09:12 Nusgalyk ata | |
NUSGALYK ATA
Maşgala - bu-öý, ojak, mähriň, söýgüniň jemlenen ýeri. Islendik adamy tanamak üçin ilki bilen aslyny, önüp-ösen maşgalasyny ideýärler. Il içinde abraýly, nusgalyk maşgalalar hemişe il-günüň derdine ýaraýan perzentleri kemala getirýär. Ine, şeýle nusgalyk, döwletli maşgalalaryň biri hem Hudaýerdiýewleriň maşgalasydyr. Bu döwletli maşgalanyň maşgalabaşysy Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň mugallymy, şahyr Şyhmustapa Hudaýberdiýew döwrümiziň öňdebaryjylaryndan biridir. Şyhmustapa mugallym 2 ogly, 3 gyzy kemala getiren, öýli-işikli eden, 16 sany agtygyň atasy. Gyzlary Tawus bilen Zyýada Hudaýberdiýewalar Mahym gelnejeden el işlerini, keşdeçilik sungatyny kemsiz öwrenipdirler, öz gyzjagazlaryna-da öwredýärler.Goňşy-golamlaryň, garyndaşlarynyň, obadaşlarynyň geýjek köýnekdir lybaslaryny millilik çaýýan nagyşlar bilen bezäp,uly alkyşlary alýan doganlaryň milli mirasymyzy nesillere geçirmekdäki hyzmaty uludyr. Ýene bir gyzy Enar Hudaýberdiýewa konditer önümlerini bişirmäge ökdeligi bilen il içinde at alandyr. Onuň bu ugurdan geljekde has uly maksatlary nazarlaýandygy, bişirýän süýji-kökeleriniň görnüşlerini köpeldip, her bir güni toýly halkymyzyň saçaklaryny öz önümleri bilen bezeýändigi,ak ýürekden edýän hyzmatlary buýsandyryjydyr. Uly ogly Jebran Hudaýberdiýew Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-ni tamamlandan soň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde diller kafedrasynyň müdiri,dekanyň okuw işleri boýunça orunbasary ýaly kärlerde zähmet çekipdir. Häzirki wagtda ol Aşgabat şäherindäki “Paýhas” bilim merkezinde usulyýetçi-guramaçy bolup işleýär. Jebran mugallymyň geljekki maksatlaryny uludan tutýanyny kakasy Şyhmustapa mugallym buýsanç bilen belleýär. Ol ýurdumyzda telekeçilere döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp,hususy dil merkezini we ýaşlary ýokary okuw jaýlaryna taýýarlajak dalaşgärlere taýýarlyk kurslaryny açmagy meýilleşdirýär. Maşgalanyň ikinji ogly, körpesi Halyl Aşgabat şäheriniň 10-njy orta mekdebinde taryh mugallymy bolup işleýär.Onuň işleýän mekdebinde bilimiň hilini gowulandyrmaga goşýan goşantlary uly bolup,okuwçylarynyň ders bäsleşiklerinde gowy netijleri gazanýandygy sözümiziň mysalydyr. Ýeri gelende bellemeli esasy zatlaryň biri hem şahyryň döredijilik ýoluny agtyklary Merýem bilen Asyýanyň dowam etjekdigine ynam bildirýänligidir. Maşgalanyň gurplulygyna, maşgala agzalarynyň bol-elin durmuşda ýaşamagyna her ýylda döwletimiz tarapyndan artdyrylýan zähmet, pensiýa haklarynyň görnetin täsir edýändigini maşgala agzalarynyň her biri belläp geçdi. Döwletimiziň edýän hemaýaty bilen bir hatarda maşgalanyň gurplulylygy, il içindäki abraýy Şyhmustapa mugallymyň ýyllarboýy çeken halal zähmetinden gözbaş alýany ikuçsyzdyr. Halypanyň orny toý-märekelerde,döwlet çärelerinde,baýramçylyklarda mydama törden. Şanly garaşsyzlygymyzyň ýalkymy Hudaýberdiýewleriň döwletli maşgalasyny hem nurlandyrdy. 2011-nji ýylda mugallym “Garaşsyzlygyň XX ýyllygy”ýubileý medaly, 2014-nji ýylda bolsa, Magtymguly Pyragy medaly bilen sylaglandy. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Döwletimiziň hemaýat etmegi bilen Eýran respublikasynda Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat edip geldi. 2012-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň sertifikaty hem-de minnetdarlyk haty gowşuryldy. Şahyryň goşgular ýygyndysy birnäçe gezek neşir edildi. Ýaňy-ýakynda çap edilen “Buýsançly serim” goşgular ýygyndysynda şahyr döwrümize, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän özgertmelerine buýsanjyny beýan edip,döwrüň sesine ses goşýan goşgularyny jemläpdir. Bu döwletliligiň aňyrsynda halal zähmetiň, tutanýerliligiň,iň esasy bolsa, maşgala agzybirliginiň uly orun tutýandygyny Şyhmustapa mugallym aýratyn belläp geçýär. Maşgalanyň abadançylygy-döwletiň berkararlygydyr. Sebäbi, maşgala döwletiň esasy sütünleriniň biridir. Medet AKMYRADOW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |