23:12 Ramaýana hakynda rowaýat | |
RAMAÝANA
Ramaýana hindi eposy 24 müň yklymdan ybarat. Bu eposyň baş gahrymany Ramanyň hekaýasydyr. Ramaýana dünýä belli epos bolsa-da, Hindistanyň çäginde däp bolup dini ynançlar bilen getirilen durmuş ýoluna öwrüldi. Hindi çagalarynyň köpüsi Ramaýana hekaýalary bilen ulalýar. Eposyň köp bölegi dabaralarda filmlerde we kitaplarda ýerine ýetirilen oýunlaryň temasy boldy. Indi bolsa "Ramaýana" eposyndaky wakalary size gysgaça gürrüň bereýin. Rama şanyň gyzy Sita bilen durmuş gurmak isleýärdi. Kakasy patyşa gyzy Sitany Hudaý Şiwanyň ýaýyny çekip biljek söweşijä durmuşa çykarmagy wada berdi. Rama bu ýaýy çekýär we döwýär. Muňa garamazdan patyşanyň beren wadasyny bozup Ramany söýgülsi Sitany we Ramanyň dogany Lakşmany sürgün edýär. Rama bilen Sitanyň söýgüsi köp kynçylyklardan on dört ýyl sürgünden we durmuş gurmakdan soň gutarýar. Bu uly hekaýa. Garaňkylyk bilen ýagtylygyň arasyndaky göreşde ýagtylygyň ýeňşi hökmünde suratlandyrylýar. "Ramaýana" eposy Kosala şalygynyň şazadasy Rama hakynda gürrüň berýär. Kakasy Daşarahta tokaýa sürgün edilýär we soňra Lankanyň şasy Rawanany öldürýär. Aýodýa şäheriniň şasy Daşarahtanyň uzak wagtlap çagasy ýokdy we şonuň üçin Daşarahta Hudaýlara bir at bagyşlamak kararyna geldi. Soňra üç aýaly dört ogul dogurdy. Olar Rama Bhrata we ekizler Lakşmana we Satrughana. Rama we dogany Lakşmana Rişi Wişwamitranyň haýyşy boýunça erbet ruhlary öldürmek üçin ýola düşdüler. Bu aralykda Widehanyň şasy Janaka gyzy Sitany Hudaý Şiwanyň ýaýyny gysyp bilýän adama durmuşa çykarjakdygyny aýtdy. Rama bu ýaýy aňsatlyk bilen gysýar we Sita bilen durmuş gurýar. Patyşa Daşararha Ramanyň ýerine geçjekdigini aýdýar ýöne guluň aýdan zatlarynyň täsirinde Ramanyň öweý ejesi munuň öňüni alýar we ogly Bharatanyň tagta çykmagyny isleýär. Aýaly islegini alýar we Rama on dört ýyl çarwa bolup ýaşamak üçin tokaýa sürgün edilýär. Onuň dogany Lakşmana we Sita hem Rama ýoldaşlyk edýärler. Soň Rawana bir hile bilen Sitany Lanka iberýär. Şondan soň Rama maýmynlaryň şasy Sugriýadan kömek soraýar. Sugriwa Hanuma Rama kömek etmegi tabşyrýar. Hanuman Sitanyň alnyp gaçylan ýerine gidýär. Rawana Sitadan ony kabul etmegini soraýar. Munuň öwezine bolsa hemme zady aýagynyň üstünde goýmaga taýyn. Maýmynlar Lanka ýetmek üçin adanyň üstünden uzyn köpri gurýarlar. Uzak söweşden soň Rawana ýeňilýär we Sita halas edilýär. Rama we Sita on dört ýyldan soň Aýodýa gaýdyp gelýärler we Bhrata şalygy Rama tabşyrýar ýöne Rama Sitanyň wepalylygyna şübhelenýär we ony ret edýär. Şondan soňra Sita mertebesini gazanmak üçin jaýlanyş pirosyny taýýarlaýar we ot ýakmagyny haýuş edýär. Alaw oňa degenok Rama hakykaty aýdýar we olar bilelikde ýaşamagy dowam etdirýärler. Şeýlelikde Rama bilen Sitanyň iki sany Kuşa we Lawa atly ogullary bolýar. Birnäçe kynçylyklary päsgelçilikleri ýeňip geçen Rama bilen Sitanyň hekaýasy bolsa şulardan ybaratdyr. Näzikjemal ORAZGELDIÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |