19:24

Rowaýatyñ dowamy

Категория: Goşgular | Просмотров: 639 | Добавил: afrasyyap | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 afrasyyap  
13
Kalbym meniñ gündelik

Kalbym meniñ Gündelik,
Ýazyp otyr depderin,
Ykbalyma pelsepe,
Sahabynda geplärin.

Sözümㅡsepilen däne,
Ylham aýdyp dur läle,
Gündelikden taparlar,
Tapmasa, aýbym näme?!

Dostlarym dürli-dürli,
Käsi goşadyrnakda,
Baglarym barly, pürli,
Ýaşaýyş bu ㅡ gurnak däl.

Wepa tapmak isledim,
Bu durmuşyñ goýnundan,
Az utuk, utuldum känㅡ
Dünýäñ guran oýnundan.

Bu ýerde hile-al ýok,
Bar zat meniñ özümden,
Gör aýakýalañ barýan,
Dünýäñ gorly közünden.

Diýýän ýok munda ''Dolan!''
Kölegäm şaýat bolan.
Agzyñ bişse dostuñdan,
Gamlanma dünýä ýalan.

Bu pikir dürs däl aşa,
Ýürek gelýärkä joşa,
Dost, dünýä däldir ýalan,
Başarsañ sen çyn ýaşa...

0
2 afrasyyap  
13
Durmuş hakda

On ýedimde senem bolduñ ulugyz,
Otuzymda doldurupdyñ otuzuñ.
Yşk sazyna kalp içinden saz goşdum,
Guş dilinde kän gürlände gopuzym.

Säher çagy eräpdi gül lebimde,
Kalpda çökdi, Göge çykdy ýyldyzlar,
Alnyma gelmedi, tora düşmediㅡ
Isleg atly şol başbermez gunduzlar.

Aglasam agladyñ, gülsem güldüñ sen,
Iýenim özüñden gitmedi aýra,
Içimde kän söhbet möwç urup ýatyr,
Bol ahyr durmuşym, bagtyýar saýra.

Baý bolsam baý sen,
Käteler sahy.
Señ bilen hiç zady etmedik gaýgy.
Söýenmiz söýmedi, söýmänmiz söýdi,
Bize bu ykbalyñ bar goýan aýby...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]