir-iki sapar yzyna gaňrylyp, minnetdarlyk bilen hol yzlaryndan aýagyny süýräp gelýän gaýnyny gözlän Hallygözel, “Görgüli! Ejeň bolsa-da şeýdip ýeke bakanda ýüregiňi okap durmaz. Wah-wah-eý, gara başymyzyň sadagasy! Aýaklary hem agyrýandyr. Öňem-ä zordandy welin görgüli, başymyza düşen külpet zerarly allajy aýazda süýegini süýräp, doň çägä bulaşyp ýörmeli boldy-da! Ýa ýene-de mähribanyma: “Dorbedewe ejeňi mündüräýeli” diýäýsemmikäm?”
Bu pikiri eden badyna Hallygözel gaýny görgüliniň Nazar şeýle diýmäge het edäýse alpetlerinden aljagyna düşündi. “Ýok-la! Etmez. Gaýta käýinip başlar. Gowusy gozgamaýyn-da Nazara: “eliňi gaýtadan daňaýyn” diýeýin”
Hallygözel gaýnynyň özlerini eşitmejekdigine magat gözi ýetip dursa-da ýaşmak astyndan, pessaý ses bilen:
--Nazar! Eliň ýene-de ganap ugrapdyr welin, täzeden daňaýaly?!-diýdi.
Aladaly ädimler bilen demirgazyga, türkmeniň gaýym galasynyň jümmüşine tarap gadam urup barýan Nazar yzyna hem gaňrylmady.
--Şu wagt gerek däl!
Hallygözel onuň gysgajyk, kesgin jogabyny göwnüne aldy. “Iň bärkisi yzyna hem gaňrylmady. Kejeňek diýsäni!”
Nazar gelniniň hiç zat geplemän dymyşyndan onuň öz ýarym yzgytsyz jogabyna öýkeländigini duýdy. Emma hemişekisi dek gelniniň öýkesini ýeke garaýşy bilen ýazmak üçin, Hallygözel aýtmyşlaýyn, diňe “mergenleriň başaryşy deýin” gözlerini güldürip, yzyna bakmady. Bu mahal onuň ýadyna oýun, näz-kereşme düşmeýärdi. Düýnki pajygaly wakalar henizem ähli jikme-jikliginde onuň kalbyny lerzana getirmegini dowam edýärdiler.
…Galanyň diwary gümmürdäp al-asmana göterilende edil ýöne Esrafylyň sury ýaňlanan dek zemin bir silkindi-de, kürs arşa tarap towusmak isleýän ýaly titräp, elenip gitdi. Diwaryň partladylan ýerine ýakyn bolandygy sebäpli Nazaryň hem gulagy gapylan ýaly boldy. Ol çala seňseläp, partlamanyň zarbyna zyňlan ýerinden galany hem şoldy welin, iblisler bilen garpyşýan herruby kimin ýüzi eňşäp duran mergenleriň serdary Muhammetnazar awçy, galanyň oýulan ýerinden, gurum-tozanyň arasyndan çykyşyna:
--Mergenler! Toplanyň-haw! Bejit gädigi ýapmasak, bala-çagalary gyrgyna berer, bi nägehan!-diýip sesinde baryny edip gygyrdy. Onuň ýanyna ilkinji bolup ylgap baran hem Nazar boldy. Onuň yz ýany köne hyrlysyny süýräp, Nazaryň goňşusy ýaşy altmyşdan agan awçy Haýytmyrat aga geldi. Soňra ondan-mundan ýene-de mergenler iki-ýekeden toplandylar. Şol ýerde-de olar esli wagt gädigi gorap, galanyň içine tarap omzaýan ýagyny serpikdirip durdylar. Onýança çar-ýandan: “Ýagy galanyň içinde!” diýen howsalaly gykylyklar ýaňlanyp ugrady. Haýytmyrat aga şonda ýarasyny daňmaga kömekleşip oturyşyna, yzyny üzmän garawsyz bosgunlaryň üstüne gülle seçýän top-tüpeňleriň sesini basjak bolup, Nazaryň gulagyna:
--Sen han ogul, git-de ejeň bilen gelniňi galadan alyp çyk! Sen barmasaň olaryň garamatyna garajak ýok. Biziňkiler-ä näme ogul bar agtyk bar, günlerini görerler! Il-günem bu mahal özüniňki bilen başagaýdyr!—diýip gygyrdy. Diňe şondan soň göwreli gelni bilen ejesi görgüliniň ýeke özleridigi Nazaryň ýadyna düşdi. Ol howsala düşüp, serdarynyň ýüzüne garady. Muhammetnazar awçy mön çaga kimin özüne delminip garaýan gara döw ýaly äpet pyýada mylaýymlyk bilen garady-da:
--Ötäýt, inim! Ýagy indi barybir saklatmaz! Dowamat-dowamymyz bir galsyn! Yzymyz ýitmese, hernä günlerde bir gün olar biziň başarmadygymyzy başaryp, erkinlikleriniň eýesi bolmagyň hötdesinden gelerler-dä!—diýdi.
Öýlerine tarap ylgan Nazar iki ýaşulynyň ýanyndan daşlaşany hem şoldy welin, niredendir bir ýerden iňläp “şuwwuldy” eşidildi-de, soňam bir zat gümpüldäp gitdi. Nazar yzyna garanda iki ýaşulynyň ýatan ýerinden garalyp asmana göterilen tüssäni gördi. Ýaňyja-da gepleşip oturan adamlarynyň dem salymda ýom-ýok boluşlaryna birhili ýüregi endiräp giden Nazar, hiç ýerde säginmän, öýlerine tarap has-da batly ylgap başlady.
Bärden has-haslap baranynda ejesi bilen hamyla gelni ikisiniň näme etjeklerini bilmän elewräp durandyklaryny gördi. Dogrusy Ogulbaýram eje şaty görmedik, gowşak adamlaryň hilinden däldi. Ol “görmedigi görde galan” diýilýän görgülilerdendi. Ýöne golaýda ýanýoldaşy Keýmir aga aradan çykandan soň birhili erkini elden aldyryp, sähel jygba-jyg ýagdaýa hem kelebiniň ujuny ýitirip, aljyrap oturandan bolupdy. Onsoňam Nazardan özge alty çagasy hem durmadyk görgüli ömürboýy perzentlerini dünýä inenlerinden soň gara ýere duwlap-duwlabam halys aňkasy aşypdy. Zanny-ýugrumy dogumly bolsa-da Hallygözel hem bu mahal toýly bolanyndanmy nämemi, elini-aýagyny ýitirip durdy.
Olaryň mähnet gonamçylyga öwrülen galanyň orruk-ortarasynda hossaryny ýitiren neresse çagalar ýaly bolup duruşlary Nazaryň ýüregini gyýym-gyýym etdi. Ol ilki bilen tebil tapyp, gazygynyň daşyndan pyrlanyp, ýer gazaýan Dorbedewiniň ýanyna atylyp bardy-da, onuň jylawyny eline aldy.
-Eje, Hally! Dessine iň zerur zatlaryňyzy alyň-da, geliň bäri! Ýagy galanyň içinde!
Ejesi bilen gelniniň öýüň içine ýumlugandyklaryny görübem, Nazar hasyr-husur atyny eýerledi. Ylgap öýe girdi-de tärime söýelgi suwly meşigi eline aldy. Horjunyň gözüne saçaklarynda bolanja gaty-guty çöregi we egsik gowurdak golçany dykdy. Girişi ýaly ylgaşlap daşaryk çykdy-da, horjuny we meşigi atynyň syrtyna bökderdi. Bada-badam bilindäki kakasyndan galan sapançalaryna ok saldy. Gaýyş okdanyndan soňkuja iki okuny çykaryp, olja ýaragyny gurdy.
-Bolaweriň, käbäm!-diýip ejesi bilen gelnini gyssady. Olar çaklaňja düwünçekleri bilen öýden çykanlaryna mähetdel, Dorbedewi idip, olaryň ýakynyna eltdi-de:
-Mün, Hally!-diýdi.
Ýaşmagyň astyndan ýüzi gyzaran, Hallygözel: “Nädip, müneýin?” diýýän terzde gäberen synasyna ümledi. Nazar haýal-ýagallyga ýol bermän, gelnini emaý bilen göterdi-de, bedewiň üstünde oturtdy. Soňra ejesini hem şeýdip, atynyň syrtyna mündürdi. Nazar tüpeňini gysymyna gysdy-da, atynyň jylawyndan çekip, gündogarlygyna ylgap ugrady. Demini kadaly almaga çalşyp, gorgunlap barýan Dorbedewi bilen aýakdaş gopup barşyna Nazar, çar ýanynda ýarylýan top oklaryna, ýanýan öýleriň tüssesine, daş-töwerekde çaşyşyp ýatan ildeşleriniň jesetlerine baş galdyrman, eýýäm onda-munda wagşyýana talaňçylygyň heýjanly täsirine düşen duşman esgerlerinden sap atyp, gizlenip, sähel salymdan galanyň gündogar derwezesinden çykdy. Şol ýerde-de ýeke pursat säginenlerinde, giden düzlügiň üstünden gündogar sary gözýetime çenli ýaýylyp gaçyp barýan, bosgun aýal-ebtatlaryň, garry-gurtularyň, çagalaryň yzyndan at salyp kowup barýan duşman atlylarynyň olary rehimsiz birsyhlylyk bilen gylyçdan geçirip baryşlaryna gözi düşdi. Gözleriniň görýän elhençliklerine ýaňy ýigrimi üç ýaşandygyna garamazdan eýýäm iki-üç sany uly uruş bilen, ençeme ownuk uruşlara gatnaşyp gören Nazaryň ini tikenekläp gitdi.
-Eý Taňrym, bu nägehanlaryň Hudaýy bir barmyka? Çagalary çapýarlar ahyry, Hudaý jan!-diýip, süňňi bilen gagşaýan Ogulbaýram eje gelniniň mazaly ýognan bilinden gujaklap, nädip pyşyrdandygyny özem duýman galdy. Hallygözel bolsa gözleriniň görýänine tap getirip bilmän, gözlerini ýumaýdy. Şol pille-de iki sapar yzly-yzyna “tark, tark” boldy. Hallygözel gözlerini açanda, özlerine tarap gyrgy kimin topulyp gaýdan iki sany duşman atlysynyň eýerden tüwdürilip gidendiklerini gördi. Nazar bolsa nili assaja tüsseleýän oksuz tüpeňini arkasyndan asdy-da:
-Berk oturyň!-diýip ejesi bilen gelnine tabşyrdy-da, jylawy Hallygözeliň eline tutdurdy. Soňam Dorbedewiň sagrysyna şapbady bilen bir çaldy:
-Ylga, başdaşym, syrdaşym! Demirgazyga ylga!
Özem gumuň jümmüşine tarap ümdüzine tutduran bedewiniň yzyndan eňdi. Onuň pikiri dürsdi. Ol janyna dowul aralaşyp, basga düşüp, gorkudan ýaňa aňyny ýitiren jandar ýaly däl-de, köpi gören urşujy dek pikir edýärdi. Häzir däli sil ýaly gündogara tarap yňan bosgunyň yzyndan gaçsa ikuçsyz duşmanyň gykuwly, haýwany kowgunyň heýjanyna düşen atlylarynyň girisine düşjekdi. Gyýalap gitse bolsa äwüp-säwüp ýa-da bagty küle çöküp ýaga sataşaýmasa olary ýöriteläp kowjak ýokdy.
Şeýdip demi-demine ýetmän ylgap barşyna Nazar daljyksa-da, doňýürek ýagy tarapyndan gana çaýkalýan galadan mazaly daşlaşýança togtamady. Diňe iki-üç depe aşanyndan soň demini dürsemek üçin aýak çekdi. Taýlygyndan bäri Nazaryň eliniň ekdisi bolup önüp-ösen Dorbedew janawer ýürekdeşiniň saklanandygyny syzdymy nämemi, edil ýeňsesinde gözi bar ýaly, ol togtan dessine sakga durdy-da, horguryp yzyna aýlanyberdi. Şol ýerde birsellem durup, nepeslerini durlanlaryndan soň hem olar assa-ýuwaşdan Taňryberdi baýyň hemişe ýazlaga çykýan ýeri bolan Kepele guýusyna tarap ýola düşdüler. Şondan bäri hem ýöräp gelişleridi.
Elbetde Nazaryň ýeke özi bolan bolsa, özem gatnawly ýollardan sowa çekilip, ýolsuz-ýodasyz çöl-beýewanyňam buljum oýlary bilen ýöremeli bolmadyk bolsalar olar düýn ýarygijä Kepeläniň guýusyna ýeterdiler. Emma Nazar hamyla gelnidir ýarawsyz ejesi zerarly türkmeniň “gyrmyldan gyr aşary” bilen ýol külterlemäge mejburdy. Üstesine-de aram-aram onuň mergen gözüne alysda bir ýerde duşman atlylaryna çalymdaş şübheli gara görünse, belent çäge alaňlarynyň arasyna siňip, başlaryndan musallat bolup inmekleri gaty ahmal bolan salgymlar gözden gaýyp bolýançalar garaşmaly bolýardylar. Dogrusy Alyň ala meýdanynda her öňýeten salgymdan, ol howply bolsun bolmasyn gizlenip ýörmek onuň zannynd-a ýokdy welin, arman ýanynda mähribanlary bardy-da! Garaw gaýtmajygyny bilse sürä topulyberýän şagallar kimin, türkmen topragynyň üstünde eýemseklik bilen iki-ýana at salýan basybalyjylaryň yzyndan olaryň gözýetime garylyp ýitip gidişlerini her gezek synlanynda Nazar ýaragynyň gundagyndan barmaklaryny geçiräýjek bolup gysymlap, hyrçyny dişläp galýardy.
Nazaryň hiç zada baş galdyrman ýüzüni sallap her ýerden bir gadam urup barşyndan onuň indi özüne lak atmajakdygyna magat göz ýetiren Hallygözeliň ysgynsyz kinesi az salymdan soň soluşdy. Onuň pikirleri ýene-de kakasyna syrykdy.
Çagalaryny gögelelikden zähmete werziş edip terbiýelemegi, diňe Garagumuň göwsünde agyp-dönüp ýören sürüleriniň sany kyrka ýakynlaýan Taňryberdi baýyň harsydünýäliginden däldi. Sözüň hakyky manysynda durmuşyň ajysyny hem süýjüsini gören parasatly gojanyň pikiriçe baýlyk bu jöwzaly tomusda teşne çägäniň üstüne gaçan ýagyş damjajygynyň dessin gurap gidişi pisint bir zatdy. Şu wagt bar, sähel salymdan bolsa ýok. Şonuň üçin hem oňa çyr-çytyr ýapyşyp, dyrjaşyp, şondan galan ähli zady kör edip, gara nebsiň guly bolup ýörmek, akmaklygyň aňrybaşydy. Onuň özüniň ömürboýy baýlyk toplap ýörmegi bolsa agzy ýellileriň aýdyşy ýaly “Karunyň keseli” sebäpli däldi. Kanagatsyz kalbynyň ebedilik bendisi Taňryberdiniň owalybeletde dogup-döreýşi şeýledi. Ol özüni rahat duýmak üçin hemişe bir zatlara gümra bolup ýörmelidi. Kasasyny kyýamata goýman, aman-esen iline dolanyp gelen pusatyndan başlap, Taňryberdi özünden ili yzyna düşürip, gerek ýerinde her kellesinde bir hyýal, kel kellesinde müň hyýal bolan, dünýäde şirin janyndan beter erkinligi söýýän türkmeni bir çukura tüýkürdip, daşky bela-beterlerden goramagyň hötdesinden gelip bilmejekdigine, özünden serdar çykmajakdygyna gözi ýetipdi.
Elbetde Taňryberdi gözsüz batyrlaryň hilindendi. Ol ugurtapyjydy hem. Daş-töwereginde bäş oýnam ýigit üýşürip, san taýdan özlerinden ençeme esse agdyk ýaga hüjüm etmegiň we ony ýeňmegiň hötdesinden hem gelip bilýärdi. Zerur ýerinde, dagy adam tapylmasa gahar-gazaba atlanyp, şol bäş oýnam ýigide özüni diňletmegi hem başarýardy. Onuň gara başyny orta goýup, ýoldaşyny halas eden gezekleri hem sanardan kändi. Emma serdar bolmak üçin diňe bu zatlar ýeterlik däldi.
Munuň üçin Däli batyr ýaly söweş güni jeňiň hyjuw meýinden mes bolup, zyrrajym dälä öwrülen Görogla dönmelidi. Çopan kir ýaly, külli türkmende iň şöhratly serkerde bolsaň-da, ulus-il seni han keçesine salyp, hangöter etmekçi bolup duran pursady, il-halkyň bähbidi üçin şöhratparazlyk we häkimiýetsöýerlik nebsiň sesini gapdyrmalydy. “Menden han çykmaz! Nurberdini hanlyga götereliň, adamlar!” diýip, watansöýerligiň belent göreldesini görkezip, has mynasybyň ile-güne ýagşylyk getirjek ýolundan sowulmagyň hötdesinden gelmelidi. Nurberdi han ýaly, türkmen iliniň ähli han-beglerine ownuk öýke-kineleri unutdyryp, olary bir ojagyň başyna jemlemegi başarmalydy. Gowşut han dek san taýdan ençe esse agdyk duşmany parasadyň bilen kül-peýekun edip, türkmeniň erkinlik baýdagynyň öňünde goňşy ýurtlaryň açgöz han-beglerini baş egdirmelidi. Baş egmediginiň başyny bolsa “seniňkilere hem sapak bolsun” diýýän terzde beýleki bir basybalyja peşgeş etmelidi. Dykma serdar deýin, Ata Watanyň hatyrasyna ýaga gulluk edýän kişiden bolup, masgaraçylykdan hem gorkman, kuwwatly duşmana al salmagy oňarmalydy. Berdimyrat han bolup naýzalaryň üstüne özüňi zyňmalydy. Gara batyr kimin ejiz bedeniň duşman naýzalarynyň ujuna mündürileninde-de, soňky demiňde: “Çoz, Türkmen! Ur, Teke!” diýip haýkyryp jan bermelidi. Ondan bärdäki gaýrat bilen bolsa serdarlyga milt hem etmeli däldi. Umuman olaryň ählisi kimin, özüň üçinem, maşgalaň üçinem däl-de diňe iliň-günüň, Ata Watanyň, Ene Topragyň üçin ýaşamalydy.
-Hally, ýadaýan-a dälsiň-dä?!
Nazaryň jümlesi Hallygözeliň pikir akymynyň arasyny böldi. Ol gözlerini göterende Nazaryň mylakatly lowurdaýan gözleri bilen nazar sataşdy. Hallygözeliň özi aýtmyşlaýyn Nazar bu wagt oňa: “diňe mergenleriň seredip bilişi ýaly” bakýardy.
-Ýok-la!-diýip hälkije näzli kinesinden nam-nyşan galmadyk Hallygözel Dorbedewiň boýnuna ýap-ýasy aýasyny goýup, aýakdaş gopup barýan Nazara ýumşak jogap gaýtardy. Emma bada-badam zenan mahsuslygyna eýermän bilmedi.
-Ýöne şu göwrämdäki birhili: “kakam bize näme üçin üns bermeýär” diýýän ýaly, depirjikläp, halys eňkimi agdyryp barýar.-diýip näzli halymsyrady.
Nazar ýylgyrdy. Onuň ýylgyryşy diýseň üýtgeşikdi. Tebigaty-ýasawy boýunça agras Nazaryň ýylgyrýan wagty juda seýrekdi. Ýöne ýylgyranda welin ol özgeleriňki dek diňe dodaklary, ýüz-keşbi bilen däl-de tutuş durky-dünýäsi bilen, tüýs ýürekden, ähli özünden ýylgyrýardy. Şeýle pursatlar hem diňe onuň ýanynda duran adamlar däl, eýsem daş-töweregini gurşaýan ýagty jahan hem: “Bäh, bu gara döw ýaly mähnet-hyrsyz pyýadany-da ýylgyrtmagyň hötdesinden geläýdikmi?!” diýip, öz eden işine hem geň galyp, hem monça bolup, lezzetden dolýan ýaly bolýardy. Ýyl ýarym mundan ozal küren obanyň kethudasynyň körpe gyzyny jadylap, tora düşen tylla balyjaga dönderen, gijeler ukusynyň mazasyny alyp, gündizler her gezek atyny suwa ýakmaga geçende oba mergeniniň yzyndan ogrynça tärimden garap, synlamaga mejbur eden gudrat hem Nazaryň gözleriniň bakyşy bilen hemmeleriňkiden üýtgeşik ýylgyryşydy. Ýöne bagt guşy başyna gonsa adamyň zanny-ýugrumy hem üýtgäberjek ekeni. Deň-duşlarynyň henek edişi ýaly öň “ýylda bir gezek, onda-da hiç kimiň görmeýän wagty, onda-da daň saz berende, onda-da düýşünde ýylgyrýan” Nazar öýlenenden soň her günde beýle-de dursun, her pursatda-da ýylgyrýardy. Sebäbi diňe bir Ýaňgalanyň däl, eýsem Gökdepe jelegaýynda özüne bir gaýra gözi düşen ýigdiň kalbynyň soltanyna öwrülýän Hallygözel onuň ýylgyryşyndan lezzet alýardy. Gelni Nazary ýylgyrtmagyň hötdesinden hem gelýärdi.
-Size bir üns bereweräli! Ýogsa Haktagala nesip edip oglumyz bolsa: “Kyrk düýe bahaly ejeme kän üns bermänsiň” diýip gaty göräýmesin birden!-diýip dünýäni undan Nazar assyrynlyk bilen gelniniň özüniň döwüň penjesi ýaly mähnet eliniň astynda çaganyňky dek kinniwanja görünýän elini gysymyna gysdy. Hallygözel bada-bat yzyna gaňryldy. Yzlaryndan gelýän gaýnynyň Nazar ikisine seretmediksiräp ýere bakýandygyny gören Hallygözel ogurlykda tutulan ýaly gyzardy.
-Aýrylsana, oglan! Derrew ýöne ýapyşyberýärsiň! Ejeň seredip dur ahbetin!
-Seredende näme? Biz näme ejem halamaz ýaly ýaramaz iş edýärismi?-diýse-de Nazar Hallygözeliň elini gysymyndan sypdyryp, az-kem gapdala süýşdi. Hälden bäri hemdemleriniň näz-kereşmesini süňňi bilen syzyp, olara päsgel bermejek bolýan ýaly, süýnüp-sarkyp dähedem-dessemläp barýan Dorbedew çatynjalaryň biri-birinden daşlaşanlaryna halamandygyny duýdurmak isleýän dek, närazy hokrandy. Syrdaşynyň her bir hereketini okamaga endikli Nazar bedewine düşünip:
-Haý-haý saňa göwündeşim-ä!-diýip, monça bolup, Dorbedewiň ýalyny sypap goýberdi. Şol pille-de onuň ýaraly egni ýiti yza bilen sanjyp gitdi. Nazaryň ýüzünden bada-bat ýylgyryş uçdy. Ýap-ýaňyja-da älemgösaryň ähli reňkleri bilen öwşün atyp duran ýagty dünýäniň dem salymda reňki solup, çar-töwerek sary boşluga beslendi. Kalbyndan lezzet ýitip, onuň ýerine rehimsiz ýagynyň at toýnagynyň astyna paýandaz edip düşelene dönen mähriban ýurt hakyndaky pikir geldi. “Indi nätmeli bolarka?” Nazaryň ýüregi gysyp gitdi. Ol ýüzüni sallady-da, Dorbedewiň öňüne düşüp, demirgazyk-gündogara sary mytdyldap barmasyny dowam etdi.
Ýanýoldaşynyň birden ýüzüne kölege inendigini gören Hallygözeliň hem keýpi gaçdy. Nazaryň göwnüni gysaja gysan çykgynsyzlyk duýgusyny kalby bilen syzan Hallygözeliň oňa göwünlik beresi, özüniň göwresindäki janly dowamat-dowamynyň köňlüni doldurýan kuwwatyny mähribany bilen paýlaşasy geldi. “Nätmekden Hudaý saklasyn, dünýämiň diregi! Muňalma ahyry, gara gözlerimiň röwşeni! Ýüregimiň astynda dowamat-dowamymyzyň eýýämden “Azatlyk, Watan, Toprak, Ar-Namys” diýen sözleri diliňe alanyňda öňküsinden üýtgeşik gürsüldäp başlaýan ýürejigi urup dur ahyry! Nesip bolsa biziňki ýaly heniz dünýä inip dem alyp başlamankalar Watan erkinliginiň höwesinde jigerleri üýtgeşik gürsüldeýän dowamat-dowamlaryň ençemesi dünýä inerler, onsoň olar öz mertlikleri, watansöýerlikleri, namysjaňlyklary, pähim-parasatlary bilen baknalygyň zynjyryny gyrym-gyrym edip taşlarlar! Olar hötdesinden gelip bilmeseler, olardan soňkular başararlar! Biz bir ruhdan düşmäli iki jahanymyň manysy, biz bir ruhdan düşmäli!”
Emma göwnünde döreýän bu duýgulary diliňe getirip, olary söze gaplap, Nazaryň kalbyna ýeter ýaly gelişdirmek üçin, şahyryň zybany zerurdy. Hallygözel bolsa göwnündäkini söz gözelligine gaplap bilmejekdigini duýdy. Şonuň üçinem ýaş gelin diňe dymyp oňaýdy.
Olar şol gidip baryşlaryna hol allaowarrada Owadandepäniň öý ýaly sazaklary hellewläp görünýänçä ýörediler. Nazar “gözeilginç beýiklige ýagynyň kaňkaşyp ýören saklawlarynyň biri azaşyp-tozaşyp sowulaýmasyn” diýen gorky bilen Owadandepä sowulman, Jelaleddin Meňliburnynyň gözel gyz esgeriniň mazarlyk depesiniň deňesinden aýlanyp geçdi-de, ondan esli daşlaşyp, buljum oýda düşledi. Nazar derrew jagrama çöpläp, ot ýakdy. Bolanja suwlarynyň ýarysyny tüňçä guýup, oduň ýelesine goýdy. Tüňçe gaýnanyndan soňra atym çaýlarynyň ýokdugy zerarly gury suwa gowurdak atynyp, bolanja gaty-guty çörekleri bilen ýürekselik edindiler. Kiçijik oduň ygyna geçip, azsalymlyk gyşaran Nazara tarap gözüniň gyýtagyny aýlan Hallygözeliň böwrüne şeýtan dürtdümi nämemi onuň hälki, “kyrk düýe bahaly” diýen gürrüňi ýadyna düşdi.
“Taňryberdi baýyň kyrk düýe bahaly gyzy” diýen lakamyň Hallygözeliň adynyň yzyna tirkelmegi kakasynyň günäsidi. Hallygözel ýaňy göze görnüp ugran mahaly goňşy obadan bir baýsyrap ýören jalataýyň özüne mynasyp ogly üçin Hallygözele gudaçylyga gelipdiler. Şonda Türkmen aganyň “gyzly öýe item gyýa garap geçer” diýip döreden tymsalyna belet bolsa-da, Taňryberdi baý il içinde asly-ýugrumyna göwni ýetilmän ýörülen bir jalataýyň özüne özüni deň saýmagyny öte ýokuş gördi. Emma şonda-da türkmen salyhatlylygyny elden bermedi. “Käşgä eşek bir öz deňini gaşaýsady.” diýen hüňürdini gür sakgal-murtuna siňdirip pyşyrdady-da sawçylara:
-A-haw, adamlar, biziň baýlygymyz-a bilýänsiňiz! Il-günem “baýam baýa berer Hudaýam baýa berer” diýip ýöne ýerden nakyl döreden däldir. Harsydünýälikdenem däl, beýlekidenem däl, ýöne her kes öz deňini gaşasa ýagşy! Gyz bir atasy öýünde önüp-össe-de iliň halaly bolýar. Bizem özümizi öz deňimiziň gaşaýandygyna göz ýetirmekden ötri, habar gatýan kişilere: “gyzyň bahasyna kyrk düýäni töläň-de, daşyny dolap, alyp ötägidiň” diýýäris. Kyrk düýäni işigime örkläň-de, alyp gidäýiň gyzy!-diýdi.
Taňryberdi baýyň şertini eşiden sawçylar ýumşak ýerlerine sapan degen ýaly bolup, onuň işiginden zym-zyýat boldular. Sawçylary ugradan jalataýyň öýüniň bir depik gumy bilen mizan terezä salyp satanyňda-da, ol-ha kyrk düýe ekeni, bäş sany kel tokla geçjek däldi. Dogrusy il-gün birbada Taňryberdi baýyň bu şertini geňledi. Göwünleri pessaý otda köp goýlan tüňçeden zerre tapawut etmeýän kişiler bada-bat: “Sahawatly kişi, sahawatly kişi” diýen bolup, jomartlyk asmanynyň güneşine dönderdiňiz, han-ha siziň Hatam-Taýyňyzyň bolşy, ýeke gyzyna dagy nyrh kesişini görýärsiňizmi?! Edil ýöne Buharanyň juma bazarynda arzan alyp üç esse bahasyna haryt satýan dellalyňa “gaýra durup iber” diýdirýärmi?” diýip, il içine myjabat ýaýratmaga başladylar. Emma iliň-günüň agyna-garasyna düşünip ýören, Hydyrguly molla deýin ýaşulylar: “Häýt, ýaz ahyrynda düýe gumalagyna gonan siňekden tapawudy bolmadyk bikärler, kesiň-aýt gybatyňyzy! Taňryberdi kethuda bir zat geplese onuň hökman hikmeti bardyr. Garaşyberiň bakaly! Mazaly magadyna ýetibereris” diýip gybatkeşleriň alpetinden alypdylar.
Emma esli wagt geçse-de Taňryberdi baýyň näme üçin gyzyna kyrk düýe baha kesendigine hiç kim akyl ýetirip bilmedi. Ýöne “kyrk düýe bahaly gyz” hakynda myş-myş çişip-örňäp ilki Kesearkaja, ondan soň hem türkmen ülkesiniň ähli künjüne ýaýrady. Hatda Eýranyň serhetýaka galalarynda, öten-geçen täjirlerden hem “kyrk düýe bahaly gyz” hakynda birlän-ikilän söz açýany tapyldy. Sebäbi gyzyň galyňy üçin kyrk düýe diýilýän zat ol döwürler sada halkyň arasynda görlüp-eşidilmeýän hadysady. Elbetde han-begler, tütjar baýlar gyz galyňy hökmünde, sürüläp goýun hem geçirýärdiler, goşawuçlap tümen hem seçýärdiler, ýöne arassa, sap “kyrk düýe” diýýän welin ýokdy.
Şol barmana-da Taňryberdi baýyň “kyrk düýe bahaly gyzy” Nazar mergeniň ýüpsüz-zynjyrsyz bendiwanyna öwrüldi. Ogryn-dogryn gepleşip, juwan ýürekleriniň diňe biri-biri üçin urýandygyna göz ýetirip, “ölmesem seniňki, ölsem ýeriňki” diýşip äht edişenlerinden soň bolsa, Hallygözel bilen Nazar üçin jahanyň ähli manysy-yşnagy diňe birek-birekde jemlendi. Ýöne şu ýerde-de bir kynçylyk döredi. Taňryberdi baýyň sözüniň sözdügine uludan-kiçä hemmeler beletdi. Dyrnak ýalylykdan atasyz ýetim ösüp, aw bilen, daýhançylyk bilen ejesi görgüli ikisi eklenip ýören Nazar mergende bolsa Hallygözel üçin “kyrk düýe” galyň töläre ýagdaý ýokdy.
Şondan soň kän wagt geçmänkä Nazar obadan gürüm-jürüm boldy. Hatda ejesi görgüli hem onuň nirä sumat bolandygyny düşündirip bilmedi. Ähli sowallara “Aw diýip çykyp gidişi” diýip egnini gysyp oňaýdy. Özi welin görgüli, oslagsyz ýitirim bolan jigerbendiniň gaýgysynda gijeler ýatman, gözýaşdan ýaňa ýassygyny öl-myžžyk edip, daňyny atyrýardy. Bir syrgyn beýle ýanynda-da Hallygözel bir ýerde iliň-günüň ýykylýan öwlüýäsi bar bolsa sanaşdyryp, Nazar üçin Haka mynajat edip, gijelerini çirim etmän geçirýärdi. Nazar geler ýerde gelmänden soň kowumdaşlary hem howsala düşüp ugradylar. Bu gün-erte onuň gözlegine adam ugratmakçy bolup duran wagtlary hem ötegçi söwdagärleriň biri: “Nazar mergen Eýran hanynyň toýunda mergenleriň ýaryşynda ýeňip, baş baýragy alypdyr. Indem Ýaňgaladan bir ýatymlyk gün ýolda” diýen şatlykly sozanguýruk habary getirdi. Ol habaryň ertesi gün bolsa Nazar yzyna on sany düýäni tirkäp, ýüzüni sallap obalarynyň çetinden indi.
Obadaşlary türkmen topragynyň öň hem belent şöhratyny ýene-de bir gez beýgelden Nazaryň şanyna toý tutdular. Olaryň horaşaja öýleriniň daş-töwereginde bagşy diňlemek üçin ýygnanan mähelleden ýaňa aýak basara ýer galmady. Aýdym aýdyldy, saz çalyndy, şatlyk-şagalaň dik asmana göterildi. Ömrüne beýle dabara gözi düşmedik Ogulbaýram eje görgüliniň depesi göge diredi. Törde daşyna adam baryny üýşürip oturan ýalňyz perzendiniň didaryna öwran-öwran garap, onuň keşbinden doýup-ganyp bilmedi. Emma Nazaryň gamgyn keşbi enäni ynjalykdan gaçyrdy. Säher şapagynyň düýbi çyzylyp görneninden soň märeke dargady welinem ejesi Nazardan oňa näme bolýandygyny sorady. Şonda hem Nazar ejesine “kyrk düýe bahaly gyz” bolmasa ömrüniň küldügini, özüniň bolsa şunça urnup, iň soňunda bary-ýogy on düýäni tapmaga gaýratynyň çatandygyny, indi bolsa bahasynyň yzyndan ýetip bolmajak gyzy alyp gaçaýmasa başga alajynyň ýokdugyny pyşyrdap, gürrüň berdi. Balasynyň bolşy garabagyr görgülini üýşendirdi. “Ol diýeniň-ä bolmaz, alyp gaçyp, Taňryberdi kethuda ýaly il-günüň göz guwanjy bolan päkize ynsany masgaraçylyga ulaşdyraýsaň halk seni näletlär! Halkyň näletinden bolsa Hakyň özi seni gorasyn! Bir alajy bolar! Alyp gaçmaga bolsa het edäýme!” diýip, ogluny raýyndan gaýtarmak üçin jibrine-jibrine Ogulbaýram eje görgüli, ertesi gün kowumlarynyň aksakgaly Hydyrguly mollanyň ýanyna geňeşe bardy. Ýagdaýyny aýdanyndan soň bolsa Hydyrguly molla: “Päheý gelin, şonuň ýaly kiçijek zady şunuň ýaly alada edinerlermi?” diýdi. Yzyndanam jowur ak sakgalyna siňdirip henekli ýylgyrdy-da, juda keýpi kök bolanda edişi ýaly, ak matadan sellesini maňlaýyna süýşüräge-de: “Öýüköýen, diýmäýin diýsem, atasy pahyryň kejirligi bar munda-da! Gör-ä munuň tapýan zadyny, “Taňryberdi kethudanyň gyzyny alyp gaçaýyn!” diýip. Asyl şu ýaşlar sähel ugrundan gopmasaň, tutuş obanyň abraýyny hem ýaşlygynyň ýelgininiň ugruna tozadyp goýberiberjek-haw!” diýip, mylaýym käýindi. Soňam: “Saçagyňy düw-de Ogulbaýram gelin, gün öýle bolanda Taňryberdi kethudanyň işigini habar bilen aç! Hiç zady alada etme! Bizem ynhalykga öýdäkiler bilen jemlenişip, yzyňdan baryberýäris! Nazar ýaly iliň-günüň abraýynyň jogapkärçiligini boýnuna alyp, ony mizana salyp, soňam ol abraýyň bahasyny sansyz esse galdyryp bilýän goç ýigit üçin biz Taňryberdi kethudanyň gapysyny kakman näme?! Baý, kakarys-a!” diýdi.
Gün öýle bolanda, ýeke ynsanyň öňünde ýer ýaly ýuwaşlygyndan özge müýni bolmasa-da Ogulbaýram eje Taňryberdi baýyň işiginiň eňsisini çekine-çekine galdyrdy. Saçagyny Taňryberdi baýyň gelinleriniň birine gowşuryp, ýa Alla habar gatyp-gatmanka hem Taňryberdi baýyň işigi ýöne ala-zenzele bolaýdy. “Allajanlarym ahyrzaman gopdy gerek!” diýşip, Taňryberdi baýyň gol doly maşgalasy, onuň özi başlyklaýyn uludan-kiçä bosuşyp daşaryk çykanlarynda, öz gözleriniň görýänine ynanmadylar. Taňryberdi baýyň alty ganat ak öýüniň öňüniň at gaýtarym meýdany ýöne düýe bolup durdy. Ol düýeleriň sany kyrka däl, ýüzdenem agdykdy. Ýaňgalalylar bolsa entegem düýelerini idip, getirip durdular, şol getirip durdular…
Äwmän-alňasaman köşeklerini yzlaryna tirkäp gelýän arwanalaryň, hatarda ýük goýmaýan inerleriň, jyrtlap bir ýerde durup bilmeýän bugurçylaryň bozlamasy hem Hywa hanynyň kyrk karnaýynyň zoguldysyna bäsleşip, daş-töweregi ala-zenzeleden doldurýardy. Hemmeleriň öňünde-de Hydyrguly molla jowur ak sakgalyna siňdirip gülümsiräp, özüniň köşekli maýasynyň owsaryndan tutup durdy. Ol Taňryberdi baýyň ýaşkiçilik edip beren salamyny edep bilen aldy. Onuň gülümsiräp durşuna özi hem nädip ýylgyrandygyny duýman galan Taňryberdi baý Hydyrguly molla soragly garady:
-Mollam, bu nä boluş?! Bu nä meniň gapymy mal bazaryna dönderäýpsiňiz-le?
-Haý, Taňryberdi kethuda, biz-ä ýöne, ötüki bir sallah gulumyz bardy welin, şony öýli-işikli edäýeli diýen niýet bilen gapyňa ýitigimizi gözläp geläýdik. Haýyr işi yza tesdirip ýörmez ýaly, gyzyň üçin sowgat-salamymyzy hem ýanymyz bilen getiräýendiris.
Hydyrguly mollanyň sözlerini eşiden Taňryberdi baý, bolýan zatlara begenjeginem-gynanjagynam bilmän, işikde haýrany-serasyma bolup duran Ogulbaýram ejä tarap gözüniň gyýtagyny aýlady-da, ýene-de bildirer-bildirmez ýylgyrdy.
-Mollam, Nazar ýaly ile abraý getirýän ýigide “gul” diýmäli! Onuň ýaly gerçegiň ýitigini tapyp bermän näme!-diýdi. Soňam Hydyrguly molla ýakyn süýşüp, pyşyrdady:
-Haý Mollam, sen meni ýeňdiň! Men “gyz bahasy kyrk düýe” diýenimde il içinde sylag-hormatyna, mertebesine kyrk düýe baha kesilýän ýigidi köreken edinjek diýenime bir sen düşündiň!
Soňam Taňryberdi baý elini salgady-da, özüniň haýbatly sesi bilen:
-A-haw Tekäniň ýaňgalalysy! Sen meni ýorduň-la-haw! Düýeli düýäňi, mally malyňy al-da, öýüňe dolan-haw! Besdir, Teke! Goýuň, meniň gapyma düýe itmäni! Ýigidiň mertebesiniň kyrk-a beýle-de dursun, ýüz düýeden hem galadygyna gözüm ýetendir-le-haw! Indiki hepde hem erkek diýmän, aýal-ebtat diýmän, oglan-uşak diýmän Taňryberdi baýyň toýuna geliň-haw! Taňryberdi baý ogul öýerip, gyz çykarýandyr-la-haw! Toýuň ilkinji güni hem indiki jumadyr-la-haw!-diýip zowladyp goýberdi.
-Ine munyň bolýar, Taňryberdi kethuda!-diýip maýasynyň owsaryny agtygynyň eline tutduryp goýberen Hydyrguly molla makullaýjy terzde baş atdy.
-Ýör, mollam, öýe girip bir gök çaý içeli!-diýip öňüne düşüp ugran Taňryberdi baýyň yzyna eýerip barşyna Hydyrguly molla ýene-de oňa kakdyrman bilmedi.
- Taňryberdi kethuda, hälem biziň galyňymyzdan göwnüň suw içmedik bolsa aýdyp otur, Nazar ýaly ýigit üçin biz aýdan nyrhyň-a däl, eýsem kyrk-kyrkdan kyrk gezek kyrk düýäni tölemäge-de gaýrat taparys!
-Haý mollam, goýup otur, “oýunçy utulanyny bilse ýagşy”, indi nyrh beýleki diýip gep açmaga hetdimiz bolmaz! Hudaýym, şunuň ýaly, merdiniň gadyryny, ýeke pursat säginmän, göz ýumup kesgitläp bilýän ilimiň bardygyna şükür!
-Hä şeýle diý, kethuda, şeýle diý!”
-Hany, ýola düşeliň, biz horazlaryň ilkinji sesine çen Kepeläniň guýusyna ýetmäge çalyşmalydyrys!
Nazaryň sesi Hallygözeliň ýakymly ýatlamalarynyň zynjyryny şarpa ýoldy. Ol agralan süňňüni zordan göterip ýerinden turdy. Bolanja goşlaryny horjunyň gözüne dykmaga gaýynenesine kömek etdi. Dorbedewiň az-owlak dynjyny alandygy sebäpli Nazar Hallygözeliň gapdalyna ejesini hem mündürdi. Olar ýola rowana boldular. Bosgunlaryň kiçijik göçi esli ýöräninden soň iňrik garalyp başlady. Şol pille-de Nazaryň özleriniň sag tarapyndaky gum depesiniň aňyrsyndan düşnüksiz gowurdyny eşidip, togtady. Ol çaltlyk bilen ejesini atdan düşürdi-de, eli bilen: “Ýuwaş duruň” diýip sessiz yşarat etdi. Soňra endigine eýerip, oksuzam bolsa bäşataryny egninden sypyrdy. Ýaragyny gysymyna gysyp, bukdaklap, çäge alaňyna dyrmaşyp ugrady. Alaňyň depesine çykan badyna hem duýdansyzlykdan ýaňa tisginip gitdi-de, aşak ýapyryldy. Assyrynlyk bilen oýuň içini synlap ugrady.
Oýuň içinde ýedi sany dagystanlylaryň gara geýimindäki atlylar, wagşyýana gygyryşyp, gujagyna tokarja, garaja galpakly oglanjygy gysyp, tutuş süňňi bilen galpyldaýan ýaş gyzyň daşyndan at salyp aýlanýardylar. Özleriniň düşnüksiz dillerinde haýwany çakylyklaryna gygyryp, gylyçlaryny bulaýlaşýardylar. “Ha-ha-haýlap” gülüşýärdiler. Oglanjygy darajyk, köne keteni donuna büremäge çalyşýan naçary atlarynyň bykyny bilen çala kakyp geçýärdiler. Hol beýle-de bolsa şol atlylar ýaly geýimli iki sany jeset gymyldysyz ýatyrdy. Olaryň atlary hem gapdallarynda horguryşyp durdylar.Oýuň günorta künjünde-de bir türkmen ýigidi gyrmyzy ganyna bulaşyp, iňläp ýatyrdy. Gyz görgüli her gezek atyň bykyny özüne galtaşanda: “Alla jan, janymy al, namysa goýma!” diýip, naýynjar nalyş edýärdi-de, duzaga düşen möjek çagasyna çalym edip, ýumrujaklaryny berk düwüp, garageýim atlylary hyruçly gözleri bilen iýäýjek bolup seredýän oglanjygy has berk gujagyna gysýardy.
Nazaryň gany gaýnady. Ol bada-bat sapançalaryna ýapyşdy. Olaryň her haýsynda bir ok bardy. Emma sapançalaryny eline almanka onuň gözüniň öňünde ejesi bilen hamyla gelni peýda boldy. Nazaryň egni sallandy. Ol başyny aşak saldy-da, yzyna, wagşyýana pajyga gopýan oýa garşy seretmezlige çalşyp, bukdaklap depeden düşdi. “Wah men nädeýin, men nädeýin, jan doganym! Günämi öt! Okdanymda iň bolmanda bäş sanyjak ok bolanlygynda bu ejizeganymlaryň müň janyndan birisi hem gutulmazdy. Eger-de tenha özüm bolan bolsam, bolmanda seni halas etmesem-de, bilelikde ölmäge gaýratym çatardy! Bu mahal bolsa, men nädeýin! Ejem pahyr bar! Gelnim bar! Onuň göwresinde-de meniň dowamat-dowamym bar! Nädeýin men, günämi öt, mähribanym!”
Nazar ejesi bilen gelniniň ýanyna dolanyp gelende onuň ýüz-keşbinde adam ruhy galmandy. Eňşäp durdy. Hallygözel oňa sorag bermäge milt etmedi. Ejesi görgüli welin saklanyp bilmedi.
-Oglum, näme boldy? Ol oýda näme bar ekeni?
-Hiç zat eje!-diýende Nazaryň sesi gyryljak çykdy. Ol göýä delalat dileýän ýaly asmana seretdi. Asmanyň çytyk meňzini tün gijedenem garaňky bulutlar tutupdylar. Ol ýeke pursat aşak bakdy-da, birdenem gözlerini göterip, Hallygözeliň, özüniň ýeke-täk Hallygözeliniň ahramy gözlerine dikanlady. Ýaşmak üstünde Zöhre ýyldyzy deýin lowurdap duran goşa garamyk bada-bat onuň ähli syryny ýordy. Muňa düşünen Nazaryň birhili göwrümi giňäp gitdi. Ol Hallygözeliň gözlerine garap durşuna, näme üçindir:
-Başararsyňmy?!-diýip, mähir bilen pyşyrdady.
“Hawa” diýýän terzde baş atanda Hallygözeliň owadan gözlerinden goşa damja paýrap gaýtdy. “Wah, saňa döneýin, jananym!” diýip içinden pikir öwren Nazar wagt ýitirip durman, Hallygözeli emaý bilen atdan düşürdi. Galyň donuny egninden sypyrdy. Silkme telpegini çykaryp, Hallygözeliň özüne uzadan gyraly ýaglygyny kellesine daňdy. Ogly bilen gelniniň arasynda bolup geçýän zatlara düşünmedik Ogulbaýram eje Nazaryň bolşundan elheder aldy.
-A-ýuw, oglum-a, saňa näme bolýar? Nämäni “Başararsyňmy?”? Nirä barýarsyň?
Gylyjynyň gynyndan çykyşyny barlan Nazar atyna atlandy-da, oksuz ýaragyny ýere taşlap:
-Eje!-diýip ýuwdundy. Bogazy doldumy nämemi ýeke pursat dymdy-da, birdenem ilk-ä ejesini, soňam Hallygözeli garsa gujaklady:
-Eje jan, ýekäňem bolsam, ýalňyzyňam bolsam, bagyşla! Jan käbäm, berýänem Hudaý, alýanam Hudaý! Ölsem, oglum bolar! Namysymdan geçip, namyssyz ýaşasam bolsa, hiç zadym hem galmaz! Senem günämi öt, Hallym! Käbäm gynanma, üstümizden Haktagala garap durandyr, şeýtmesem bolmaýar! Agtygyň bolsa adymy dakaýarsyň-da! Kepeläniň guýusyna tarap ýola düşüň, il-gün sizi hor-har etmez!-diýdi-de, ömrüne etmedik işini edip, Dorbedewe jüp gamçy çaldy.
Tozan turzup depä dyrmaşyp barýan oglunyň yzyndan aňk-taňk bolan Ogulbaýram eje birden ýalňyz dikrarynyň ajalyna tarap gidendigine akyl ýetirdi. Ol bady-baran möňňürip goýberdi-de:
-Wah, nirä barýarsyň ahyry?! Beýtme ahyry, bizi kime goýup gidýärsiň sen, ýalňyz guwanjym, beýtme!-diýip, ýarym-ýaş bolup, oglunyň yzyndan ylgamaga çalyşdy. Emma tutuş süňňi bilen silkinip aglaýan Hallygözel gaýynenesiniň elinden berk ýapyşyp goýbermedi. Hasratdan ýaňa urunýan gaýny görgülini dagy nädip köşeşdirjegini bilmän, ýaşmak astyndan:
-Goý enesi, Nazar jan: “başararsyňmy, biziň dowamat-dowamymyzy mynasyp ýigit edip ýetişdirmegi başararsyňmy?” diýdi, menem “başararyn” diýdim, enesi! Ýör gideli enesi, mähribanymyz şeýtmese bolmaýar! Men onuň kimiň üstüne näme üçin ölümini boýnuna alyp barýandygyny bilmeýärin, ýöne şol depäniň aňyrsynda türkmeniň namysy bar bolmaly, külli türkmeniň namysy üçinem ölmäge barýar mähribanymyz! Men onuň gözlerinden okadym enesi, “namyssyz ilden il bolmaz” diýdi Nazar janyň gözleri enesi, “Bir mert ölse-de, on merdana ölse-de, halk ýaşasa, türkmen dowam eder, ýöne türkmeniň namysyny öldüren pursatlary türkmen gutarar” diýdi Nazar janyň gözleri, enesi! Goý enesi, bir öz mähribanymyzy aýap saklajak bolup, külli türkmeniň namysyna kast etmäli! Ýör, enesi, ýör, Nazar jan indi dolanmaz, Kepeläniň guýusyna tarap gideli! Onuň dowamat-dowamyny halas edeli!-diýip, sojap-sojap gözýaş dökýän Ogulbaýram ejäniň agysyna goşulyp aglap, ony demirgazyk-gündogar sary çekip, mytdyldap başlady…Şol gün gije ýarymdan aganda Hallygözel bilen Ogulbaýram eje Kepeläniň guýusyna ýetdiler. Ol ýerde-de olary Taňryberdi kethudanyň we onuň ogullarynyň baştutanlygynda jemlenişip, küren oba tutan ildeşleri garşyladylar. Olaryň Nazar hakda gürrüňlerini eşiden Taňryberdi baýyň özi ogullaryny ýanyna alyp, şol oýa tarap atlandy.
Olar daňa ýakyn Hallygözeliň salgy beren oýuna bardylar. Oýy ýagtyltmak üçin ot ýakanlarynda ýedi sany gara geýimli jesediň gyzyl-ýaýyrt bolup ýatandygyny, oýuň günbatar künjünde bolsa mähnet gara döw ýaly bir göwräniň nämedir bir zady aşagyna düýrläp ýatandygyny gördüler. Taňryberdi baýyň ogullary mähnet göwräni galdyranlarynda, onuň jan bereninde-de bir duşmanyny astyna alyp, onuň bogazyndan penjeläp, doňup galan Nazar neressedigini tanadylar. Olar hamsygyşyp, hernäçe jan etseler-de gara geýimli duşman atlysynyň jesedini Nazar neressäniň penjesinden sypdyryp bilmediler. Diňe Taňryberdi baý özüniň gartaşan hem bolsa gujurly elleri bilen Nazar neressäniň barmaklaryny ýeke-ýekeden açyp, ony bir gyrada ýatyrmagyň hötdesinden geldi. Oduň ýagtysyna Nazaryň döşündäki iki sany çalaja gan syzýan, gülle giren deşikler ezýaka köýneginde gan gatyşykly gyrmyzy reňk bilen garalyp bildirýärdi.
Soňra olar ýene-de garaňky oýy oduň ýagtysyna agtaryp ugradylar. Sähel salymdan oýuň gündogar çetinde ýapynyň üstünde gujaklaşyp ýatyşlaryna jan beren oglanjyk bilen gyzyň jesedini tapdylar. Meger ýagydan gaçanlarynda ikisi hem yzlaryndan atylan gülläniň pidasy bolan bolara çemeli. Onýança olar oýuň iň garaňky burçunda endam-jany çapylyp, zordan demi gelip-gidýän ýaradaryň üstünden bardylar. Haýdan-haý ýaradar ýigidi oduň ýakynyna getirip, ýaralaryny arassaladylar. Ellerine ilen mata bölekleri bilen onuň ýaralaryny saradylar. Agzyna suw damdyryp, ýüzüne suw sepdiler. Şol müddet ýaradar ýaralarynyň agyrysy zerarly huşuna gelip, düşnüksiz samyrdap ugrady:
-Gaçdylar! Namartlar! Meslekdeşleriniň läşini hem ýere duwlaman, gaçdylar… Çoz, teke! Çoz, türkmen!… Ur doganym, olary, ýene-de ikije sanysy galdy… Ursana doganym, olary! Hanha, gaçdylar!.. Namartlar! Gaçdylar!... Wah tursana, ar-namysly doganym!...Saňa näme boldy ahyry?!... Tursana doganym! Ýeňdiň ahyry olary doganym!... Turaýsana, başyňa başym sadaga, Namyslym! Gaçdylar! Meslekdeşleriniň läşini hem ýere duwlaman, gaçdylar… Çoz, teke! Çoz, türkmen!… Ymm!
Ýaradar ýene-de huşundan gitdi. Taňryberdi baý oturan ýerinden uly ogly bilen ortanjy ogluna garady.
-Atymyň syrtyna keçe bökderilgidir. Bu ýaradar bendäni keçä salyň! Soňra her haýsyň keçäniň bir çetinden tutup, atyňyza atlanyň-da, depiň, oba garşy! Bärsinden aňyrsy ýakyn welin, onda-da peýmanasy dolmadyk bolsa diri galar umydy bardyr. Bejit boluň! Oba baranyňyzdan soň aýdyň, bärik adam ugratsynlar. Bu itogullaryny hem şu ýerde guma süsdürsinler. Her näme-de bolsa adam ysy bar, läşleri şagallara şam bolmasyn.-diýdi. Soňam ogullarynyň öz buýrugyny ýerine ýetirişlerine üns bermän, kiçi iki ogly bilen Nazar neressäniň we neresse oglanjyk bilen görgüli gyzyň jesetlerini ata ýüklediler. Şeýdip hem Kepeläniň guýusyna gaýtdylar.
Şondan üç gün geçeninden soň bolsa Hallygözel Nazar mergeniň özüne çalym edip duran, daýaw oglanjygy dünýä inderdi. Onuň adyna hem Nazar goýdular. Ýöne hiç kim Nazarjyk hakynda setanda-seýranda kimdir biri “kimiň ogly?” diýip soranda “Nazar mergeniň ogly” diýip jogap bermedi. Her kim bu soraga başgaça jogap gaýtardy. Nazar Namyslynyň ogly Nazar.
Nazar Namyslynyň oýy bolsa häli-häzirem bar. Özem bir ýa-da iki däl-de, müňlerçe sany! Çünki namysjaňlygy halklaryň dilinde mysala öwrülen türkmeniň namysyny gorap şehit bolan her bir gerçek oglunyň wepat bolan oýy—Nazar Namyslynyň oýy! Şol Ata Watan üçin, ar-namys üçin başyny goýan mertleriň ählisiniň ýoly hem Nazar Namyslynyň ýoly—Ar-Namysyň ýoly!

“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2008-nji ýylyň 21-nji, 28-nji martyndaky we 4-nji aprelindäki sanlary

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 660 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]