21:41

Selahaddin Eýýuby jöhitleriñem halasgäridi

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 225 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Mazlum Çelik | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Garadag  
128
Filmiñ ady rusça sözme-söz Asman patyşalygy diýlip terjime edilipdir. Царство небесное.

0
2 Haweran  
411
Hezreti Omaryñ (r.a) "Amannamasynda" şu günüñ ýetdirgisiz amerikan we ýewropa "demokratiýalarynyñ" ýetmedik (we hiç haçanam ýetip bilmejek) demokratiýasy bar. Häzir dogry yslamy ne Günbatar bolmalysy ýaly tanaýar, ne-de yslama wekilçilik edýändiris öýdýän "Hamasdyr" "Hizbullah" ýaly toparlar bilýär... Informasiýa alyş-beriş hyzmatynyñ iñ ösen döwründe yslamdan öñki jahylyýetden has beter jahylyýet dünýämizi büräp alypdyr... Häzirem öz elimiz bilen döreden hudaýlarymyzdan el çekip bilemzok. Çokunýanymyz pul (Menat), gara güýç (Uzza), hökmürowanlyk (Lat)...

* * *

"Amannama" demokratiýanyñ iñ gowy jarnamalarynyñ biri hökmünde ýokary okuw jaýlarynyñ döwletiñ we jemgyýetiñ taryhyny öwreniş sapaklarynda okadylsa nähili gowy bolardy.

* * *

"Asman patyşalygy" kinofilmi öñ 2-3 sapar tomaşa edenem bolsam, ýene ýaltanman görüp biljek iñ gowy kinofilmlerimiñ biri. Siriýaly aktýor Gassan Masoud hem roluny ussatlyk bilen janlandyrypdyr.
Filmiñ replikalary-da gowy. Şeýle epizod gowy ýadymda galypdyr:
Selahaddin Balian bilen hristian ilaty şäherden uruşsyz-jeñsiz çykarmak boýunça ylalaşyga gelende, Balian ondan:
- Ierusalim siziñ üçin nämäni añladýar? - diýip soranda, Selahaddin yzyna öwrülip:
- Hemme zady! - yzyndanam çalaja gülümsiräp, şeýle diýýär: - Hiç zady!

0
3 Yusup  
50
Bu filmi görenime esli ýyl boldy. Kinodaky wakalar bilen ýokarky makaladaky wakalar gabat gelenok. Ýokarky suratdaky Balian II diýlip görkezlen ýüzi nikaply Ierusalim patşasynyň bir serkedesiniň ogly. Kakasyna derek Ierusalime gelýär. Patşa ölenden soň ýerine uly giýewişi şa bolýar we musulmanlaryň üstüne ýörüşe ugraýar. Ara uzak bolansoň goşun tapdan düşýär. Suwsuzlykdan, imit ýetmezçiliginden lagşan goşun musulmanlardan asgyn gelýär. Jöhit goşyny doly ýok edilýär. Musulmanlar goşunyny Ierusalime sürýär. Galada galanlar çagalar, gyrrylar, aýallar, ýetginjekler. Olara Balian serkedelik edýär. Ol giýew patşanyň ýörüşine garşy bolupdy we galada galypdy. Galany berk goraýalar. Ahyrynda aşaky suratdaky Selahaddin galadan çykyp nirik gitseňiz gidiň, size degilmez diýip rugsat berýär. Şeýdip Ierusalim musulmanlaryň eline geçýär.

Kinoda ol, taryhy ýoýup jöhitleri gahryman görkezjek bolan bolmaklary müňkin. 2005-de ekarana çykypdyr. 135 milýon dollaram býudžedi kinoň. Ýewreý baňkirler hemaýatkärlik edendir.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]