20:45 Rubagylar | |
RUBAGYLAR Doganyñ dost bolman biler dünýede, Ýegeniñ dost bolman biler dünýede. Diýipdirler: çyn dost mydam dogandyr, Dostluk güli solman biler dünýede. * * * Pişik ýoluñ kesse, edýärsiñ pikir, Soñra gaýgylanýañ, dem alýañ çukur. Goý, pişikler geçse geçsin öñümden, Ýolumy töhmetçiñ kesmänne, şükür! * * * Gopbamsyrap tutma özüñ beýikde, Hassañ jany sal üstünde - gaýykda. Derman-däri edýärkäñ oñ derdine, Diliñ bilen synan göwün seýikle! * * * Tanamaýan ýokdy Ata Köpegi, Il içinden alardy ol sapagy. Elde däl, dilinde bardy galamy, Aýakda-da - satiradan çepegi. * * * "Sözüñ ýuwan" diýip, duz atdy atam, "Gözüñ gorkak" diýip, köz atdy atam. Enem bolsa, mähri bilen suwardy, Indi kürtdüräýsem, geçilmez hatam. * * * Derim saçyp, gülledeýin baglary, Pyýada sökeýin düzi, daglary. Bulut kölegesin küýsäp duramok, Goý, meni daglasyn Günüñ çoglary! * * * Many gözläñ arryk atyñ özünden, Bildirip dur, sypalandyr ýüzünden. Bir gün göwüsbendi dakdylar oña, Janaweriñ ýaş syrykdy gözünden. * * * Watany jan-dilden söýer gerçekler, Duz-çöregnem halal iýer gerçekler. Diýseler: "Näme bar janyñdan eziz?!" "Diñe Watanym bar!" diýer gerçekler. Meretguly GARRYÝEW. | |
|
√ Bolsa şol gün... / Goşgular - 18.01.2023 |
√ Uýamyň toýunda aýtmak islänlerim / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Великому князю Константину Константиновичу и великой княгине Елисавете Маврикиевне / Goşgular - 30.01.2023 |
√ «За шторами – седого дня мерцанье…» / Goşgular - 09.01.2023 |
√ «Двух – жарче меха! рук – жарче пуха!..» / Goşgular - 07.01.2023 |
√ «В полуночной тиши бессонницы моей…» / Goşgular - 03.01.2023 |
√ «Только закрою горячие веки…» / Goşgular - 20.01.2023 |
√ К Кюхельбекеру / Goşgular - 18.01.2023 |
√ Uçup gitdiň / Goşgular - 28.01.2023 |
√ "Gel, gowsy baryny başlaly başdan" / Goşgular - 23.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |