14:30 Ömrümde köp gezek... | |
Orazguly ANNAÝEW
▶ ÖMRÜMDE KÖP GEZEK... Ömrümde köp gezek satylyp gördüm, Ýöne heniz ynsan satyp görmedim. Göripleriñ didiwanly gözünden Ençe gezek jaýdar atylyp gördüm. Ýöne beýle ýarag bolmansoñ mende, Entek duşmanymy atyp görmedim. Degmedige, degene-de görmedim, Pesiñ ýüzün görmek üçin öñünde Hiç haçan öz belent başym egmedim. Bähbidimiñ göwnün awlajak bolup, Durmuşda başgany aldap görmedim, Belki, mydam öz göwnümi aldadym, Göwün çüýşesini döwene degmän, Ejirini diñe özüm añladym. Hoş sözümi gaýgyrmadym hiç kimden, Ýöne hiç kim peşgeş bermedi gülap. Dogry sözüm ýol almady kän gezek, Çekdim onuñ üçin men çökder güzap. Tirsek bilen ýol açmadym özüme, Belentden has belent wezipä dyzap. Herki zadyñ möhleti bar, çägi bar, Bu gün çyg çekipdir ot berýän çakmak. Meni tanaýanlar dilleşen ýaly, Maña bir agyzdan diýýäler akmak. Belki, has başgaça pikir edýändir, Aýdýandylar hälem aýtjagnyñ ýaryn. Geñ galmaly ýeri, bu gün men olañ Pikri bilen doly ylalaşýaryn. | |
|
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |