19:36 "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" | |
"PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY"
Dynç alyş günlerinde Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgähiniň çäklerindäki alnyp barylýan işler hem-de paýtagty ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli birnäçe taslamalar bilen tanyşanynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly täze goşgusyny okap bermegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy hem-de türkmen halkyny buýsandyran, begendiren wakasyna öwrüldi. Goşgynyň çeperçiligi kämilligi bilen bir hatarda, täzeçil pikir hem-de sözlere ýugrulandygy bilen akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen beýleki şygyrlardan görnetin tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz “Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna”- diýen setirleriniň üsti bilen Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň üsti bilen tutuş halkymyzyň dünýä tanalandygyny, abraý-mertebesiniň belende galandygyny şahyrana dilde belläp geçýär. Diňe bir romanlardyr atalyk kitaplary däl, ajaýyp şygyrlary bilen halkymyzyň, şol sanda dünýä halklarynyň hormatyna, söýgüsine mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusynda hem pikirlerini aýdyň hem täsirli, özboluşly jemlemegi başarypdyr: “Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr, Halkynyň hem adamzadyň sadyk, syddyk guludyr, Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymgulydyr, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.” Guwanç HALYÝEW, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |