14:50

Prezidentleriñ gärdekleri

Категория: Publisistika | Просмотров: 410 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Umuman, men teswirlejek temamy özüm saýlaýaryn. Hiç kimem hemme posta teswir ýazanok.

Emma öz ýörelgäm boýunça gidýärin. Syýasat barada gürrüň gidende, dünýädäki döwlet işgärleriniň dünýä syýasatyna, biziň sebitimize ýa-da goňşy sebitlere täsir edýän syýasatlaryny özümçe teswirleýärin. Dünýäniň we şebitleriň ykbalyna çözüji täsiri bolan we dünýä SMI-siniň birinji sahypasyna düşýän wakalar (ukraina wakalary, Afrikadaky agdaryşyklar) barada öz pikirimi ýazýaryn.

Emma meni kän gyzyklandyrmaýan wakalar barada gürrüňe goşulamok. Trampyň aýallary we öz gyzy bilen gatnaşyklary baradaky ýa-da Putiniň Kabaýewa bilen arasy hakyndaky hyşy-wyşylar meni birjigem gyzyklandyranok. Umuman meniň üçin syýasatçylaryň diňe syýasaty wajyp.

Akyldarlaryň, ýazyjylaryň we sungatçylaryň şahsy durmuşy olaryňka garanda biraz kän gyzyklandyrýar, emma olarda-da meniň üçin esasy zat - döredijiligi.

Şu "ýatakly-ýorgan-düşekli" makala Sizi örän heýjana getirene meňzeýär, men-ä dogrusy okamadymam. Makalanyň adyny okadym, suratyny gördüm we deňinden geçip gitdim. Bu arada, kodlar hakyndaky makalany hem. Olary goýanlar bagyşlasynlar, ýöne beýle temalar meniň gyzyklanma sferamdan daşarda. Meniň üçin-ä Injiliň kodlaryny has gowy açýan kitap Aýzek Azimowyň "Ilkibaşda" diýen kitaby.

Şonuň üçinem dünýäde kimdir birleriniň постель işlerini ara alyp teswirleşmäge meni çagyrybam oturma. Kim kim bilen ýatyp-tutýar, oriýentasiýasy nähili, postelde nähili ekeni - ol zatlar barada mensiz söhbet ediberiň. Siziň tema baradaky wkusyňyzy hökman paýlaşmaga hiç kim borçly däl.

0
2 murat_yousef  
1588
Dogry aýtýaňyz, her kimiň öz wkusy bar! Hiç kim hiçkimden lýuboý zat barada zastawit edip pikirini bilmäge haky ýok! Sag boluň

0
3 Babyşgalaly2570  
1556
Гызыклы жеделлер гидйэр энче гун бари. Вагтым болмансон язып билмедим. @Сайлав дост, американлар хакында билесин гелйарми? Мен олар барада оз горуп йорен задымы айдасым гелйар. Америка - бу биз ялы аграр юрт учин "Жон Дерр'', "Кейс'' диймекдир. Америка бу "Боинг'' учары диймекдир. Америка диймек- Халкын юрды диймекдир. 4 йылдан бир гезек президент сайлавы, "ГОЛОС ИЗБРАТЕЛЬЯ-СИЛНЕЕ ПУЛЯ'' (сайлавчынын сеси - гулледен гуйчли) дийлен шыгарын иш йузунде хокум сурйэн юрдыдыр. Бир адам 8 йыла ченли президент курсусинде отурып билйэр. Ондан сон пыгамбер болсанам "ПОЩЁЛ НА***! Юрды танажак болсан баштутан сайлаян канунларынын ишлейшине сын этмели. Шо канун ишлейан болса, адамзат учин бахбитли прогрессив осуш хем болаймалы шол ерде. Америкада инди 200 йылданам коп вагт бэри шу канун уйтганок. Шу канунын бержай эдилмейэн еринде, адам мертебесини ашык ойнан ялы ойнап йорленни Сизем горман дуран далсиниз. Орс миллети сададан ачык, ак йурекли гонумел миллет. Халкына соз ек. Эмма шу халка баштутан болян адамларын чыкарян хокгасындан инди догрусыны айтмалы болса орс халкынын озем гаты ядады.Тема Америка хакындады. Америка шу дунйаде адалатын, азатлыгын горагчысы болуп чыкыш эдипди, хазирем эдйар, ене-де эдер. Догры буларынам ёлбашчылары ялнышыбам билер. Эмма ызындан гелжек елбашчы мундан сапак алар. Буларда хич ким президентлик курсисинде омурлик отурмаз. Ыкдысадыеты гуйчли осен Довлетин пул бирлигинин ишлейшам башгача боляр. Долларын битирйэн ишини мен айтмамда-да горуп йоренсиниз.

0
4 Ependi  
284
Hanha, iň bolmanda görüp, göz ýetirip oturan zadymyz, ýaňy-ýakynda. Öňem müň gezek aýdylan zat, sud edilmeli bolsa ilkinji bilen Jorj Buşy sud etmeli. Owganystan hiç diýeli, gaýtam talibanlary kowup, gowam etdi. Ýöne, Yrak döwletine çozmagy, ne giden ynsanlaryň ömrüniň synmagy, başga-da hemme bulaşyklaryň sebäbi Jorj Buşdyr. Ýene birzat, dünýä ýurtlary hemmesi birigip, Birleşen Milletler Guramasyny (BMG) Amerikadan çykarmaly. Başga bir döwletde goýmaly. Goýanyňa degse, peýdasyz perişde. Bular şoňa arkalanybam kän zatlary etdiler.
Iň bolmanda Barak Obama hakynda näme diýjek. Sähne, "Men Buşuň ýalňyşlygyny gaýtalaman, Yrakdan ähli esgerleri çykararyn" diýişine barýar. Biri bulaşdyrýar, yzyndakam akyllysyrap goşunlary alyp gaýdýar. Obama söz berişi ýaly etdi, Yrakdan goşunlary çykardam welin Yşyd döredi. (Baýdeniň samsyklygy ýaly hereket etdi, Owganystandan goşuny çykaryp, ýurdy Talibana berişi ýaly) Ne giden gyrgynçylyk boldy. Olaň piňinede däl. Ýöne, Tramp gowy prezidentdi. Gowy bolansoňam ýokladylar. Eger-de şol ýene, soňky 4 ýyllygyna galan bolsa, Ukrain uruşam bolmazdy, dünýede düzelerdi. Uruşy halaýanlar bar, olaram ýene özleri.

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Käbir ýazylýan teswirleri okanyňda biraz geň galýarsyň, emma soň "aý, düşnükli-le" diýip, lapykäç ýylgyryp goýýarsyň.

"Korolyň özünden beter roýalist" diýen söz bardyr. Bu biriniň tarapynda onuň özünden beter janköyer bolup durmagy aňladýar.

XIX-XX asyrlarda birgiden halklaryň arasynda pajygaly hadysalar bolup geçdi. Fransuzlar bilen nemesleriň arasynda üç ganly uruş, ABŞ bilen Ýaponiýany7ň, imperialistler bilen koloniýalarynyň, türkler bilen ermenileriň arasynda bolan agyr hasratly wakalar. Bu duşman bolan taraplaryň käbirleri umumy dil tapyp, ylalaşdylar, käbirleri biri-birini bagyşladylar, käbirleri häzirem duşmançylygy unudyp bilenoklar.

Meselem, häzir ABŞ bilen Ýaponiýanyň arasy örän gowy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykdan iki tarap hem peýda alýar. Ýapon şäherleriň bombalanmagy barada aýdylanda bolsa, ýapon militaristlary tarapyndan edilen has aýylganç jenaýatlary bütin dünýäniň bilşi ýaly ýaponlaryň özleri hem örän gowy bilýärler (bular hakda olaryň özleri muzeýler döreden), şonuň üçinem amerikan tarapynyň dostlygyny kabul edýärler.

Emma meniň gürrüňim bu duşmançylykly ýa-da öň öň duşmançylykly bolan taraplar hakda däl-de, olaryň prombemalaryna özlerinden beter oda galýan gapdalbaýlar hakynda.

Meselem, käbir türk çepçi ýazyjy-žurnalistleriniň hirosimo-nagasakiniň agysyny ýaponlaryň özlerinden beter aglap, amerikan imperialistlerine gargaýşy ýaly. Özleri ylalaşypdyrlar, ýaraşypdyrlar, "sana ne ýa, sana ne?". Eýranlylar hem şu meselede ýaponlaryň özlerinden beter ýapon ýaly. "Hirosimo-nagasaki" diýip, ýas tutýarlar.

Şu meselede biz nähili? Biziň öz taryhymyz hakynda dogry pozisiýada diýip pikir edýärin. Ýogsam biziň geçmişimizdäki pajygalar şolaryň hemmesiniňkidenem ajydy. XX asyrda bolup geçen her hili bela-beterler (iki sany jahan urşy, raýatlyk urşy, tutha-tutluk we genosidler, açlyk...) netijesinde SSSR-de 50 mln-dan az bolmadyk (100 mln. diýýänlem) adam heläk boldy, trawmalar, döwlen ykballar we beýleki horluklar hakda aýtmanyňda.

Emma garaşsyzlygymyzy alanymyzda biz algy-bergi dawasyny etmän, birine garşy günä öňe sürmän, duşmançylyklary unudyp, aýyplamalary taşlap, diňe gowy ýatlamalary saklap galdyk.

We örän dogry etdik diýip hasaplaýaryn. Çünki duşmançylygy gorjap, gapma-garşylygy köredip, öz trawmalaryňy dörjeläp, barjak ýeriň nire? Şonuň üçinem sowet döwründe beren millionlarça şehitlrimizi hatyrlaýarys, emma munuň üçin birini günäkärläp, hasap soramzok.

Howa, biz muny örän dogry etdik, ýoldaşlar. Emma ençeme ýyl mundan öň amerikaly hakynatytmalar 14 sany yraklyny öldüripdirler. Ol dört amerikalynyň üçüsi 30 ýyllyk türme jezasyny, biri ömürlik türme aldy, hossarlaryna töleg edilipdi. Geçirilen soraglaryň netijesi yraklylaryň bu hökümlerden razy bolandyklaryny görkezenmiş, çynmy-ýalanmy. Razy bolanlar, mümkin, bardyr, emma şular ýalyda närazylyk hökman galýar. Üç ýyl mundan öň Trampyň ýaňkylary boşadanlygy hem üstüne.

Ine, teswirlerden görnüşi ýaly, käbir ildeşlerimiziň welin 14 yraklynyň ölümini amerikanlara bagyşlap bilmän, şol ýasyny tutup ýörüşleri. Trawmalary çenden aşa çuň. Yraklylaryň özlerinden beter armanly. Her teswirlerinde amerikalylardan munuň hasabyny soraýarlar.

Ýa-da indi ahyrsoňy bizem amerikalylary bagyşlalymy, ildeşler? Wagt bolmadymy? Ýa-da ýaralar beter çuňmy?

Emma, geň ýeri, musulmanlaryň üçünji kyblagähi bolan Kudusyň hatyrasyna ildeşlerimizden ýekeje sesiň çykanyny eşitmedim. Gaýtam "Iyeroşalom-da", "Iýeroşalom".

Aý, bu-da düşnükli. Ýöne bu şeýle bolsa Yrak babatda-da "sana ne ýa, sana ne?" bolmaly dälmi?

Adam diýeniň tutan pozisiýasynda birsyhly, yzygiderli bolar ýa. Täsin adamlar.

0
6 murat_yousef  
1588
Aslynda bize amerikan we rus umuman hiç bir özge ýurduň (bize dahylly bolmadyk) politikasyndan peýda ýogam welin, pikir alyşmalar ullakan bir göwne degişmä eltýär...

0
7 kungfuu  
1292
Russiýanyň daşary politikasynyň bize dahyly barmyka diýýän...

0
11 murat_yousef  
1588
Meniň diýjek bolýanym dahyly bar bolsa-da bardyram, uruşmak şert däl diýjek boldum. Olar ýaly çekeleşik etjek bolsak (politika ugrunda) özümizden başlaň! Öz problemamyzyň üstünde işläli.

0
8 Haweran  
411
Russiýa, ABŞ, Angliýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý... ýaly ýurtlarda eýýäm bir asyrdan, hatda iki asyrdan gowrak wagt bäri Gündogary öwreniş, Ýakyn Gündogary öwreniş institutlary, Ýegiptologiýa merkezleri, Yslamy öwreniş ylmy-barlag merkezleri, beýleki düşünje merkezleri işleýär, olaryñ hemmesi öwrenýän ýurdunyñ taryhyny, medeniýetini, edebiýat-sungatyny, ykdysadyýetini, oba hojalygyny, sosiologiýasyny, jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny, syýasy ugurlaryny öwrenip, tom-tom kitaplar çykarýar, dokumental filmler düşürýär...
Iñ bärkije mysaly, taryhçylarymyz edebiýatyñ taryhy türkmen taryhy boýunça ýönekeýje gazet makalasyny ýazanlarynda-da birinji ygtybarly çeşme hökmünde köplenç Bartolda, Bertelse, Samoýlowiçe, Massona, Sarianidä we beýlekilere salgylanýar.
Häzir bir aziýaly hökmünde, Moskwanyñ Gündogary öwreniş institutynyñ ýa bolmasa, ABŞ-nyñ haýsydyr bir STRATFOR ýaly analitiki-düşünje merkeziniñ gapysyndan baryp, "Size näme biziñ durmuşymyzdan, medeniýetimizden we ş.m.-lerimizden" diýse, onuñ nadanlygyna el çarpyp gülerler.
Soñunyñ nähili bolanyny menem bilemok welin, 90-njy ýyllarda Türkmenistanda hem ABŞ-ny öwreniş, Arap ýurtlarynyñ taryhyny öwreniş ylmy-barlag institutlaryny açmagy meýilleşdirilýändigi hakda "Watan", "Türkmenistan" ýaly gazetlerde berlen habarlary okanym ýadyma düşýär.

* * *

Ýöne dogry, biziñ okyjylarymyz pikir alyşmak meselesinde entek kän-kän yzda. Köplenjem dünýä syýasaty temasynda şeýle. Yzy hökman göwne degişmä geçýär. Munuñam esasy sebäbi goýulýan temalara doly düşünip bilmeýänliklerinde, temalaryñ doly okalmaýanlygynda, muña derek ýazylan teswiri okap, biri-biriñe gep teýeneläp, biriniñ ýazan teswirine garap, onuñ haýsam bolsa bir tarapyñ janköýerligini etmekde aýyplanýanlygynda.
Okan temasy boýunça her kim öz pikirini galdyryp, temany baýlaşdyrsa we başganyñ ýazan teswiri bilen işi bolmasa, başganyñ teswirine teswir ýazaýanda-da onuñ pikirine tokunman, öz pikirini ýazsa - oña ýetesi zat ýok welin, arman, o diýenimiz bolanok. Sebäbi, ýañky aýdyşym ýaly, garşylyklaýyn pikir alyşmak babatda biz entek kän yza galýarys.

* * *

Bolýan üýtgeşmeleriñ, uruşlaryñ hemmesi şu planetanyñ döwletleriniñ arasynda bolup geçýär.
Biz hem şu planetanyñ ýaşaýjylary. Biziñ döwletimiz hem Ýer togalagynda ýerleşýän garaşsyz, bitarap, özbaşdak syýasy doktrinalary bolan, dünýewi, demokratik döwlet.
Biz hem şu döwletiñ raýatlary hökmünde işleýän ugrumyza, eýeleýän wezipämize, milletimize, jynsymyza we dinimize garamazdan hemme zady bilmäge, dünýä syýasatyndan, beýleki ýurtlaryñ syýasy ugurlaryndan habarly bolmaga borçludyrys. Döwletara gatnaşyklardan, daşary syýasatdan, diplomatiýadan baş çykaryp bilýän ýaşlarsyz döwletimiziñ ösüşini göz öñüne getirmek mümkinmi beri? Bulary bilmek hiç bir ýagdaýda bizi haýsydyr bir gaýry döwletiñ ýa ideologiýanyñ tarapdary etmeýär. Gaýtam öz ýerimizde, öz postumyzda, öz derejämizde güýjümiziñ ýetdiginden öz milli ideologiýamyzy, döwletimiziñ alyp barýan syýasy ugurlaryny sagdynlaşdyrmakda, goldamakda, ýeten sepgitlerimiziñ, gazanan üstünliklerimiziñ gadryny bilmekde deñ-duşlarymyzyñ, ýaşlaryñ we indiki nesilleriñ, çagalarymyzyñ añyña süzgüçden geçirip iñ dogry şekilde guýmakda ýardam eder diýip umyt edýäris.
Hut şol maksat bilenem syýasy temalary gozgaýan makalalara we teswirlere göz ýumup gelýäris. Ýogsa meniñ özümi-de syýasat temasy gyzyklandyryp baranok.

0
9 yaran_yagmur_9  
1578
Bartold, Bertels, Samoýlowiç diýlende ol ägirtleriň öňünde dünýä taryhçylarynyň islendigi şlýapasyny çykarar. Emma şu wagt Russiýada gündogar dünýäsini suwytly bilýän kim bar adyny tutar ýaly. Bagdasarowmy? Satanowskimi? Žirinowskiniň? Üçüsem türkmenlerde ary köýen ýaly, diňe hapa guýýarlar. Bir gezek Bagdasarýan barada pikir edýän zatlarymy saýtyna ýazdym. Delillerimi jogap tapman, özüme ite diýmezini diýdi. Menem kem galmadym. Onsoň bloklap goýdy. Bularyň agzyndan zäher püwdürilýär. Ol geniler alym bolanlar, bular diňe propagandon.

0
10 Haweran  
411
Rus ylmynyñ gündogary öwreniş (востоковедeние) ugrunyñ akabasy hiç haçanam guramazmyka diýýärin.
Bu boýunça arapşynaslar häzir 96 ýaşly Ýelena Golubowskaýany, Irina Zwýagelskaýany, Igor Matweýewi, ýaponşynas Dmitriý Strelsowy, Wýaçeslaw Belokreniskini we gaýrylary görkezip bolar.
Diñe Russiýanyñ Ylymlar Akademiýasynyñ Gündogary öwreniş instituty boýunça ýaşy uluraklardan institutyñ ylmy ýolbaşçysy, akademik Witaliý Naumkiniñ, şol institutyñ direktory, taryh ylymlarynyñ doktory Alikber Alikberowyñ, institutyñ direktorynyñ ylmy işler boýunça orunbasary, gündogarşynas alym, taryh ylymlarynyñ kandidaty Natalýa Romanowanyñ gündogarşynas Pawel Gusteriniñ, ýaşlardan gündogarşynas-arapşynas taryhçy, taryh ylymlarynyñ kandidaty Wasiliý Kuznesowyñ... makalalary, ylmy işleri, kitaplary hem häzirki rus gündogary öwreniş ylmynyñ ýüzden bir mysaly hökmünde agzap geçmäge ýeterlik.

* * *

Bagdasarýan bilen gidişdiñizmi? Nirde bloklandyñyz?
Bu barada bilmek okyjylara gyzykly bolardy.

* * *

"Propa***"...?
Olaryñ kimligi, nämeligi b.n işimiz ýok welin, bu sözi pikirini erkin düşündirip bilýän siz ýaly adamyñ ýazýanyna geñ galdym.
Her niçik bolsa-da, her hili ýagdaý bolanda-da, salyhatlylygy elden bermäliñ. Sögünç sözli teswirler köplenç ony ýazýanyñ hakyky ýüzüni şekillendirýär, iñ ýamany-da bizi okap oturan okyjylary ürküzýär.

0
13 yaran_yagmur_9  
1578
Aý, bu öňräk bolan-la. Bir Youtobe kanalynda otyrkam Bagdasarýan geldi-de, şol öňki aýdymjygyna başlady (ýaňkylaryň üçüsi hem şol basnýany aýdýarlar): "30-njy ýyllarda sypdyryp goýberen şol nedobitýy basmaçylarymyz soň Owganystanda bize hezil bermedi, soň Eýrana, Yraga gidipdirler, hemme ýerde şolar bulaşdyrýarlar, indem Siriýada biziň garşymyza çykýarlar" diýip (Siriýada uçarlarynyň urlup ýören wagtlarydy öýdýän).

Ýogsam Siriýa türkmenleriniň bize näme dahyly bar, olar bir seljuklardan galan azerbaýjan taýpalary ýaly bir zat. Owgana giden türkmen basmaçylar bilen hiç hili umumylygy ýog-a. Russiýanyň hökümeti hem olary türkmenistanlylar bilen assosiasiýa etmezlik üçin "torkamanlar" diýdirýär-ä. Bolar bolsa ýörite çatyp otyr.

Men şulary aýdyp, "Bagdasarow näme üçin Orta Aziýalylara (özümi Orta Aziýaly hökmünde görkezip) şeýle duşmançylyk edýär?" diýip ýazdym welin, ýanyndaky gyz "Semýon Arkadýewiç beýle däldir, ol Orta Aziýada ýaşady, olara mähirli sözleri aýdýar" diýdi. Men: "Näme, onda bu onuň iýen çöregine alkyşymyka? Şol diýen mähirli sözlerini nireden tapyp bolýar?" (beýle sözleri diýse diýendir, özüne ýapjalyk edenlere) diýsem, Bagdasar ýarylyp: "Kim how sen, çýort? Nireden çykdyň? Men saňa aklanmalymy?" diýip bagyryp, gödek sögünip başlady. Menem: "Görşümiz ýaly, sende bize prosto biologik ýigrenç bar. Sen Russiýanyň ýalandan patrioty, hakykatda daşnak-beýleki" diýsem, ol öňküdenem sögdi. Menem: "A Siz oýnaty. Solowýow Size "general Bagdasarow" diýip, üstüňizden gülmek üçin aýdýar, şoňa mes bolýaňyz, aýdýanlaryňyzy hijem etmezler" diýip ýazdym, şondan soň birigip bilmedim. Ýogsa-da ol: "Saňa munuň üçin töleýändirler, kim töleýär?" diýýärdi. Her kim özüne osýar.

Howa, şolaryň içinde bize şeýle предвзято garaýanlaryny kän gördüm. Gullukda dagy 200 adamyň içinde şolardan diňe birisi, türkmenlerdenem diňe birisi bolsa, gelip-gelip türkmene erjeşer. Prowosirlär, jögülär, küşgürer, edil düýn olary biz genosid eden ýalydyrys. Türklerdir azerbaýjanlar bilen bizi bir tutup, genosidli taryhy dowam etdirerler.

Ýöne, elbetde, şeýle adekwatnyý, hoşgylawlary bardy, beýle zatlar ýadyna düşmez. Düşse-de, bildirmez. Özüň ýaman bolmasaň duşmançylyk etmez, ýüreginde hiç zat saklamaz, gaýtam ýagşylyk eder. Şeýle bir ýoldaşym bardy o "ýanlardan".

Bolýar, Haweran, syýasy gürrüňler biraz ýadatdy. Soňurrak näme üçin beýik döwletleriň bize dahylsyz däldigi hakda bir pikirimi aýdyp, soň arassa edebi meselelere geçip, makala goýmagy göz öňünde tutýaryn nesip bolsa.

0
12 murat_yousef  
1588
Hakyky!

0
14 Injener  
1
Islendik adamyň eline pul bilen çäksiz höküm berseň, ýokardaky agzalanlardan gowy bolar öýdemok. Bu ýerde Amerikaň we prezidentleriň dahylly zadam ýok...

Ýüregimiň iň garaňky ýerinde men hem "izwraşenis". Maňa-da şu wagt pul bilen höküm berseň nirelerden çykjagym belli däl... :))

0
15 yaran_yagmur_9  
1578
Hemme kişiniň eýýäm bilip oturan zadyňy aýtmak nämä gerekdi? :) Güýçli-güýçli psihoanalitikler otyr bärde. Ýüregiň podwalynda şol Trampyň ýanynda oturan hanymyň wideolaryndaky ýaly orgiýalaryň bolup geçýändigini bilýärdik. Ylym gaty öňe gitdi ahyry.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]