20:30 Nesillere ýetirilmeli miras | |
NESILLERE ÝETIRILMELI MIRAS
Belki öz ogul gyzymyza ýetse-de ondan soňky nesillere ýetmezliginden howatyr edilýän baýlygymyz suwuň indi azalýandygy hakynda bilýäňizmi? Deňizleriň derýalaryň suwunyň azalýan hatda guraýan wagtynda biziň öýlerimize gelýän suwlary arkaýyn döküp tygşytsyz ulanmagymyz geljekki nesilleriň ykbalynda uly ýitgi bolup biljekdigini pikirlenip gördüňizmi? Suwsuz ýaşaýyş ýok. Bu eýýäm asyrlaryň tejribesinde ýüze çykan hakykat. Suw diňe bir bedenimiziň aýlanşygynda möhüm rol oýnaman arassaçylyk üçinem iň derwaýys zat. Içýän suwlarymyzy hernäçe tygşytlasagam gap-gaç ýuwanymyzda ýa-da elimizi ýüzümizi ýuwanymyzda köpümiziň suwy gereginden artyk akdyrýandygymyz hakykat. Her damjasy zere deňelen suwuň gymmaty ýyl geçdikçe artýar. Häzir içmek üçin ýörite pul berip satyn alýan suwlarymyzy nesillermiziň has gymmat bahadan satyn almagy hatda satyn alara tapylgysyz bolmagam mümkin. Bu zatlar bolsa bellibir derejede bize bagly. Suwy ulananymyzda tygşytly sarp etsek ýada sarp etmegi bir-birege ündesek adamzat neslini bimaza edýän global meseleleriň çözülmegine ýa-da biraz bolsa-da netijeli çözüwine barýan ýola sebäpkär bolup bileris. Biz her birimiz nesilleriň taryhynda uly orny bolan şahsyýetler. Nesillermize suwy miras goýmak her birimiziň ynsanlyk borjumyzdyr! Amanbibi BAÝJAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |