15:25

Putiniñ yslama bolan garaýşy hakda

Категория: Publisistika | Просмотров: 328 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýaşar Nury Öztürk | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Narcissus  
1589
Syýasatçylaryň (esasanam Putin ýaly kişileriň) dini ynançlary diňe öz bähbidi üçin ulanýandygyny bilmeýän gözýetimi pes adamlaram az däl.

0
2 Gökböri  
136
"Türkiýäniñ soñky otuz ýylyna serediñ. Milliard dollarlyk urha-urluklaryñ, talañçylyklaryñ añyrsynda bissimillany, namazy agzyndan düşürmeýän adamlar bar. Yslam dünýäsinde Putiniñ dyrnagyna deñleşjek ýeke adam ýok...
Dünýä Putini tanamaly bolar. Putin adamzat üçin şans".
Ylahyýetçi professor Ýaşar Nury Öztürkiñ 2015-nji ýylda "Ulusal TV"-de eden çykyşyndan.


Metjide baran märekäniñ haýsysynyñ täretlidigi ýa täretsidigi, haýsysynyñ namazynyñ kabul bolup bolmajagyny anyklaýan pribor ýok bizde, ýa-da beýle şübhäni etmäge hiç kime hukugam berlenok, ony diñe metjidiñ hak eýesi Allatagaladan başga biljek ýok. Biz hem Putiniñ bu sözüniñ çyn ýürekden aýdylanmy, ýa dini ulanmak, musulman halkyñ gözüne çöp atmak maksady bilen aýdylanmy... o zatlar hakda anyk kesgitleme berip bilmerismikä diýýän. Ony diñe wagt we geljekdäki etjek işleri görkezer.

Tema boýunça ýazylan birgiden kitaplar bar. Özem rus analitikleriniñ däl-de, daşary ýurt analitikleriniñ. 2-3-4-nji suratlardaky kitap sahaplary şolara bir mysal. Şolaryñam gözýetimi ikimiziñkiçe bardyr-la.
Asyl niýeti diñe Alla bilýär. Putiniñ niýetinde Siziñ aýdýan elementleriñizem ýoksuz däldir. Muny inkär edemok. Şol bir wagtyñ özünde Russiýanyñ halklarynyñ ýarsyna golaýy musulman halklar we ol yslam gymmatlyklaryna hormat goýman bilmez, musulman raýatlarynyñ hoşallygyny gazanmak her bir döwlet işgärine parz bolşy ýaly, Putin hem öz boýnuna düşýän parzyny ýerine ýetirdi. Günbataryñ ikiýüzli liderleriniñ Gurhan ýakylanda bolşy ýaly bolman, jemgyýetiñ bir bölegi tarapyndan beýleki bir böleginiñ ynanjynyñ depgilenmegine Russiýada ýol berilmejegini we munuñ jenaýatdygyny aýtmak mertligini görkezip bildi. Bu "mertligi" häzire çenli iñ bolmanda dilujyndanam bolsa ýeke ýewropa lideri görkezip bildimi? Elbetde, bu syýasat we muny nirä çekseñ çekip oturmaly. Siz oña dini ulanmak diýip düşüniñ. Dini ulanmakda Günbatardan öñe geçjek ýok.

0
3 Narcissus  
1589
Şunça syýasat barada makala paýlaşyp, bary derňäp, aýtjak zatlaryňyz şu bolsa, bu meni biraz gynandyrar. Men dogrymy aýtsam, Putiniň hoşniýetliligine ýekeje gram ynanamok, diňe öz bähbidini göz öňünde tutýan, mafiýalaryň, oligarhlaryň kömegi bilen häkimiýeti eline alan, "şowmen", egoist, introwert, propagandany gowy ulanyp bilýän diktatoryň biri, başga hiç zat däl. Birinjiden, başda paýlaşan sözüň eýesi bir ylahyýetçi, hem-de Türkiýäniň ylahyýetçisi, diýjek bolýanym, her topar, her jemagat, her halk üçin wajyp şahsyýetleri öz tarapyna çekmek bir peýda, bu adaty zat, emma hiç zady üýtgedenok. Adam janyny hiç zatça görmeýän, öz bähbidi üçin bir maşgala, bir ojaga ot düşürip bilýän adamyň bir dini, bir ynanjy öz bähbidi üçin ulanmaýandygyna nädip ynanjak, gülkünç dälmi bu? Statistikalara görä 1900-nji ýylyň ahyryndan başlap 2020-nji ýyla çenli 58 žurnalist öldürlipdir, soňky döwürlerde bolsa her ýyl 1-2 sany öldürilýär diýýärler, gitde seret (özüňi goýup gör şolara derek, ýa-da garşy çykanlaryň düşen günine).

0
4 Narcissus  
1589
Elbetde bolup biler onuň Yslama hormat goýýandygyny aýdýan makalalar, kitaplar ýa-da şahsyýetler, bolman dünýäň öňünde möhümli bir lider çykyp, haýsam bolsa bir dini ynanç barada gowy garaýyşlar bildirip durka, emma men ulanýar diýýän, bir gram (özünden başga) kişilere hormaty ýok diýýän. Meniň aýdýan zatlarymyňam çeşmesi bar, olara hem seretdiňizmi? Saud Arabystanyň (hormatly, beýik, pula höwesek däl) şazadasy nä derejede Yslama hormat goýýandyr öýdýäň? Türkiň başyndaky (hatda Hudaýa deňelýär bir wideo-da) kişi dini şeýdip, halkyň gözüne içine seredip ulanyp, ýoýup durka, ondan 10 esse beter diktator bolan, özem rus bolan, eli ganly bir kişiniň dini ynanja hormatyna ynanarysmy? Galyberse-de görgüli federasiýa döwletinde, birtopar millet, ynanç bar, näme bolman çykyp olar barada negatiw bir zat diýsinmi, ýa-da hiç zat diýmän otursynmy? Şoňa garaşmalymy? Günbatar döwletlerindäki ýaly adam hukuklaryna degişli reformalardan kän geçmediler, güler ýüzli taryhlary ýok, adam mätäç ony etmäge. Özüň aýdyp dursuň "Russiýanyň halklarynyň ýarsyna golaýy musulman halklar we ol yslam gymmatlyklaryna hormat goýman bilmez" diýip. Bu ýerde mesele Russiýa, bu ýerde mesele Putin we onuň ynsan haklaryny gaty gödek görnüşde bozmagy, Günbatar däl, ol eýýäm aýry mesele.

0
5 Narcissus  
1589
Şuwagt ýazyljak başga-da kän zat bar welin dörjelemegi kyn görýän, öňem aýdyşym ýaly bu zatlar görnüp duran zatlar, alym bolmagyňa gerek ýok, biraz akyly bolan düşüner diýip pikir edýän men-ä. Janyň saglygy!

0
6 dovletmyratnurmedov  
496
Aýdan zatlaryňy goldaýan.

0
7 Garayolly25  
1449
Hawa, Putiniň yslama uýup, eline täret gylmaga kündük almajagy, bäş wagt namazyny okap, kybla tarap egilip-galmajagy belli. Ol Orta Aziýa musulman döwletleriniň, hususan yslama jany-teni bileý uýýan Özbekistanyň Russiýa bolan ýyly garaýşynyň sowamagyndan gorkýan bolmaly. Şu wagt esasan, Ýewropa taýdan gysylyp duran mahaly Şwetsiýadaky Kuran otlama hadysasy Putine tuz kozyr çykaryp berdi. Ýagny, yslam dunýäsiniň ýyly mährine tarap bir ädim ätdi. Onuň Kurany kerimi gursagna gysyp durşy şuny aňlatsa gerek!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]