11:22 Öz nilini ýaralamaz sapança | |
ÖZ NILINI ÝARALAMAZ SAPANÇA
Ömür geçer, sekunt hakyn gidirmez, Diýýäler-ä "Düýn göreniň bu gün ýok", Ýaralamaň bir-biregiñ göwnüni, "Bu durmuşda çözülmedik düwün ýok". Gahar gazap, diliňe erk etmeseň, Ertesi gün ökündirer hökmany, Wah biz asyl endik eden owaldan, Ökünç bilen gözýaşlary dökmäni. Şükür etseň maksadyňa ýetme bar, Garap gör sen sabyr bilen kyna ýa, Birje zada akyl ýetirmek zerur, Alla bizi kynlar bilen synaýar. "Bagyşla" diý, "günämi öt, toba" diý, Ýaşamaga hakyň baryn unutma, Birje mysal: asmanyňy garaldyp, Aglap soňra açylýandyr bulutlar. Goý, saňa däli ýa telbe diýsinler, Yza dönme öz-özüňi tapynçaň, Jansyz welin, emma syn et-de göräý, Öz nilini ýaralamaz sapança. Çeşmesi: https://panoh.uz/plugins/notes/list.php?id=57. 25.11.2022ý. | |
|
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |