20:20

Russiýanyň Daglyk Garabagdaky roly

RUSSIÝANYŇ DAGLIK GARABAGDAKI ROLY TÄZEDEN GÜÝÇLENEN DARTGYNLYKDAN SOŇ SORAG ASTYNA ALYNDY

Daglyk Garabagda uzaga çekmedik söweşden soň Azerbaýjan bilen Ermenistan ylalaşyga geldiler. Indi nämä garaşmak bolar?

Daglyk Garabagdan gelýän habarlary yzarlap, topa tutulýan binalary we aglaýan zenanlary wideodan synlap, uzakly gijäni ukusyz geçiren Tigran belanyň körüginiň kimdigini bilýändigini aýdýar.
2001-nji ýylda Russiýa göçüp gelen etnik ermeni bolan Tigran Azerbaýjan bilen bölünişikçi anklaw arasynda täzeden tutaşan we 20 kişiniň ölümine we 200 kişiniň ýaralanmasyna ýol açan çaknyşyk wagtynda “hiç zat etmänligi” üçin prezident Wladimir Putini günäkärleýär.
Birnäçe aý bäri barha artyp gelýän dartgynlyk sişenbe güni, Azerbaýjan ermeni ýurtbölüjilerini ýaragsyzlandyrmak üçin täze hüjüme badalga berende hasam ýitileşdi. Halkara jemgyýetçiliginiň aglaba bölegi Bakuwy ähti bozmakda günäkärläp, onuň hüjümini ýazgardy, Daglyk Garabagdaky häkimiýetler bolsa ermenileriň ýaragsyzdygyny we olaryň bu sebitde harby bazalarynyň ýokdygyny öňe sürdüler.
Tigranyň pikiriçe, 2020-nji ýyldaky uruşda ýurtbölüjileriň şowsuzlyga sezewar bolup, Azerbaýjanyň Daglyk Garabagdaky we onuň töweregindäki strategik çäkleri ele geçirmegine hem-de Ermenistan bilen aradaky üpjünçilik ýoluny ýapmagyna esasy sebäp bolan zat – Putiniň ýurtbölüjileriň baş howandary Ermenistana harby kömek bermekden ýüz döndermegi.
“Putin bizi satdy, garabag ermenilerini tutuşlygyna satdy” diýip, 47 ýaşly hukuk goraýjy edara işgäri Tigran “Al Jazire” habarlar gullugyna gürrüň berdi. Şahsyýetini goramak üçin ol özüniň at-familiýasyny we ýaşaýan ýerini gizledi.
Seljerme geçiren hünärmenleriň gelen netijesine görä, Azerbaýjanyň 2020-nji ýylda ýeňiş gazanmagynyň sebäbi – onuň döwrebap ýaraglary, şol sanda dronlary satyn almagy we Ýakyn Gündogardaky söweşlerde synagdan geçen taktikalary ulanmagy, Ermenistanyň we daglyk garabaglylaryň bolsa köne-sana rus ýaraglaryna hem-de özleriniň 1990-njy ýyllarda ulanmaga öwrenişen harby tilsimlerine bil baglamagy bolup durýar.
Tigran şeýle hem Kremli we onuň bu sebite iberen 2000 esgerlik rus parahatçylyk güýçlerini soňky aýlarda Daglyk Garabagda azyk, lukmançylyk serişdeleri we gaýry deslapky zerurlyklar babatda ýitileşen gytçylygyň öňüni alyp bilmezlikde günäkärledi.
“Putin kömek etmäge söz berdi, emma o taýda meniň halkym açlykdan ölmäge başlanda hiç zat etmedi” diýip, ol telefonda beren söhbetdeşliginde aýtdy.
Tigranyň “Al Jazirä” beren söhbetdeşligin-
den soň bir sagat hem geçmänkä ermeni ýurtbölüjileri atyşygy bes etmek boýunça Russiýanyň teklibine razylyklaryny mälim etdiler.

• Indi näme bolar?

Daglyk Garabagy elden giderenden soň Ermenistan öz çäklerini, hususanam Azerbaýjany Nahiçewana – Ylham Alyýewiň atasy we ýurduň öňki prezidenti Haýdar Alyýewiň dogduk mekany bolan anklawa baglaýan Zangezur dälizini ýitirmegiň gaýgysynda galar.
Baku Nahiçewana ermeni gözegçilik-geçiriş nokalary bolmadyk pesgelçiliksiz geçelge islese, Türkiýe şeýle geçelgäni Merkezi Aziýanyň türki dilli ülkelerine baglanma halkasy hökmünde ulanmak isleýär.
Waşington federal okrugyndaky pikirlenişme guramasy bolan “The Jamestown” gaznasynyň harby seljerme hünärmeni Pawel Luziniň pikirine görä, “indiden beýläk Ermenistan haýsydyr bir daşky ulag-aragatnaşyk geçelgesiniň öz çäginiň üstünden geçmegine ýol bermezligiň aladasynda bolmaly”.
Ol garabag ermenileriniň ykbalynyň Bakuwyň köpmilletli döwlet gurmak islegine doly bagly bolup durýandygyny aýdýar.
“Şonuň üçinem häzirlikçe bu iş 100.000 ermeniniň Daglyk Garabagdan hemişelik gitmegine syrygyp biler” diýip, Lozin “Al Jazirä” gürrüň berdi.
Bu ylalaşyk Tigranyň öz ata watany hasapalaýan sebitiniň otuz ýyllyk iş ýüzündäki garaşsyzlygynyň soňuna nokat goýup biler.
Tigranyň ata-enesi Daglyk Garabagyň paýtagty Stepanakertden gelip çykyp, ol ýerde 1990-njy ýyllaryň başynda Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky birinji uruş müňlerçe ömür tanapyny kesdi, millionlarça adamy ýurdundan göçmäge mejbur etdi we öňki Sowet Soýuzynyň “doňdurylan çaknyşmalarynyň” birine öwrüldi. Bu şäher Azerbaýjanda Hankendi ady bilen tanalýar.
Tigran Russiýada öýli-işikli, iki perzendiň atasy boldy, emma häzirem ermeniçäniň garabag dialektinde gürläp bilýär. Ermenileriň tas her birisiniňki ýaly onuňam Daglyk Garabagda, Ermenistanda, Fransiýada, Russiýada we Siriýada ýaşaýan dogan-garyndaşlary bar.
Ol iň ägirt diasporalaryň birine degişli: Russiýada tas million etniki ermeni ýaşap, olaryň aglabasy ýurduň günorta-günbataryndaky ata watanlaryna golaý sebitleri mesgen edinen.
Olaryň arasynda özüni tutanlary kän. Şolaryň biri bolan rus milliarderi Ruben Wardanýan geçen ýyl Daglyk Garabaga gelip, üç aýyň dowamynda bölünişikçi hökümete baştutanlyk etdi.
Ol bu hepdedäki çaknyşyklary “tipiki etniki arassalaýyş amalyýaty” diýip atlandyrdy.
Azerbaýjan sişenbe güni ýerasty ötelgäni minalap, dört sany azerbaýjan polisiýa işgäriniň ölümine sebäp bolan ýurtbölüjileri çaknyşygy öjükdirmede aýyplady.
Aç-açan gepleýän ethik ermenilerden birisi hem Margarita Simonýan bolup, ol Kremli esasy goldaýjylaryň biri hökmünde moskwaparaz täzelik gepleşiklerini onlarça dilde ýaýradýan “RT” media-ägirde ýolbaşçylyk edýär.
Ony gepletseň Ermenistanyň ýeke-täk penakärleri Putin bilen Russiýa bolupdyr we häzirem şeýle.
Ol Ermenistanyň prezidenti, 2018-nji ýylda “garabag urugyna” degişli syýasatçylara garşy halk gozgalaňy netijesinde häkimiýete gelen, 2020-nji ýyldaky uruşda ýeňlişe sezewar bolan we Günbatar bilen arany sazlamaga çalyşýan liberal žurnalist Nikol Paşinýany ýepbeklemegi gowy görýär.
“Häkimiýetiň başyndaka Russiýa garşy şygar berip oturan ermeni bes-belli dönükdir, Ermenistanyň bähbitlerini satýan Russiýa däl-de, hakyt şoldur” diýip, ol sişenbe güni öň “Twitter” diýlen “X” sosial torunda goýan postunda jar etdi.
Başga bir postunda ol tele-şüweleň ýyldyzy Kim Kardaşianyň ABŞ prezidenti Jo Baýdene “täze bir ermeni tohumgyrmasyny togtatmak” barada ýüztutmasyny göz öňünde tutup, “Hiç bir Kimiň eden kömegem bolmaz, hiç bir NATO-nyň hiç zat azaryna-da bolmaz. Ermenistana Russiýadan özge hiç kimiň hiç haçan kömek eden ýeri ýokdur. Indem etmezler” diýýär.
Asyrlaryň dowamynda Russiýa Osmanly Türkiýesi bilen söweşip, bu ýerdäki etnik ermenilere we gaýry hristian toparlara howandarlyk edip geldi.
1946-njy ýylda sowet hökümdary Iosif Staliniň Türkiýäniň etnik ermenileriň agdyklyk edýän iň gündogar sebitlerini eýelemek planlarynyň öňüni almak üçin bu ýurt howul-hara NATO birigipdi.
Şeýle hem Stalin etnik ermenileriň köplük bolan ýeri Daglyk Garabagy Sowet Azerbaýjanynyň düzüminde etnik azerileriň agdyklyk edýän etraplary bilen gurşalan awtonomiýa öwrüpdi.
Eksklawyň adynda hem onuň galagoply geçmişini şöhlelenýär.
“Nagorno” rusça “daglyk” diýmegi aňlatsa, “Karabah” azeri dilinde “gara bag” diýen manyny berýär.
Ermeniler bu jelagaýlarda görkana buthanalary, nepis haşamly daş haçlary we bol nakgaşlanan pergament kitaplary miras goýup giden orta asyr ermeni knýazlygynyň hatyrasyna bu eksklawy Arşak diýip atlandyrmagy ileri tutýarlar.
SSSR-iň dargamagynyň yzysüre Daglyk Garabagda salasalşyk geçirilip, onda Azerbaýjandan aýrylyp, Ermenistanyň düzümine girmek üçin ses berildi.
Moskwa Daglyk Garabag ugrundaky çaknyşykda Ermenistany goldady, emma şol bir wagtyň özünde Azerbaýjana döwrebap ýaraglary satdy.
Kreml 2020-nji ýyldaky urşyň soňuna nokat goýan ýaraşykda araçylyk etdi we Daglyk Garabagda we ýanaşyk etraplarda 2000 töweregi parahatçylyk güýçlerini ýerleşdirip, olara üzlem-saplam çaknyşyklara gatyşmazlygy tabşyrdy.
“Russiýanyň we onuň parahatçylyk güýçleriniň roly şu wagt-a bitarap bolup durýar – diýip. Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdan syýasatşynas Emil Mustafaýew “Al Jazirä” gürrüň berdi. – Russiýa Azerbaýjan bilen çaknyşyk gerek däl”.
Onuň aýtmagyna görä, Ermenistanyň öz güýçlerini çykarmaga we Azerbaýjany öjükdirmegi bes etmäge göwünsizligi çaknyşygyň tutaşmagyna sebap bolupdyr.
“Öz güýçlerini Garabag sebitinden çykarmaklaryny talap edip, Ýerewana (Ermenistanyň hökümetine) kän duýduryş berdik” diýip ol gürrüň berýär.
“Düýn ermeni diwersantlarynyň ýerasty ötelgedäki goýan minalaryndan adamlar ölende Bakuwyň sabyr käsesi doly” diýende, ol sişenbedäki partlamany göz öňünde tutýar.
Halkara synçylar Daglyk Garabagyň görnüşine görä gutulgusyz boljak boýun egmeginde Paşinýan hökümetini köp derejede jogapkär hasap edýärler.
“Günäniň 90 göterimi netijeli ykdysady ösüş gazanmagyň we goşuny döwrebaplaşdyrmagyň deregine watançylyk barada pöwhe sözer we öňki ýeňşiň abraýy bilen bilen göwnüni hoşlap, ýaltasy çykyp giden ermeni elitasynda” diýip, ukrain seljerme hünärmeni Alekseý Kuş “Al Jazirä” gürrüň berdi.
Moskwa bolsa öz serişdelerini öňki Sowet Soýuzynyň dürli sebitlerinde, aýratynam Ukrainada ulanmak üçin çakdanaşa süýkdureni üçin ol bu eksklawany goramaga-da, Ermenistanda barha azalýan täsirini saklamagada ukypsyz bolup çykdy.
“Russiýa barada aýdylanda, ol hem gadymy Rimde bolşy ýaly, imperialistleriň öz çygyrlaryny çakdanaşa süýkdürmek babatdaky duzagyna düşdi” diýip ol aýtdy.
Atyşygy bes etmek yglan edilen badyna närazylyk görkezijileriň Ýerewanyň merkezine akymy başlandy.
Olaryň çykyşlary şu hepdedäki öňki bolan mitinglere meňzeş.
“Ýerewanda hiç üýtgemeýän düzgün bardyr – milletine howply her bir pursatda olar hökümet binalaryna hüjüm edýärler. Ine, häzirem dürli ýaşdaky erkek kişileriň märekesi harby çagyryş nokatlarynyň öňünde däl-de, ministrler kabinetiniň binasynyň astyna nobatdaky “närazylyk” çäresi üçin nobata düzülýärler” diýip, Germaniýanyň Bremen uniwersitetinden Nikolaý Mitrohin “Al Jazirä” gürrüň berdi.
“Men Ermenistana we Arsaha şowlulyk islärdim welin, ýöne ne hökümetiň, ne-de halkyň 2020-nji ýylyň şowsuz urşundan sapak almandygyny görýärin” diýip ol aýdýar.
“Güýçli we agzybir erk-eradanyň deregine adaty bir tanap dartyşma bu – diýip, ol sözüni jemleýär – Söweş etmegiň deregine olar günäkäri gözleýärler”.

