20:36 Özgerýän diýar | |
ÖZGERÝÄN DIÝAR
Türkmen topragy häzirki döwürde gözelligiň hem- de ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän konferensiýalardyr, onlaýn maslahatlarda biziň taryhymyz hem- de topragymyzda ösýän ösümlikleriň geň- taňlygy barada üstünlikli işleriň alnyp barylýandygyny elbetde tehnologiýalar zamanynda görmäge mümkinçilik tapdyk.Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýaşlar bilen geçiren umumy sapagynda hem öz topragymyzyň taryhyny, bilime gadym döwürlerde goýlan sarpa barada aýdylýar. Munuň özi bolsa, ýaşlary diýseň buýsandyrdy. Her bir juwan ýürekde watançylyk duýgularyny açmaga ýol, ýörelge boldy. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ruh alýan halkymyz sanly tehnologiýalar äleminiň şaýady bolmak bilen bir hatarda dolylygyna durmuşymyza ornaşýan tehnologiýalary durmuş maksatly ähli ýerlerde ulanmaga mümkinçilik tapýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijilere onlaýn tertipde önümçiligiň ähli ugurlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol taýýar önümleri ugratmakdan onuň bellenen ýere çenli bolan aralygy, ýola sarp edilen wagt, ýüküň agramy, saklanyş derejesi we ugradylýan ýurduň hem-de alyjynyň ady baradaky maglumatlary berip durýar.Oba hojalyk önümçiliginde sanly, täzeçil usullar işjeň ulanylýar. Pudagy ösüşiň täze derejelerine çykarmak maksady bilen, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde, bu ugurda ýurdumyzyň telekeçileri aýratyn işjeňlik görkezýärler. Şeýlelikde, häzirki zaman önümçilikleriniň, şol sanda ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli azyk önümlerini öndürýän ýyladyşhana hojalyklarynyň sany artýar. Şolarda ekerançylykda ekiş döwründen ösdürip ýetişdirmäge we ideg etmäge çenli bolan ähli işler tehnologik usulda amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi sanly ulgama esaslanýar. Degişli howa ýagdaýyny, ýagtylygy, çyglylygy saklamak, topragy baýlaşdyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar arkaly suwarmak we beýleki degişli agrotehniki çäreleri amala aşyrmak awtomatik usulda alnyp barylýar hem-de kompýuter maksatnamasy arkaly gözegçilik edilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, hasylyň bereketli bolmagyny, ýylyň ähli paslynda ýokary hilli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzň üstünliklere beslenýän zamanynda edilýän işleriň naýbaşy hökmünde bu günki gün nusga alarlyklygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alýan ýokary hilli hyzmatlaryň hem sany artýar. Aşgabat şäheri hem-de Arkadag şäheri hem häzirki döwürde ösüşleriň şäherine öwrüldi. Munuň özi ýokary derejede gazanylýan üstünliklere mysaldyr. Halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini gowulandyrmakda edilýän işleriň aýdyň mysalydyr. “Akylly” şäherler konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň utgaşdyrylmagyna esaslanýar. Şeýlelikde, şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyryşyny, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän bir bitewi ekoulgam kemala gelýär. Bu konsepsiýa birnäçe ugurlary özünde jemleýär.Üstünliklere beslenýän türkmen binýadynyň ösüşlerinde ilkinji nobatda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmaklyk ýola goýulmagy ösüşlerden ösüşlere batly ädimler bilen barýan Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýyny barha ýokary göterýändir. Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzy öňe alyp barýan döwründe ösüşleriň şaýady bolýan türkmen halkynyň Garaşsyzylyk baýramynyň 32 ýyllygy hem dabaraly bellenilýär. Bu bolsa, ýurdumyzda edilýän işleriň üstünliklrden üstünliklere barýandygyny alamatlandyrýan guwandyryjy wakalardyr. Ogultäç ANNAGULYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |