00:51 Gözelligiň syry | |
GÖZELLIGIŇ SYRY
Sport-sagdynlygyň gözbaşy. Bu umumadamzat şygaryna öwrülen, uly-kiçi hemmeleriň belet maglumatyna öwrülse-de, bu jümlä biparh garaýanlar entägem ýok däl. Sport bilen meşgullanmak diýlende, hökman sport zallaryna gidip geçilýän maşklara ýa-da sportsmenleriň hataryna goşulyp at gazanmaga düşünilýär. Sport bilen meşgullanmagy gündelik endige öwrüp, saglygymyzyň aladasyny artykmaç wagt sarp etmezden hem ýola goýup bolar. Mugallymymyzyň öýlerinden işe çenli ýa-da öýlerine barýan awtobusdan bir duralga ir düşüp, pyýada ýöräp gidýändigi telefonyndaky ädimsanaýjysynyň her gün iň azyndan 8000 ädim ätýändigi barada beren gürrüňleri meni uzak pikirlendirdi. Dogrudanam, näme üçin sähel aralyga awtobusa münüp ýa-da agşamlaryna nahardan soň kino tomaşa edip ýatmaga howlugyp ýaşaýarkak?! Sport diňe bir söýgüli hemramyz bolman, eýsem, ruhy lezzetiň çeşmesi, argynlygyňy unutdyrýan ajaýyp melhemdir. Saglygymyzy berkitmek hem goramakdan ötri sport gözelligiň hem gözbaşy. Daşky keşbiň sagdyn hem görklüligi her birimiziň islegimiz. Sport bilen meşgullanýanlaryň ilkinji nobatda artykmaç agramdan halasdygy ilki bilen bellemeli zatlaryň biri. Dürli kesellerden goramak bilen bir hatarda ýüzümiziň argyn görünmeginden keýpsizlikden uzak durmaga hem sportuň täsiri uly. Her günki pyýada edilen ýörişleriň, tigirli gezelençleriň, käteler dost-ýarlar bilen üýşüp oýnalýan futboluň, deň-duşlar bilen guralýan woleýbol ýaryşynyň ynsan ömrüne ýetirýän täsiri söz bilen beýan ederden uludyr. Bu zatlary her kim bilýänem bolsa ýene bir gezek gaýtalap aýtmagyň geregi ýok ýaly bolsa-da bilýänlerimizi ýatlatmak has giňişleýin pikir öwürmek käte käbir adamlaryň durmuşyny düýpgöter özgerdibem bilýär. Gülsenem ÇARWAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |