07:36 Rok - saz | |
Nobatguly REJEPOW
▶ ROK—SAZ Rok—saz Pop—saz Ýok munda ýok saz. Oklukirpi ýaly saçlak pyýada Mikrofony gemrip, jynssyz gygyrýar. Çuw-ýalaňaç bolup utanç-haýa-da Çagyrýar, sygyrýar, bagyrýar, Şalkydaýar ýelinse yz göwüsler, Güjeňläp sagryny, çyplaň uýlugy. Zair äheňinde Iňlis sazyna Çaýkanýar, bulanýar sowet guýrugy. Şaňňy saza asman-zemin yranyp, Jaý atylyp barýar wagşy aýdymdan, Göräýse, Homeýnem gider ynanyp, Adamzadyň döränine maýmyndan. Kimse içýär ogşap ap-ak mämeden, Kim kimsäniň tumşugyny owradýar, Kim gaýtaryp ýatyr... gadym Dionis Biziň asyrmyzda maýmyn oýnadýar. Boýny ak bantikli mähnet gara it Çepde çarşak, bulgury sag penjede Stoluň başynda aldygna içip, Bimany seredip otyr jenjele. Ýaşyn sylyp salpy gulagy bile It meý içip, it içigip çyňsaýar. Adamzadyň wagşyýana meýlisi Itiň itleç dünýäsine sygmaýar. Alajy ýok: ol ölmeýär, ýitmeýär, Başardanok başyn alyp gitmegem, Bu nä dünýä? adamlar-a itleşýär, Bu nä dürmuş? adamlaşýar itlerem!? SÖWDA Ejesi satarman bolanmyş gyzyn, Lomaýja, Özüniň bir golaýna. O gyz bolsa pikir etmän sähelçe, Obadan gaçypdyr garaman yzyn. ...Kimiň kerebine düşüpdir tula Hem biljek däl nämä göwün berenin. Hilesi kän, pirimi kän şäherde Çykarypdyr bölek-büçek satuwa Gülden näzik, Günden mährem bedenin. | |
|
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |