20:33 Sabyr | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
▶ SABYR Gün dogar, aý dogar öz wagty bilen, Öz wagty gelende süýjär almalar. Başagaý durmuşda darykma, kalbym, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Bir ömürde müñ alada-gaýgy bar, Adamlaryñ garasy bar, agy bar. Şükür, ýöne ähli zadyñ çägi bar, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Bugdaýa suw tutsañ, çaýyr-da ganar, Laçyna öýkünip, garga-da gaýýar. Çybyklar çüýreýär, töññeler galýar, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Eşegiñ yzyna tirkelen düýe Namysdan ölenmiş öz etin iýe... Urpak tozap gider, butnamaz gaýa, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Mydam bolup durmaz dokuzyñ doly, Başyñy belent tut, pesde tut päli. Küşdüñ mallarynyñ dikilşi ýaly, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. * * * Men senden razy kakabaş kelläm, Tañkyrap ýatmadyñ, humarly bolduñ. Mahal-mahal deñiz bolup çaýkandyñ, Dagyñ başy ýaly dumanly bolduñ. Gözleý-gözleý gör, nämäñdir kem ýaly, Tapyp bilmän çişdiñ käte hum ýaly. Dünýäñ bar soragy sende jem ýaly, Danalara hernä sowally bolduñ. Ýeñläniñde utanjymdan derledim, Dulanañda eýdip-beýdip durladym. Ahyrsoñy öz-özüñi derñediñ, Kem-kemden goýaldyñ, kemally bolduñ. Gara güne, ýowuz zarba owulman, Buýsanç bilen gadam urduñ egilmän. Dik alnyñda gaý gopsa-da sowulman, Öz saýlan ugruña dowamly bolduñ. Egnimiñ üstünde elli ýyl bäri Göterip ýörün men togalak şary. Gerşiñe ýagypdyr ýanwaryñ gary, Müñ şükür! Tobaly-amanly bolduñ! | |
|
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |