10:12 Ömür | |
ÖMÜR
1 Hil-hil seniñ gadyr-gymmatyñ ömür: Kimsä altyn, kimsä kümüş, kimsä-de: Ýol üstünde ýatan posluja demir. 2 Duşman saýýanlary aradan çyksa, Diýýär: - Añrym otdur, uzak ýaşamaz. Kim garşyma gitse, kim göwnüm ýyksa! 3 Jenjel araýarsyñ, aslyşyp dilme, Ömür tanapymda ýalaw deý gaýçyñ, Ezraýylyñ aýal görnüşi bolma?! 4 Pilsyrat köprüsi gylyçdan ýiti Bolsa bolubersin, törpüli baryp, Küteldip geçmeklik onuñ niýeti. 5 Şükür eýläp, beýle uzak ýaşyña, Tañra-da minnetdar bolsañ bol welin, Minnetdar bol, diliñ saklan dişiñe. 6 Bokurdagym bogup bilenok - hatam, "Ýuwdanyñ däl, siñdireniñ özüñki, Şuny unutmagyl!" diýerdi atam. 7 Bar öz uçýan belentligi bürgüdiñ, Bürgüt däldigiñi bilip durkañam, Belent uçjak bolmaklyk nä görgüdiñ! 8 "Gyzym!" diýýär, ýaşy-halyna görä, Ýöne uzamasyz ýere uzaýar Eli welin haram päline görä. 9 Mysalmydyr üç ýüz ýaşy, pyşdylyñ?! Ýarsyn uklap, ýarsyn gorkup geçirýär, Arkasynda bus-bus daşy, pyşdylyñ! 10 Sagadyñ "jyk-jyky" dälmikä gülki?! Ömri ýele sowrup ýörenimize, "Akmajyklar!" diýip, gülýändir belki! ■ GÖWÜN Göwün gaýma ýüpegi deý näzijek, gaýma ýüpegi deý inçejik göwün. Usully bolmasañ, ýa-ha çolaşar, ýa düşer düwün. Göwün köle gonan ýaşylbaş sona, añsat-añsat özgä ynanmaz, hüşgär. Usully bolmasañ, Ürker-de, gaýry köllerde düşlär. Göwün dür monjuk deý säher çyglary, ot-çöpleriñ näzik boýnuna düzlen. Usully bolmasañ, täsin monjuklar ýok - eýýäm üzlen. Göwün meý içilýän nepis meýkäse, Haýýamyñ rubagy-şygrynda öwlen. Usully bolmasañ, goluñdan ýere gaçandyr - döwlen! Göwün ýüpek tary gazma dutaryñ, baş ýaýkadýan ajap mukamlar çalnar. Usully bolmasañ, ahmyrda goýup, zarñyldap ýolnar. Göwün hökmürowan zalym patyşa, sütem-zorluga höwesdir göwün. Beýle göwni elhenç döwüñ jany deý ýere pylçañ-da döwüñ! Hemra ŞIROW.n | |
|
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||