13:55

Suw meselesi Taliban bilen Orta Aziýa ýurtlarynyñ arasynda urşa sebäp bolarmy?

Категория: Publisistika | Просмотров: 335 | Добавил: Gökböri | Теги: Linn O'donnell | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Taliban hökümeti hiç wagtam uzak durmaz diýip pikir edýän. Yöne bu toplum ýitibem gitmez. Suw meselesinde Merkezi Aziýa döwletleri bu tebigy resursy tygşytly ulanmagyñ tärlerini mazaly öwrenip ele almaly. Başga çärämiz ýok. Aslynda gowaça ekmegi minimum derejesinde peseltmeli. Gowaçanyñ ýerine hindi kenebiniñ medenileşdirilen görnüşini ekmeli. Düzüminde narkotik saklamayan tehniki kenepden iñ gowy mata önümleri öndürip bolýar. Diñe bir mata hem däl, plastik önumleriniñ dürli görnüşlerini hem öndürip senagat pudaklarynda giñden ulanyp bolýar.

0
2 Gökböri  
136
"...geçen iýulda Germaniýa üç şerekete kenep önümçiligine rugsat berdi. "Ýöne" diýip şert goýdy: medisina maksatly satuwa çykarylar...
Kenep diýlende göz öñüñize diñe “neşe serişdesi” gelýär. Ýadyñyza düşýändir:
ALS keseline ünsi çekmek üçin bir döwür adamlar depesine gowa bilen buzly suw döküp, sosial mediýada paýlaşypdy. Jem Özdemirem muny şeýdip, wideoýazgysyny paýlaşdy. Emma ýazgyda balkonyndaky saksı içinde kenep ösdürip ýetişdirýändigi ýüze çykdy! Bu boýunça derñew işi açyldy...
Hakykatda... “Kenep” diýlende, nämüçun diñe neşe serişdesi - marihuana ýada düşýär? Ýogsam bolmasa:
Kenep “cannabaceae” maşgalasyndan bolan ösümlikdir we onuñ üç dürli görnüşi bar:
Cannabis Indica (Конопля индийская), C.Sativa (Конопля посевная), C.Ruderalis (Конопля сорная).
Neşe serişdesi hasap edip boljagy diñe C.Sativa…
Iññän peýdaly görnüşi bolsa C.Indica… Bu kenep diýseñ gowy we saglyga peýdaly iýmit önümi. Onuñ berýän peýdalaryny ýazmaga bu sahypa azlyk eder. (Gyzyklanýanlar "Ýaşyryn saýlananlar" (“Saklı Seçilmişler”) kitabyma seredip bilerler.)

• "VOLKSWAGEN" JEZASY

Plastiki önümleriñ ählisini kenepden öndürip bolýar, özem kendir plastikasynyñ ýene tebigata siñip gitmegi añsat. Kenebiñ tebigata hiç hili zyýany ýok. Meselem, kenepden eidlen kosmetiki önümler suwy hapalanok... Bir gektar ýere ekilen kenep 25 gektarlyk tokaýyñ berýän kislorodyna barabar kislorod işläp çykarýar.
Dokma senagatynda ulanyp bolýar. (Ilkinji jinsi jalbaryñ kenepden edilendigini bilýäñizmi: kanwas!)
Binalaryñ suwagy (теплоизоляция) üçinem ulanyp bolýar: çydamly, arzan we maýyşgak.
Awtoulagyñ süññi kenepden edilse, çydamlylygy polatdan on esse artyk.
Kenep iýip ýören haýwanlar gormon çalşygyna zerurlyk duýanok.
Gürrüñsiz, bioýangyç hökmünde-de ulanyp bolýar. (Bir barlagyñ netijesine görä, Türkiýede ekin meýdanlarynyñ diñe 15%-ne kenep ekilse, ýylda 31,5 million tonna biodizel öndürip bilýäris.)
"Şolar ýaly peýdaly bolsa, bu ösümlikden nämüçin peýdalanyp bolanok" soragyñyzy eşidýän ýaly bolýaryn.
"Rokfeller" ýaly nebitçiler…
"Dupont" ýaly plastiki-petrohimiýa trestleri…
"Andrew Mellon" ýaly alýumin läheñleri…
"Hearst" ýaly medýa hojaýynlary…
Bir çukura tüýkürdiler: ABŞ-da 1937-nji ýylda çykarylan "Marihuana salgydy kanuny" bilen kenep ekmek gadagan edildi. Narkotiki serişdeleriñ önümçiligine garşy býuro (FBNDD) açyldy, býuronyñ başlygy edibem Mellonyñ bajasy bellendi!
Yzyndan ABŞ-nyñ basyşy bilen bütin dünýäde kenep "ölüm howply ösümlik" diýip yglan edildi we ş.m.
Şu güne dolanyp geler bolsak:
Germaniýa kenebe diñe derman senagaty üçin rugsat berdimi? Dowamy gelmez öýdýäñizmi?
Nebit ýangyjynyñ tebigaty zaýalaýandygy, klimat üýtgeşmelerine sebäp bolýandygy gizlin syr däl.
Emma... Ýadyñyza salyñ:
ABŞ-nyñ basyşy bilen nemes awtoulag läheñi "Volkswagen" kompaniýasyna dizel emissiýasy sebäpli taryhy jerime kesildi. Alty milliard dollara golaý!
Dünýä hamana Birinji we Ikinji jahan uruşlarynyñ öñüsyrasyndaky ýaly ýiti bölüşik basdaşlygyna giren ýaly boldy.
Kenebe neşe serişdeleriniñ hatarynda baha bermek nebit artykmaçlygyny elinde ýarag dek saklaýan imperializmiñ basyşydyr.

Soner Ýalçyn / "Neşe serişdesi ýalany"

kitapcy.ru/news/never_serisdesi_yalany/2022-03-12-19827

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Doly ylalaşýan

0
4 sylapberdimuhamov  
1428
Rossiýada 60 müñ gektar ýere ekilipdir şu ýyl

0
5 Ependi  
284
Suw problemasy dörese kyn bolar, olaň özleri üçinem. Garagum derýasy suwdan çekilse, (bolmawersin) ilki bilen ýene şolaň elektronstansiýasyny kesmeli bolar. Çünki, Mary GRES şu wagt Owganystany tok bilen üpjün edip dur. Sylanyşyk ikitaraplaýyn diýilýäni. Olar toksuz oňmajagy köre mälim.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]