22:50

Öz howpsuzlygyny "Wagnere" ynanan ýurduñ ýagdaýy niçik borka?

Категория: Publisistika | Просмотров: 201 | Добавил: Gökböri | Теги: Feras Kilani | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Afrikanyň Sahel zolagyndaky ýurtlaryň näme üçin gelip-gelip Wagnere sygynýandygynyň, olaryň halk köpçüliginiň bolsa rus baýdaklaryny galdyrýandyklarynyň sebäbi şu ýerde görünýär. Sebäbi: "Gark bolup barýan haraý isläp samana ýapyşar" ýa-da "Ajyň aňy bolmaz" diýilýänleri.

Sebäbi ol ülkelerde diňe öz ideologiýasyny öňe tutýan barlyşyksyz, fanatik, tolerancesiz toparlar köp, harbylardan emele gelen hökümet bolsa öz-ä bir güýçsüz, başarnyksyz, ýene-de halkara güýçlerinden närazy bolup olary hem ýurtdan kowýar. Harby hunta halkyň goldawyny almak üçin milletiň kolonial döwürden galan trawmalaryny gorjap, populizme baş urup, fransuzlary hem kowýar. Olaram "beter boluň" diýip çykyp gidýärler, sebäbi özlerini ýigrenýän millet üçin urşa bulaşasy gelenok. Ýurduň baýlyklaryndan öz wagtynda aljaklaryny alypdyrlar, indi problemalary gerek däl. Garaşsyzlygynyň şunça ýyllarynyň dowamynda ol ýurtlarda normal işläp bilýän raýat hökümeti kemala gelmändir, munuň üçinem ýene fransuzlar günäkärmi ýa-da ýerli elita?

Garaz, bu garjaşykda hereket edýän actorlaryň arasında "akja guş" ýok, hersi öz egosy bilen gümra. Netijede, Pyragy atamyzyň aýdyşy ýaly, "gökde pelek gerdan, halk ýerde sergerdan". "Asman yrak, ýer gaty".

Iň beteri, elbetde, YŞYD, emma beýlekili ýaragly toparlar hem edil adamlaryň janyna dawa salmasalar-da, olara meýdanda ygyp ýõren haýwanlaryň hukukundan artykmaç hiç hili hukuk tanamaýarlar. Õz toparynyň bähbidi - ýeke-täk maksat. Bu äjit-mäjitligiň kūlpetini bolsa ýene garamaýak halk, zenandyr oglan-uşaklar çekýär.

Tuareg ýurtbölüjileriniň myhmansõýerliginden peýdalanan BBC habarçysy olar hakda erbet gürlemeýär (ol umuman tarap tutup gürlänok, diňe gören-eşidenini habar berýär), emma tuareg serdarynyň çäksiz gedemlige ýugrulan sözleri ýurduň düşen gözgyny ýagdaýyny hemme zatdan gowy suratlandyryar: "Eger hökümet özüne degişli däl zatlary talap etse, onda gandöküşlik bolar".

Gürrüň, elbetde, ýurduň bir sebiti we ondaky altyn känleri barada gidýär. Eýsem suweren ýurduň hemme çäkleri we onuň ýerasty baýlyklary döwlete degişli däl-de, başga nähili bolmaly? Emma Al-Kaida bilen ylalaşyp, ýurduň bir bölegini altyn känleri bilen bilelikde öz ygtyýarynda saklaýan, gaznasyny dolduran tuareg serdarynyň hörpi muny ykrar ederden has ýokary: onuň öz durmuşy şikarnyý, nökerleri dok, ýaraglary gurat. Altynyň bolsa hemme zady üstüňe getirip berýärler. Ýurduň ilatynyň bary-ýogy 3,5 göterimini düzýän tuaregler şeýdip bu ýerde özbaşdak döwlet bolup otyrlar. Döwlet aglak bolup, özüňem utanmasaň-çekinmeseň isläniňi edibermeli.

Emma ýaragsyz, nökersiz, emläkleri talanan biçäre halk nätmeli? Bu toparlar olaryň janyna degmeselerem, olara abadan durmuş, öý-öwzar, iş-güýç bilen üpjün etjek niýetleri ýok. Bu zatlary hökümet etmeli. Hökümetiň bolsa ygtyýary ýurduň bir bölegine zordan ýetýär. Başga ýerde gaçyp-bosup ýören ilata ölmez ýaly çöregi ýene halkara guramalar berýärler.

Onsoň "Görogly" dessanynda aýdylany bolýar: "Bir ýurduň eýesi bolmasa, ilat "Nirede bir ýerde är döräpdir" diýilse, şoňa sygynyberjek eken". Şeýle ýagdaýda alys Russiýada dörän Wagner hem olaryň umyt baglan gerçegi bolup çykdy. Gark bolup barýan çöp görse-de ýapyşýar. Wagnerçiler ejiz hökümete arka durup ýurtda tertip-düzgüni dikelderler, arkaýyn, gorky-ürküsiz ýaşamaga, işlemäge, maşgala eklemäge şert dörediler diýip umyt edýärler. Bolany şol. Kän zat isleýärlermi?

Emma Wagneriňem bu ýurda ýene-de şol altyn känlerine "aşyk" bolup geleninden olaryň nireden habary bolsun? "Святая простата" diýilýänimikä? Umuman-a, näme-de bolsa onçakly geň görerlik ýagdaý däl. Bu wagt olaryň ýerinde özüň bolma, garaz.

0
2 murat_yousef  
1588
Tüweleme sizde oratorçylyk sungaty bar!!!

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Minnetdar! Men dogry hasap edýän pikirlerimi göni we aýdyň beýan etmäge çalyşýaryn, onsoň gyzykly ýa-da ynandyryjy çykýan bolmagy mümkin. Ýagny oratorlyga ýörite ymtylamok, men esasy orny söz baýlygyna däl-de, pikir baýlygyna berýärin, köpçülige täsir edýän güýji şonda görýärin.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Siziň Amerika barada anyk bir aýyplamany öňe sürendigiňizi bilemok. Belki gören däldirin. Näme aýyplamady ol?

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Onsoňam men o nähili "diňe orslara garşymyşym?" Şu teswirimde Malidäki ähli toparlary (YŞYD, Al-Kaida, Al-Nusra, tuareg ýurtbölüjileri, harby hunta, öňki dolandyran raýat elitasy, fransuz kolonialistleri...) günäkär hasap edýändigimi aýdýaryn ahyryn. Onsoň Afrikadaky jenaýatlary bilen belli (özleri wideo düşüren) Wagneriň şolaryň arasynda ala-böle akja guş bolmajagy hemmä belli. Beýtsek wagnerleriň özleri kemsinerler. Tugralaryna kelleçanak çeken bu kellekeserler özlerini ölüm perişdeleri hasaplaýarlar. Olaryň maksady özlerini söýdürmek däl-de, özlerinden gorky döretmek. Kelle kesmekde özleriniň Al-Kaidadan kem hasaplanýandygy olara örän ýokuş deger. Olarda bu barada komplektowannost bar. "Afrikada iň wagşy janawarlar Wagnerdir" diýiň, mes bolarlar. Olar özlerine "святой" diýdirmek üçin däl, "злодей" diýdirmek üçin çabalanýarlar. Siz bolsa olary aklajak bolup özüňizi oňaýsyz ýagdaýda goýýaňyz. Siziň aklanyňyz ýa-da goranyňyz olara gerek däl. Emma olary artykmaç şeýtanlaşdyrjak bolup oturmagam gerek däl. Olar "kagyz gaplaňlar" bolup çykdy, "Afrikany wagner alýar" diýen gürrüňler hem boş howsala, özleriniň ýalan reklamasy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]