08:18

Sarpasy uly şahyr

SARPASY ULY ŞAHYR

Berkarar  döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe külli türkmeniň akyldar şahyry, şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyraga goýulýan hormat gitdigiçe artýar. Hormatly Ýurt baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dana ussadyň aňyrsy görünmeýän çäksiz ummany ýatladýan döredijilik älemine uly baha berip, 2014-nji ýylda aryf şahyryň 290 ýyllygyny  ýurt möçberinde dabaraly belläp geçmek barada Karar çykardy. Şahyryň döredijiliginiň öwrenilişi mundan soň hashem giň gerimlere eýe boldy, yzygiderli öwrenilip gelýär.
Türkmen danasynyň durmuşyň her ugrundan söhbet açýan paýhas siňen jadylaýjy setirleri baryp-ha 1842-nji ýylda, şahyr aradan çykansoň bary-ýogy otuz bäş ýyldan soň,  ilkinji gezek ruslaryň gullugynda işläp ýören polýak alymy Aleksandr Hodzko-Boreýkonyň Londanda neşir etdiren şahyryň terjimehaly hem-de üç goşgusy arkaly ilkinji gezek dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrap başlapdy. Soňra Türkmenistana gelip-gidýänleriň sany köpelip, Magtymgulynyň şygyrlarynyň ýaýrawy has artmak bilen boldy. 1862-nji ýylda  I.I.Bereziniň Kazanda neşir etdireneserleriniň, 1872-nji ýylda F.Bakulin tarapyndan çap edilen goşgularynyň, 1911-nji ýylda  N.P.Ostroumow tarapyndan neşir edilenşygyrlarynyň üsti bilen belli bir derejede tanyş bolan, soňra bu akyldaryň döredijiligi bilen gyzyklanan dünýä halklarynyňşygra, söze teşne wekilleriniň türkmen halkynyň beýik ogluna goýýan sarpasy bu günki günde has hem artdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ylaýta-da, şahyryň 290 ýyllygy bellenilýän 2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan kämil syýasaty netijesinde dünýäniň dürli künjeklerinde Magtymguly Pyragynyň günleri, şahyryň döredijiligine bagyşlanan edebiýat duşuşyklaryyzygiderli bellenilip geçildi. Türkmen alymlary, medeniýet işgärleri dürli ýurtlarda geçirilen dabaralara gatnaşyp, şahyryň çeper hazynasy bilen dünýä halklaryny tanyşdyrdyrmakda önjeýli işleri durmuşa geçirdiler we geçirýärler.
Elbetde, şeýle uly işleriň sakasynda Hormatly Prezidentimiz dur, onuň şygryýetiň ussady Pyraga goýýan belent sarpasy, çäksiz aladalary dur. Pyragynyň döredijilik älemine içgin aralaşdygyňça, Hormatly Prezidentimiziň şahyra belent baha berýän sözleri gulagyňda ýaňlanyp başlaýar, olary ýatlaman geçmek mümkin däl: 

“Magtymguly – ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr.
Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň  kalbyňa melhem bolup  siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir”.(Magtymguly. Eserler ýygyndysy. A. 2012. 4-nji sah.). 

Şahyr barada milli Liderimiziň aýdan  bu ajaýyp sözleri şahyra bolan çäksiz söýgüden habar berýär.  Şahyr barada aýdylan ganatly sözler  yzly-yzyna kalbyňa dolýar:
 “Magtymguly dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlaryny ynsana mahsus inçe duýgular bilen bitewileşdirip, pikir ýöretmegiň iň kämil tärlerinden ussatlarça peýdalanyp, ynsan kalbyna inçelik bilen aralaşypdyr we halk hakydasynda müdimilik orun alypdyr”. (Magtymguly. Eserler ýygyndysy. A.  2012. 3-nji sah).

Hormatly Ýurtbaştutanymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyryň “kalplara inçelik bilen aralaşýan setirleri” ynsan duýgularyny oýarýar, durmuşa düşünmäge, öz ornuňy tapmaga ýardam berýär. Şahyryň Watan, il-gün baradaky jadylaýjy şygyrlary bolsa öz halkyňa, il-günüňe, Watanyňa bolan söýgiňi has kämilleşdirýär. “Ilinden aýra düşüp, ah urup ilini gözleýän” şahyr üçin Watan  depesiniň täji, gözüniň göreji. Onuň az wagt Watandan aýra düşendekalbynyň owazy bolup dünýä inen goşgy bu günki gün hem ynsanlaryň kalbyny heýjana salýar:

Watanymda han idim,
Hanlara perman idim,
Dertlere derman idim,
Misgine dükan idim,
Jansyzlara jan idim,
Neýleý, indi biçäreýem. 
(Magtymguly. A. 1977. 150-nji sah.)

“Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý, 
Watany terk edip, gidiji bolma” 

- diýen setirlerinde we başga-da köp sanly  öwüt-ündew häsiýetli şygyrlarynda şahyr öz-özüne ýüzlenýän ýaly, emma öwüt-ündewler tutuşlygyna halka gönükdirilen. Magtymguly Pyragy halkyň ogly, özüni tutuşlygyna halkyna bagyşlan şahyr.
Söz sungatynyň taýsyz ussady, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň her bir setiriniň aňyrsynda paýhaslar ummany jemlenendir. Ol paýhasly setirler halk köpçüligine niýetlenen, ol kül içinde ýylpyldap, özüne çekip duran göwher kimin jadylaýjy setirlerden ynsanlar isledigiçe susup alybermeli, çünki Magtymguly atamyz olary halkyna miras goýdy.  Şol paýhas siňen setirleri okan her bir ynsan olardaky öwütleri kalbyna siňdirip, akyl käsesini goýaltmaga çalyşmaly. Bu barada şahyryň özi şeýle diýýär:

Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze hiç, bilen ýanda nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil budur – sözleşende deň bolar.
(Magtymguly. Eserler ýygyndysy. 1 jilt.  MGI. 2013. 444-nji sah.)

Biz bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şygryýet äleminiň parlak ýyldyzynyň ajaýyp setirleriniň söze sarpa goýýan adamlar üçin „şerhiniň kändigine“ göz ýetirýäris. Magtymguly Pyragynyň  maslahat beriji setirlerine, durşy bilen paýhasa öwrülen bentlerine üns berlende, olarda durmuşyň ähli ugurlary barada söhbet açylýandygyna göz ýetirmek bolýar.Dana şahyr durmuşyň haýsy ugry barada söhbet açsa-da, onuň kalbynyň töründen syzylyp çykan setirleri dertlere derman bolup ýaňlanýar.
Häzirki döwürde şahyryň öňdengörüjilik, welilik bilen aýdan sözleri berjaý boldy. "Berkarar döwlet islärin" diýip, arzuwlan şahyryň islegi bu gün hasyl boldy.
Görşümiz ýaly, şygryýet äleminde daň ýyldyzy kimin lowurdap, çar tarapa şöhle saçýan akyldar şahyrMagtymguly Pyraga hormatly Ýurtbaştutanymyzyň goýýan sarpasynyň bimöçberdigine onuň alyp barýan uly işleri şaýatlyk edýär.
                               
Gurbanjemal Ylýasowa,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty,
TYA-nyň Milli golýazmalar instituty. 

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 562 | Добавил: Нawеran | Теги: Gurbanjemal Ylýasowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]