01:49 Siz pandalary halaýarsyňyzmy? | |
SIZ PANDALARY HALAÝARSYŇYZMY?
Pandalar özleriniň özboluşly keşbi bilen köpleriň söýgüsini gazanan özboluşly jandarlardyr. Olaryň ak gara reňkiniň ýaşaýyş şertlerine görä şeýledigine garamazdan adatdan daşarylygyna sebäp bolýar. Pandalar ýyrtyjy aýylaryň garyndaşydygyna seretmezden hiç hili adamlara zyban bermeýänligi üçinem köpler tarapyndan söýülýär. Olaryň ýene bir aýratynlygy pandalar et dälde ot esasanam bambuk iýýänligi bilen ýyrtyjylardan tapawutlanýar. Aşa köp uklaýanlygy bolsa olaryň geň häsiýetleriniň biri. Tebigatdan özlerine ýeterlik energiýany alyp bilmeýänligi sebäpli pandalar esasan ömürlerini uklamak bilen geçirýärler. Ýene-de bir bellemeli zatlarymyzyň biri olaryň sanynyň azalýandygydyr. Dünýäde bary-ýogy 2000 sanysy galypdyr. Nesil öndürijiligi peselendigi sebäpli dünýäde ýitmek howpuna golaýlaşmagy mümkin bolan pandalaryň hersiniň diňe 1 ýa 2 sany panda çagajyklary bolup bilýär. Bary-ýogy 2-3 müň ýyl bäri planetamyzda ýaşaýyş tapan pandalar köpleriň söýgüli haýwany hasaplanýar. Olary goramak we nesil öndürijiligini ýokarlandyrmak geljegimiziň möhüm meseleleriniň birine öwrülip bilner. Äsätbek KOŞJANOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |