03:35 Sorag | |
SORAG
Bedeniň gagşapdyr, gowşapdyr salyň. Kimiň derdi seni garratdy beýle? Hatda meňkiçe-de ýok ýaly halyň, Içini dökdümi nalyşly bende? Senem syr saýdyňmy aýdanlaryny, Göwünlik berdiňmi salkyn saýaňda? Howurly ýüregiň oduna ýanyp, Indem saklap otyrsyňmy aýaňda sary saman ýaly ýapraklaryňy? Içine sygmadyk derdin üflände Gussa boýadyňmy öz ykbalyňy? Başyňy yraýaň, ýüzüňem az-kem Hälkije bolşuňdan durlanan ýaly. Men dözmedim seniň agyr halyňa, Hatda bedeniňem dyrnalan ýaly... 29.09.2019 ý. Gülnar GELDIMYRADOWA. | |
|
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |