06:10 Sen hem bahar | |
SEN HEM BAHAR
1 Bahar geldi agaçlar täze lybas geýnip öñküsinden gözelleşer has! 2 Bahar geldi doñup ýatan çeşmeler, seniñ täsin zülpüñ kimin çöşlener! 3 Bahar geldi gözleñ öñküden nurly, olar meni telbe etmekçi borly! 4 Bahar geldi ýañaklaryñ ot deý - al, öpsem, dodagymy ýakmagy ahmal! 5 Bahar geldi uçsam diýýär gaşlaryñ, goşlarly içine garlawaçlaryñ! 6 Bahar geldi dodaklaryñ ýylgyrýar, diýjek sözün diýip bilmän, ýygşyrýar. 7 Bahar geldi beýle gelmändi heniz, bahar saña, ýa sen bahara keniz! 8 Bahar geldi dumanladyp serimi, sen şol öñki gyzmy, ýa-da perimi?! 9 Bahar geldi dörjäp ýüregmiñ törün, oña yşk nahalyn oturdyp ýörün! Hemra ŞIROW. | |
|
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||