00:29 Pähime öwrülen setirler | |
PÄHIME ÖWRÜLEN SETIRLER
Türkmen halk nakyllarynyň döreýşi taryhy has adamzat ömrüne barabardyr. Ýöne olaryň aýratynlykda haýsysynyň näwagt dörändigini kesgitlemek juda ýerliklidir. Emma, muňa garamazdan, türkmen topragynda ýazylyp, soňra dünýa ýaýran “Awesta” atly meşhur kitap bilen bagly dörän, ýöne biziň günlerimizde-de örän işjeň ulanylýan “Ot-oraz”, “Ot astynda bela galmaz”, “It geldi-gut geldi”, “It- wepa...” ýaly nakyllaryň otparazçylyk, dinleri bilen baglydygyny görkezýär. Mahmyt Kaşgarlynyň “ Türki dilleriň diwanyna”, beýleki türkmen-oguz ýazgylaryna, “Oguznamalara”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly şadessanlarymyza, şeýle hem halk dessanlarymyza, Ýusup Has Hajyp Balsagunlynyň “ Kutadgu bilik” (“Bilimnama”) atly meşhur eserine, Nesiminiň, Nowaýynyň, Fizulynyň, Ýunus Emräniň, Baýram hanyň, Andalybyň, Azadynyň, Gaýybynyň, Magtymgulynyň we beýleki söz ussatlarynyň eserleri göçürülen golýazma gatlaryna düşüp, bize ýazuw üsti bilen gelip ýeten nakyllaryň dörän döwrüniň has irki zamanlara degişlidigini weli, çekinmän açyk aýtsakda bolýa. Nakyllaryň ýüze çykmagynyň, kämilleşmeginiň bir çeşmesi türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli söz ussatlarynyň hyzmatlary bilen baglydyr. ХVIII-ХIХ asyr türkmen şahyrlarynyň goşgulary bilen halk nakyllarynyň arabaglanyşygyny görkezýär. Dünýä halklarynyň nakyllarynda bolşy ýaly, türkmen halkynyň nakyllarynda-da öz halkymyza mahsus bolan alamatlary bar. Munuň hut şeýledigine göz ýetirmek üçin Pyragynyň öwüt -nesihat häsiýetli goşgulary bilen tanyşmak ýeterlikdir. Olaryň esaslary hökmünde aşakdakylary görkezmek bolar. Birinjiden, halk nakyllarynyň nusgasy janly gepleşikde nähili ulanylýan bolsa, söz ussatlarynyň edebi miraslarynada- da edil şonuň ýaly görnüşdede ulanylyypdyr: Bisabyr gul tiz ýolugar belaga, Sabyrly gul dura-dura şat bolar (Magtymguly) Nakyl- “Sabyrly gul dura-dura şat bolar” Ikinjiden, şahyr nakyl setirleriniň diňe bir bölegini goşgy bentlerine girizýär: Magtymguly, güýçli bile talaşmaň, Haýry goýup, şer işlere ulaşmaň (Magtymguly) Nakyl- “Güýçli bile talaşmaň, ýüwrük bile ýaryşma” Üçünjiden şahyr halk nakyllarynyň janly gepleşikde ulanylýan nusgasyna özünden söz goşup ýa-da aýyryp peýdalanýar, ol bolsa nakylyň-da, goňgyň-da manysyny güýçlendirýär: Garyplyk bir dertdir adam öldürmez, Öldürmese dirilikde güldürmez (Magtymguly) Nakyl- “ Garyplyk öldürmez, öldürmese-de -güldürmez” Dördünjiden, şahyr halk nakyllaryndaky öňe sürülýän baş maksady, manyny öz sözi bilen berýär: Ýeke atdan tozan çykmaz, Imdat gerekdir ýigide ( Magtymguly) Nakyl- “ýekäniň çaňy çykmaz” Bäşinjiden, söz ussady nakyllaryň halk arasynda ulanylýan nusgalaryndaky sözleriň ýerini çalşyp peýdalanýar: .....Boý satyn alyp ýamandan, Baky ondan dynma barmy? (Magtymguly) Nakyl- “Ýamandan boýuň satyn al” Jemlenip aýdylanda, islendik döwriň kämil türkmen şahyrynyň ýa-da ýazyjysynyň şahyrana halk döredijiliginiň bu toparyny peýdalanman eser ýazmadygy yok diýip, doly tassykalp bolýar. “Taýagyň iki ujy bar” diýilşi ýaly şu ýerde meseläniň beýleki bir tarapyny-da ýatdan çykarmak bolmaz. Sebabi islendik halkyň nakyllarynyň mukdar taýdan baýlaşmagyna şol halkyň görnükli ýazyjy şahyrlarynyň, beýik söz ussatlarynyň hut özleriniň goşýan goşantlary dogrusynda-da ýatlap geçen ýagşydyr. Mälim bolşy ýaly, her bir halkyň nakyl gory iki hili ýol bile başlaýar. Birinjisi, şol halkyň köp asyrlyk syýasy- durmuşy, gözlegleri netijesinde ýüze çykýan bolsa, soňkysy şol halkyň ýazyjy- şahyrlarynyň, beýik söz ussatlarynyň eserlerinde aýdylan nakyllaryň halk köpçüligi tarapyndan goldalynyp, häli şindi ulanylýandygy bilen baglydyr. Humaý Atabaýewa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |