00:20

On müñlerçesiniñ ölüp, galanynyñ gul edilen çaga haçly ýörişleri

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 257 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Mazlum Çelik | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Hristianlaryň (ulularyň) haçly ýörüşleri umuman şowsuz tamamlanandan soň ruhanylara munuň sebäbini düşündirmek gerek bolýar: nädip beýle bolýar, Hudaý hristianlaryň tarapynda dälmi näme? Munuň sebäbini olar şeýle delillendirýärler: "Imanly bolsalar tarapynda bolardy, emma günämiz köp, kalbymyz arassa däl". Onsoň birden myş-myşlar döräp ugraýar: "Neresse çagalar päk ahyryn, Hudaý şolary-ha goldap maksada ýetirer". Netijede her ýerde çagalary ýörişe çagyrýan ýaşajyk fanatikler döräp ugraýar we çagalar öýlerinden gaçyp, şolaryň ýanyna ýygnanyp başlaýarlar. Bu uly ýangyny, ine, şeýle ynanç köredýär.

Ol iki marselli ýezit barada aýdylanda bolsa (bu arada, näme üçin birisiniň asyl ady Hugo, türk awtor Hugo diýendir, türkmençä alagada Gýugo bolup geçýär; ýa rusçadan terjimemikä?), olar müňlerçe çagalary aldap, Müsüre satansoňlar ol çagalardan diňe birisi ulalyp ösenden soň ýurduna dolanyp gelip, täjirleriň eden hyýanaty hakda gürrüň beripdir diýip eşidipdim. Dogrusy, çagalary şeýdeni üçin-ä olara zelel bolmandyr (çagalaryň ykbalyny yzyndakylar şeýle hem bilmändirler). Ol iki täjir ep-esli ýyl geçenden soň başga sebäp boýunça - imperatoryň garşysyna dildüwşige dahyllylygy üçin jezalandyrylyp öldürilen ekenler.

Taryhyň ýaňsysy: müň ýyl geçenden soň indi Günbatar Ýewropada adamlar çagasy bir sagat gözegçilginden ýitse alarm turzarlar, hut musulman ýurtlarynyň eýesiz çaga esgerleri bolsa (ýöne bir-biriniň garşysyna) ýörüşde häzirem ulanylýar.

Ýene bir sapak: hiç haçan, hiç bir "mukaddes" şygar astynda ("русский мир" ýa başga) kesekiniň topragyna ýöriş etmeli däl. Beýtseň Hudaý hiç haçan seni goldamaýar we çaga bolsaňam seniň soňuňy harap edýär

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Men mugallymkam şu temadan açyk sapak beripdim. Şonda aýdylýardy (häzir internetde ol hakda maglumat has köpdür elbetde, men kitapdan okapdym):

"Marselli iki täjir çagalary 7 gämide "ýörüşe" ugradanda Müsüre öňünden habar ýollapdyr: "7 gämi ýaşajyk gul iberýärin, garşylaň". Onsoň gelenlerinde aýaklaryny ýere degirmän, gul bazaryna eltipdirler (2 gämi ýolda heläk bolan). Müsür halky bu "haçly urşujylara" bol haryt hökmünde garaşyp oturan ekenler (ajy ýylgyranyňy duýman galýarsyň).

Olaryň 400-sini müsür hökümdary saýlap özüne alypdyr we gowy saklapdyr (elbetde, şol wagtyň düşünjesine görä "gowy"). Musulman baýlar tarapyndan satyn alnan beýlekileriniň bolsa käbirleri yslamy kabul etmänleri üçin gynalyp öldürilipdir, käbirleri, jynsyna we ýaşyna garamazdan, hojaýynlaryň seks hyzmatyna goýlupdyr, bolmasa-da ýakyp barýan jöwzanyň astynda ekerançylykda ýa-da beýleki agyr işlerde surnugyp, kem-kemden ölüp-ýitip gidipdirler."

Musulman çeşmelerinde olaryň ykbaly barada maglumat berilmeýär, emma ýewropada aýdylypdyr. Meselem, şol "ýörişden" soň italiýanyň meýhanalarynda we keýp çekilýän gaýry edaralarynda blondin hyzmatçy gyzlaryň köp bolandygy aýdylýar.

Olar Germaniýadan şol ýörişe giden gyzjagazlar bolmaly. Her näme-de bolsa biraz komik dälmi? Ine, iliň topragyna ýöriş etseň, çaga-da bolsaň başyňa gelýäni-dä. Kim seni söýüp garşylajak?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]