Mansur MIROWALEW.

“Al Jazeera” habarlar gullugy, 20.09.2023 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 218 | Добавил: yaran_yagmur_9 | Теги: Mansur Mirowalеw | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Asly türk bolsa-da bu awtoryň "Garabag" sözünde elhençlik görmegi onuň ýerli halkyň dilini bilmeýändigini görkezýär. "Garabagy" "чёрный сад" diýip terjime edip (şeýle kitap hem bar), bu şözi onuň "gara geçmişi" bilen baglanyşdyrmak häzir giň ýaýran mif. Awtor hem şoňa ynanan bolarly.

Hakykatda, türkmenleriň Genji-Garabagy dolandyrýan döwründen gelýän bu atda öň hiç kim beýle many görmändir. Diňe azeriler däl, ol ýerde ýaşan, azeri dilinden habarly bolan öňki ermeniler üçinem bu ady ulanmak mesele bolmandyr. Indi "Arsah-da, Arsah..."

"Gara bag" türkmençe "solgun bagdan" tapawutlylykda ýüzi suwly, goýy kölgeli, pajarlap oturan bagy aňladypdyr. Ýylyň köp aýlarynda çöllerde jöwzanyň ejirini çekýän pederlerimiz üçin goýy saýaly baglar eşret-sapanyň alamaty bolupdyr. Onuň üçin "gara baglar" edebiýatymyzda köp duş gelýär. Meselem, "Saraldy, hor boldy ol gara baglar" Ş.Kekilow.

0
2 Garayolly25  
1449
Mysal üçin "Bütün oba gara baga bürenip otyr".
"Ýoluň iki tarapy gün düşmeýän gara bag".
"Bu gün ýere nahal (şitil) sançsaň sanly ýyldan gün düşmeýän, goýry saýaly gara bag bolup ýetişer".

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Howa-la, türkmen üçin "gara baga" ýetesi eşret ýok. Öň hatda ermenilerem "gara bagyň" gowy manysyny bilýän ekenler. Sebäbi Şaýat Nowa ýaly türkini bilýän aýdymçylary hem bolupdyr. Emma häzirki ermeniler "Munuň azeriçe manysy ýok. Heýem bag gara bolarmy? Bu azerilerden öň ýüze çykan sözdür" diýýärler. Ýewropa žurnalistleri bolsa çala gulakdan eşidip, ony soňky asyrlaryň ganly wakalary bilen baglanyşdyrýarlar.

0
4 Ependi  
284
Daglyk-Garabag diýäler biziň türkmenlerimiz, galanynam bilmedim. Dogrusy, 1990- njy ýyllarda Ermenistanyň Garabaga çozmagy netijesinde müňlerçe adamlar ýogaldy, müňlerçesi bolsa bosgun boldy. Çaga diýmän, aýal diýmän, garry-gurta seretmän öňünden çykanyň ählisini atdylar. Ynanmasaňyzam Youtube saýtynda kän wideolary ýatandyr bulaň. Ýönekeý mysal: Goňşuraklamyň biri azerbeýjan aýaly. Aslynda, bosgun bolup gelip Krasnowodsk-ä düşen. Şol wagtlar Azerbaýjan gyzlary alyp-satýan müşderiler bar eken. (edil Siriýanyň bosgunlaryny göz öňüne getiriň, bulam şeýle) Şolam gyzka satylyp, biriniň telpegi aganyna bardy, ýagny ikinjisi bolup. Köp, gaty kän ýerlerde azeri gyzlary satyldy. Ol wagtlaram ermeniler soýuzda höküm sürýän wagtydy. Ýagny, olara "soýuzyň ýewreýleri" diýen ady galypdy. Aslynda, geçmişde kimiň ýeri bolany maňa-ha gyzyklandyranok. Soýuz kartasynda welin Azerbeýjan görkezilen. Ýöne, öz bähbidimiz üçin aýdylsa, (bu ýerde bähbit gözlämok-da, bolup biläýjek zady aýdýan) biziň üçin Garabag Azerbeýjana degişli bolsa gowy. Sebäbi, Türkiýe üçin ýol açylmagyna iň aňsat ýol. Esasanam, ykdysadyýetimiz üçin. Hazaryň aňyrsy bilen, gyra ýol bilen gönümel Türkiýa çykyp boljak ýagdaý.

Paşinýan hakynda aýdylanda bir täsin waka ýadyma düşdi. Ýaňybir prezident bolup häkimiýete geçen günleridi. GDA ýygnagyna çagyrdylar. Şondaky boluşy şu wagtam gadymdan çykanok) "Menem prezident boldummaý" diýýän ýaly, töweregine garanjaklap ýyrşaryp otyr. Beýleki prezidentler öz işleri bilen gümra, muň bolsa başga işi ýok ýaly olara seredýär. Paşinýana söz berildi welin, okap geçirmeli zady doly okap bilenok, ýagny sakynýar. Üstesine-de, gözüni hatdan aýyrmaýar. Beýleki prezidentler haty okanlarynda ýüzleý okap, käte töwerege ýüzlenip, okalan listi gapdala goýuşy ýaly edenok. Okan hatyny ýene yza geçirýär) Dogrusy, geň görmeli däl, mugallymçylykdan birden premýer ministrlige göterileňde bolaýjak ýagdaýlar. Hem-de dogry, Siriýada etniki ermeniler kän. Yşyd terrorçylary genosid edip kän atdylar halkyny. Ynanmasaňyzam ýene açyň youtubi-ni, "Геноцид Армении на Сирия" diýseňiz taparsyňyz. Olaryňam gynançly geçmişleri ýatyr taryhda. Hakykatdanam, Daglyk-Garabag üçin ermeniler giç oýandylar. Yzyna alynýar öýdülen däldir-da. Azerbeýjan bolsa muňa, öňünden doly taýynlyk görene meňzeýär.

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Siziň tas hemme aýdanlaryňyz bilen ylalaşýaryn.
Diňe kä pikirleriňiz barada öz belliklerim:

Azerbaýjan gyzlaryny Türkmenistana traffik etmek Soýuz döwründe, men çagakamam bardy. Garyp-gasarlar, "telpegi aganlar" ýa-da ýaşulylar alýardylar. Ýöne, meniň pikirimçe, onuň Garabaga dahyly ýok. Garabagdan gelen bosgunlary menem köp gördüm, olar başga. Olary alan-aldy edip bolanok. Öň getirilen gyzlar bolsa haýsydyr bir başga, aýratyn etnik topara, ýalňyşmasam, talyşlara degişli diýip eşitdim, ýörite gyzyklanyp göremok.

Paşinýan, makalada hem aýdylyşy ýaly, halk gozgalaňynyň tolkunynda häkimiýete gelen adam. Kadrowoý syýasatçy däl, döwlet adamy asla däl. Beýle adamlar tiz uýgunlaşyp, täze roluna ynamly giribem bilýärler (meselem, Zelenskiý), şeýle-de girmänem bilerler.

Emma köçe hereketinden syýasata gelen Paşinýan halk hereketiniň liderliginde tötänden saýlanan däldir diýip pikir edýärin. Beýleki dilleri kän bilenok, ýöne öz dilinde ynandyryjy gürläp bilýän ukyp-zehinli media adamy bolmaly. Belki döwlet ýolbaşçylygyny kabul edip ýalňyşandyr (boýundan uly böküp), belki-de ýurduny ösüşiň dogry ýoluna düşürjek ýene şoldur.

Garabagy gidermegi bolsa entek hemme zady aňladanok. Ol mydama Garabag meselesine kän perwaýsyzdy. Belki, ozaldan şeýle boljagyny bilýändir (diňe Şuşada bökjeklän bolup ýalňyşdy, Ylhamyň nerwinden tutdurdy). Fransuzlar General de Golly är ýigit hasapladylar we häzirem şeýle hasaplaýarlar, Alžiri berip goýbermedimi? Gerek zat däldigini bildi, "waz geçdi", wessalam.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]